Innowasion taslamalarda giň gözýetimler

18 Noýabr 2024
294

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda üç günläp dowam eden telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň jemleýji gününde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt — 2024» innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

Bu bäsleşik şu ýyl “Sanly lukmançylyk”, “Emeli aň”, “Akylly” oba hojalyk tehnologiýalary”, “Bilim we elektron okuw”, “Hyzmatlar ulgamy”, “Smart city”, “Robototehnika we awtomatizasiýa” ugurlaryny öz içine alyp, oňa ýurdumyzyň orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň taslamalarynyň 305-si hödürlenildi. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, her ugur boýunça bir birinji, iki ikinji, üç sany hem üçünji orun, jemi 42 sany ýaş oýlap tapyjy ýeňiji diýlip yglan edildi we olara diplomlar, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
“Türkmenistan”.