Teşne ýürekleriň çeşmesi

4 Ýanwar 2021
2533

Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatymyzyň baý taryhy bar. Kalplara gozgalaň salyp, göwünleri joşdurýan ganatly aýdym-sazlar ençeme asyrlaryň dowamynda merdana halkymyzyň köňül syrdaşy, ruhy hemrasy bolupdyr. Türkmen halkynyň milli ýaşaýyş medeniýetine, gadymy ýol-ýörelgelerine ser salanyňda, şirwan perdeden ýaňlanan aýdym-sazlaryň halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigine göz ýetirmek bolýar. Heňňamlaryň syrlaryny özünde jemleýän gadymy ýadygärliklerimiziň şu günlere gelip ýetmeginde halk dessanlarynyň, aýdym-sazlaryň ähmiýetiniň uly bolandygy aýdyň hakykat. Hut şonuň üçinem, halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerini, däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny, ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň kada-kanunlaryny çeper sözüň, ýakymly sazyň üsti bilen beýan edip, halk köpçüligine ýetirmekde türkmen bagşy-sazandalarynyň aýratyn orny bardyr.

Türkmenistan Diýarymyzyň Gündogarda özüniň gadymylygyna, dürli halklaryň ýaşan mekanydygyna dünýäniň ençeme ýurtlarynyň alymlarynyň ýazan işleriniň üsti bilen göz ýetirmek bolýar. Saz öwreniji alym A.Eýhenwald türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary barada: «...bagşylarda jukguldylar, bokurdak sandyratmalar, agyzlaryny ýapyp hüýýüldetmekleri, bogaz gaýnatmalary ýaly usullary ulanyşlaryny nota geçirmekçi bolanymda baş çykaryp bilen däldirin. Sazanda uzak çalynýan simfoniki saza kybapdaş mukamlary dutaryň iki kirşiniň üstünde, sazandanyň kirşe eli degmezden çykarýan owazy, sen kim bolsaň-da, haýrana galdyryp, ýüregiňi awlamagy, dünýäniň hiç bir halkynda-da, şeýle täsir ediji sazlara gabat gelmändim» diýip, türkmen saz medeniýetiniň inçe sungatdygyny nygtap geçýär.

Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.