Türkmen-amerikan işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

11 Dekabr 2023
755

5-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

«Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin şertleri döredýär. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzüminde «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Muhammetnazar MYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.