Jemşidiň jamyna deňelen

3 Iýul 2024
765

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni, ruhy derejesi ösýär we özgerýär. Ata-babalarymyzdan galan edebi-ruhy mirasymyzyň hemmetaraplaýyn öwrenilmegi, halkymyzda uly gyzyklanma döredýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan toýlanylýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanylyp halkara ylmy-amaly maslahatlar, dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Türkmeniň ruhy sütüni Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan setirleri halkyň milli ruhy bilen ýaşaýar. Jemşidiň jamyna deňelen şahyryň sowallaryň ummanyna çelgi bolýan goşgulary bahasyz hazynadyr. Şahyryň her bir setirinde halkyň ykbaly, paýhasy, şahyrana ussatlygyň, yhlasyň belentligi, çuňňur filosofiki pikirler bar. Her setiriň aňyrsyna umman ýaly pikir çuňlugyny siňdiren poeziýanyň bir ýürege, bir akyla sygandygyna haýran galýarsyň. Şahyryň döredijiliginiň diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ruhy medeniýetinde tutýan orny baradaky pikirleri dünýä belli alymlar tarapyndan hem bellenildi.