''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zäh

Täze ylmy çemeleşme

Ýyladyşhanalar üçin buýan substraty önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz parasatly ata-babalarymyz tarapyndan dertlere garşy netijeli ulanylan, şypa beriji dürli melhem otlaryň bize miras galandygyny nygtady. Milli Liderimiz, aýratyn-da, buýan köküniň dermanlyk häsiýetini belläp, häzirki döwürde bu ösümligiň 350-den gowrak derman serişdesiniň düzümine goşulýandygyny aýtdy. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaby gymmatly gollanmadyr.

Ylymly sütün

Täzelikleridir täsinlikleri bilen hemişe haýrana goýýan bir ulgam bar: ylym-bilim. Soňky ýyllarda bu ulgamdaky ösüşdir täzelikleriň tizligine ýetişer ýaly hem däl. Eýsem, siz ylmyň 2020-nji ýylda Ýer togalagyna bagyşlan baýlyklarynyň käbiri bilen tanyşmaga taýýarmy?! * * *

Talyplary ylmy işlere ugrukdyrmak

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda birnäçe kanunlar kabul edilip, şolaryň esasynda ençeme maksatnamalar herekete girizildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem bar. Milli Liderimiz: “Türkmenistanyň döwlet syýasatynda biz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge uly ähmiýet berýäris” diýip, aýratyn nygtaýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim bermegiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bilim ojaklarynyň ählisi kompýuter tehnologiýalary we multimedi enjamlary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklary bilim maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen innowasion-tehnologik gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge täze badalga aldy. Mundan başga-da, ata Watanymyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de, ýurdumyzda her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşige hödür

Şu günki yhlas — ertirki hasyl (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly ýaş alym topragy guş dersinden taýýarlanan organomineral dökün bilen baýlaşdyrmagy teklip edýär Ýaş alym barada maglumat: Kadyr Amanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 4-nji ýyl talyby. Işiniň ady: «Ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşy».

Ylym dünýäsiniň çyragy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda köptaraply ylmy we ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy» diýip, halkymyzyň köpasyrlyk edebi mirasynyň baýlaşmagy üçin uly işleri bitiren şahsyýetlerimize bolan belent hormatyny beýan edýär. Şeýle meşhur şahsyýetleriň hatarynda dünýä ylmynyň taryhyna ebedi adyny ýazan Abu Reýhan Birunydyr.

Süýt ba­ra­da

Ýer ýüzüniň ilatynyň her gün 1,5 million litr, ýylda bolsa 580 million litr süýt sarp edýändikleri halkara bilermenleriň geçiren barlaglary netijesinde ýüze çykaryldy. Düzümi boýunça sygyr süýdi saglyga has peýdalydyr. Onda ynsan bedenine zerur bolan aminokislotalar bilen üpjün edýän üç ýüz esse çylşyrymly belok kazein bar.

Algebranyň atasy

Maglumatlardan aýan bolşy ýaly, alym 12-den gowrak ylmy eserleri döredipdir. Muhammet ibn Musa al-Horezminiň galamyndan çykan işleriň hemmesi musulman Gündogar dininiň we ylmynyň ýörgünli dili saýylan arap dilinde ýazylypdyr. Biz şu ýazgymyzda Türkmenistanyň çäginde, esasan, VIII — IX asyrlarda ýaşap geçen, ensiklopediki ylmyň düýbüni tutan Abu Japar Muhammet ibn Musa al-Horezmi (780 — 850 ý.ý.) hem-de onuň döwürdeşleri hakynda durup geçmekçi. Muhammet ibn Musa al-Horezmi tutuş musulman Gündogarynyň iň ajaýyp, iň beýik alymlarynyň biri saýylmak bilen, takyk ylymlaryň — matematikanyň, astronomiýanyň kemala gelmegine, ösmegine ägirt uly goşant goşdy. Akyldaryň döredijiligi umumadamzat medeniýetiniň we ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Dünýä ylmynyň taryhnamasynda Gündogarda IX asyryň birinji ýarymynyň «al-Horezminiň döwri» diýlip ykrar edilmegi muňa aýdyň subutnamadyr.

Kämil ylym — köpugurly ösüşlere şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy hem-de ýakyn ýardamy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda: «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym — yhlas» diýen ýaly çuň manyly jümleler getirilýär. Bu paýhasly sözler ylmyň jemgyýetdäki möhüm ornundan habar berýär. Durmuşyň ykbal kesgitleýji, aýgytlaýjy meselelerini üstünlikli çözmegiň ýeke-täk ýoly ylymdyr. Şol sebäpli ylym döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmy ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Alymlaryň ylmy-barlaglary alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügini belleýär.

Akylyň açary

Dil — ynsan aragatnaşygynyň iň möhüm serişdesidir. Dil bilmek adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlygy bolup, ol adamyň sözleýiş medeniýetini ösdürýär. Ynsan geplemegiň edebini dil üsti bilen ýerine ýetirýär. Dil bolsa, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ýüregiň we akylyň açarydyr. Türkmen dili gadymy we baý dildir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza peşgeş berlen «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitapda dil barada örän baý many-mazmunly nakyllar bar. Olardan «Dil — ýüregiň açary», «Dil — gylyçdan ýiti», «Dil — akylyň açary», «Dil bar — düzer, dil bar — bozar», «Dil bar bal getirer, dil bar bela getirer» diýen ýaly örän manyly nakyllary mysal getirmek bolar. Bular bolsa halkymyzyň milli etomologik häsiýetlerini açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» hem-de «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» kitaplary dil baýlygyny gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, giň okyjylar köpçüligi üçin örän ähmiýetli gollanmadyr. Dili ýerlikli ulanmak ussatlygy talap edýär. Çeper sözli adamlar elmydama uly hormata mynasyp bolup, olar il agzybirligine, abadançylygyň we asudalygyň pugtalanmagyna goşant goşupdyr. Dile çeper adamlar toý-märekäniň adamy hasap

Fizika boýunça nobel baýragyna mynasyp bolanlar

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda nobatdaky Nobel hepdeligi öz işine başlady. Bu hepdelik üstümizdäki ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolanlary äşgär etmek üçin geçirildi. Şwed himigi Alfred Nobeliň adyny göterýän Nobel baýragy dünýäde iň abraýly halkara baýrakdyr. Ol baýrak fizika, himiýa, lukmançylyk we fiziologiýa, edebiýat hem-de parahatçylyk ugurlary boýunça halkara derejede ýerine ýetirilen has ähmiýetli işler üçin berilýär.