Joşgunly zähmet

22 Oktýabr 2024
367

Eziz Diýarymyzda daýhanlaryň yhlasly zähmet çekip, bol önüm öndürmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça alyp barýan işleri hem-de onuň oňyn netijeleri aýdyň görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekmegi halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki möwsüminde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň, etrap häkimliginiň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, mehanizatorlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, ekin meýdanlarynda aýdym-sazly dynç alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri ýakynda «Zähmet joşýar pellerde» ady bilen etrapdaky Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ekin meýdanlarynda geçirildi. Bu çärede etrap medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalary aýdym-sazly çykyşlary bilen daýhanlaryň «armasyny» ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda etrapda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamaga işjeň gatnaşýan kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, mehanizatorlaryň birnäçesine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Rozymuhammet ARTYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy.