Gowy adam

4 Dekabr 2024
197

Türkmen çagalar şahyrlary hakynda gürrüň açylanda ilkinjileriň hatarynda Gurban Çöliýew ýadyňa düşýär. Onuň dürli ýyllarda döreden goşgulary okyjylaryň arasynda gyzyklanma döredipdi. Maňa onuň bilen bile işleşmek miýesser etdi. Ol häsiýeti boýunça giňligi, ýüreginiň arassalygy, sahawatlylygy bilen tapawutlanýardy. Şahyryň Garagum barada, giň sähradyr düzler, daglar hakynda döreden birnäçe goşgulary bar. Şahyryň «Bagt näme?» atly kitabyndaky «Bir gudrat» atly goşgusynda şeýle setirler bar:

Gumdadyr türkmeniň köki, özeni,
Çölüň şemalyna ýuwar ýüzüni.
Çölde biten ak gandymy, sözeni,
Mydam taryp etjek Gurban Çölüdir.

Aýjemal OMAROWA,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.