Akylyň açary

4 Ýanwar 2021
4639

Dil — ynsan aragatnaşygynyň iň möhüm serişdesidir. Dil bilmek adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlygy bolup, ol adamyň sözleýiş medeniýetini ösdürýär. Ynsan geplemegiň edebini dil üsti bilen ýerine ýetirýär. Dil bolsa, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ýüregiň we akylyň açarydyr. Türkmen dili gadymy we baý dildir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza peşgeş berlen «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitapda dil barada örän baý many-mazmunly nakyllar bar. Olardan «Dil — ýüregiň açary», «Dil — gylyçdan ýiti», «Dil — akylyň açary», «Dil bar — düzer, dil bar — bozar», «Dil bar bal getirer, dil bar bela getirer» diýen ýaly örän manyly nakyllary mysal getirmek bolar. Bular bolsa halkymyzyň milli etomologik häsiýetlerini açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» hem-de «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» kitaplary dil baýlygyny gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, giň okyjylar köpçüligi üçin örän ähmiýetli gollanmadyr.

Dili ýerlikli ulanmak ussatlygy talap edýär. Çeper sözli adamlar elmydama uly hormata mynasyp bolup, olar il agzybirligine, abadançylygyň we asudalygyň pugtalanmagyna goşant goşupdyr. Dile çeper adamlar toý-märekäniň adamy hasaplanýar. Çeper dil arkaly halkyň milli häsiýetleri açylyp görkezilýär. Türkmen halkynyň çeper söze aýratyn sarpa goýandygyna hem-de sözleýşi sungat derejesine ýetirendigine gadymy eserleriň üsti bilen göz ýetirýäris. Nusgawy şahyrlaryň we söz ussatlarynyň döreden eserleri munuň aýdyň mysalydyr.

Bilbil MYRADOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar