Horazyň hilesi

5 Iýun 2024
890

Arada goraghanamyza degişli Gabakly meýdançasyndaky tokaýlyklara we Amyderýanyň kenarlaryna möwsümleýin uçup gelen guşlaryň görnüşlerini anyklamak üçin üç günlük iş saparyna gitdim. Derýanyň kenaryna çykmak üçin gür tokaýlygyň içinden geçýän ýodajyk bilen ýöräp barşyma haýwanlary gorkuzmazlyk üçin örän ýuwaşlyk bilen ädimledim. Ýöne şonda-da akganat daşdeşen toraňňynyň guran şahalaryna uçup-gonup, çirkin ses edip, tokaýa kesekiniň girendigini beýlekilere habar berdi. Takmynan, ýigrimi ädim ýöränimden soň, bäş metr çemesi çep tarapymda amyderýa sülgüniniň horazy meni görüp, jok-joklap ses etdi. Men hereket etmän, horaz tarapa seretdim. Horaz duran ýerinde gygyrdy we ganatlaryny pasyrdatdy, ynjalyksyzlandy. Men ýodajyk bilen öz ugruma ýöräp başlan mahalym horaz ýene ses etdi. Horazyň hereketleri adatdakysyndan üýtgeşik görneni üçin ol tarapa ugrumy üýtgetdim we ýöräp başladym. Ol azajyk ýöräp, ganatlaryny ýaýdy we ýere ýapyryldy, aýaklaryny howada hereketlendirdi. Horaz ýaralanandyr öýdüp, kömek bermek üçin ýakynrak bardym. Ol bolsa ýerinden turup, ýene dört-bäş metr çemesi ýöräp, ýene saklandy-da, maňa bakan seretdi. Menem onuň yzyna düşüp gidiberdim. Çöp-çalamlaryň içinde esli ýol geçenimizden soň, horaz pasyrdap uçup, toraňňylyklaryň içinde gaýyp boldy.

Sülgüniň horazynyň bu hereketleri barada pikirlenip, ýodajykdan sowlan ýerime geldim, daş-töweregime ünsli göz aýladym. Siňe seredip, ýodajygyň öňräginde, guran hyşanyň aşagynda mäkiýan sülgüniň oturandygyny gördüm. Mäkiýanyň ýumurtga basyp oturandygyny, horazyň bolsa mäkiýany we höwürtgesini howpdan goramak üçin meni ondan daşlaşdyrandygyna göz ýetirdim.

Ýaňybaý ROZYKULYÝEW,
goraghananyň uly ylmy işgäri.