''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ko­reý me­de­ni­ýe­ti

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Ko­reý me­de­ni­ýe­ti bir­nä­çe müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ösüp, dün­ýä­de tä­sin­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan baý we ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­riň bi­ri­dir. Ol asyr­la­ryň do­wa­myn­da öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny, sun­ga­ty­ny we ede­bi­ýa­ty­ny kä­mil­leş­di­rip­dir. Bu me­de­ni­ýe­tiň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny bir­nä­çe ugur­lar­da göz­den ge­çi­re­liň:

Her günümiz ýyllara barabar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ruhy başga, mazmuny üýtgeşik, gymmaty tapawutly. Çünki bu ýyl edilen her bir işde, her bir hereketde, aýdylan sözde beýik şahyrymyzyň paýy bar. Dogrusyny aýtsak, biziň bu ýylymyz 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda iş saparyny amala aşyran, paýtagtymyzyň günortasynda, gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanşan hem şol ýerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryny okap beren pursadyndan başlady diýsek, ýalňyş bolmaz. Her bir işde öňdengörüjilik ukyby bilen geljegi görüp bilýän Gahryman Arkadagymyz şol ýerde, şol pursatda geljek ýylyň adyny, ruhuny, mazmunyny hem belentligini kesgitläp bildi. Gahryman Arkadagymyzyň okap beren şygry şahyra bagyşlanyp, 300 ýylyň dowamynda döredilen ähli eserleriň naýbaşysy, iň ajaýyby boldy. Eser Magtymguly Pyragynyň derejesine laýyk geldi. Çünki Pyragy ýaly belent şahsyýetlere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaly beýik ynsanlar doly we dogry düşünýärler hem d

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Pyragyň huzurynda jem dünýäň akyldarlary,Her biri pähim-paýhas sözüň hyrydarlary.

Söz manysy

Galbir Häzir biz elek diýilse, gözenegi metaldan, gataňsy sintetiki süýümden edilen elekleri göz öňüne getirýäris. Ýöne Magtymgulynyň döwründe elekler gowy işlenen gönden-deriden hem edilipdir. Şonda künji, dary, gonak /dänesi ownujak azyklyk ekin/, un elemek üçin ulanylýan elekler elek, uşakgöz, künji elek, un elek kimin atlandyrylsa, bugdaý, arpa, jöwen, mäş eleýän elekler galbir ýa-da irigöz ýaly atlandyrylypdyr. Galbirler deriden, özem oda gyzdyrylan demir çiş bilen deşilip ýasalypdyr. Magtymguly atamyz, «Galbirde suw durmaz gözemek bilen» diýýän wagty gözi iri şol elegi göz öňünde tutýar.

Meniň çeken suratym — başlangyjy sungatyň

Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşik ýurdumyzyň ýaş suratkeşleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemledi. Hany, elimize dürli reňkli galamlary alyp, ak kagyzyň ýüzüne surat çekmäge başlalyň! Bu gezek ýönekeý bir adaty şekilleri däl-de, janly şekilleri janlandyrmaga çalşalyň! Belki-de, ol şekiller siziň ýeňiji bolmagyňyza, has dogrusy, ähli surat eserlerinden saýlanylyp alynmagyna getirer. Ynanaňyzokmy?! Onda synanyşyp göräýiň! Biler bolsaňyz, surat çekmek boýunça ýaş nesilleriň arasynda yglan edilen bäsleşige gatnaşyp, eýýäm bu ugurda öňe saýlanan zehinli jigilerimiziň bardygyny aýtsak, siz has-da haýran galarsyňyz! Haýran galmazça-da däl. Sebäbi olar eýýäm bäsleşigiň saýlama tapgyrlaryndan öňe saýlanyp, öz çeken suratlary bilen iň ýokary baha mynasyp bolmagy başardylar.

Çuwal bagşyny ýatlap...

Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň doglan gününiň 135 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada halypa bagşynyň şägirtleri çykyş edip, Çuwal bagşynyň milli aýdym-saz sungatymyza goşan goşandy, ýerine ýetirijilik ussatlygy hakynda täsirli söhbet etdiler. Soňra onuň aýdan aýdymlaryny özboluşly ýerine ýetirip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar. Bu ýerde Sapyş Çerkezow adyndaky geňeşligiň Taryh muzeýiniň, Magtymguly Garlyýewiň öý-muzeýiniň, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklaryň sergisi hem guraldy.

Täze spektakllar

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory G.Hallowow dramaturg G.Daňatarowyň «Maşgalam — baş galam» atly pýesasy esasynda spektakly sahnalaşdyrdy. Maşgala gymmatlyklary hakynda sahna dili arkaly gürrüň berýän spektaklda teatryň belli artistleri keşpleri ynandyryjy janlandyrdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndan ruhlanyp, teatryň döredijilik topary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk ýyllary barada gürrüň berýän «Ajap eýýam» atly täze spektakly hem taýýarladylar. Teatryň artisti H.Batyrowyň edebi esasyny ýazan hem-de režissýorlyk eden spektaklynda dana Pyragynyň talyplyk döwri başdan geçirýän ruhy ahwallary çeper keşpler arkaly täsirli açylyp görkezilýär.

Zehin zehinden zyýada

12-nji iýun — Ylymlar gününde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Biz hem ýeňiji bolan ýaşlara söz berýäris. Guwançmyrat AMANGELDIÝEW,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy:

Üstünligiň çakylygy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz aladalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýän Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mertebesi Arşa göterilýär. Bu şanly sene mynasybetli söz ussadymyza bagyşlanan täze röwüşde sahna eserleridir çeper filmler döredilýär. Şolaryň biri-de Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Istärin» atly çeper filmdir. Biziň söhbetdeşimiz hem bu filmde Magtymguly Pyragynyň ýaşlykdaky keşbini janlandyran Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Mekan Kurdow.

Inçe sungatyň ägirdi

Islendik halkyň medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösüşi belli-belli şahsyýetleriň atlary bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen aýdym-saz sungaty barada gürrüň açylanda, Mahmyt Aryk, Peýda tüýdükçi, Annaguly Sary, Agajan tüýdükçi, Soltan tüýdükçi, Ýazmuhammet Köse ýaly ussat tüýdükçileriň atlary hem ýatlanylýar. Ajaýyp sazlary bilen halkymyzyň kalbynda orun alan ussatlaryň biri-de tüýdükçi Baky Maşakowdyr. Ýodalar ýola goşulyp, sungat dowam edýär. Gargy tüýdügiň agrasdan gelen mylaýym, süýji owazy bilen ýyllaryň dowamynda türkmen sährasynyň görküne görk goşup gelen halypa sazanda Ýazmuhammet Köse-de pederleriň ýoluna ygrarlydygyny subut edip, geljekde adyny türkmen saz sungatynyň taryhyna hemişelik ýazjak şägirdini Baky Maşakowy ýetişdirýär.

Koreý toý dessurlary

Koreý milli toý dessurlary XIV asyrda — Çoson eýýamynda durmuşa ornaşdyrylan düzgünlerden gözbaş alýar. Ol döwürler durmuşyň ähli ulgamlary kanun tarapyndan düzgünleşdirilipdir. Gudaçylyk dessurynyň — çençi dabarasynyň geçiriljek güni sawçylyga, adatça oglanyň kakasy, daýylary dürli naz-nygmatlary, gymmatbaha sowgatlary alyp barýarlar. Çençi dabarasynda sähet alynýar, toýa geljek myhmanlaryň sany, çykdajy meseleleri maslahatlaşylýar. Toýuň başlangyjy saýylýan bu dabaradan soň ýaşlar är-aýal hasaplanylýar. Muňa garamazdan, öňler taýýarlygy bir ýyla golaý dowam edip bilýän nika toýuna çenli ýaşlar birek-biregi görmändirler.

Ýaş nesliň kämilligi täze ösüşlere badalga

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly üstünliklere beslenýär. Bu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bütin dünýäde uludan bellenilýär. Halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem täze-täze sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet derejesine ýetirildi. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesiller we nesil terbiýesi, olaryň sazlaşykly ösüşi hem-de saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, şeýle hem saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, olaryň yzygiderli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary

Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligine barýar

Türkmenistan Watanymyzda ýylyň ýylyna giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen baglanyşykly medeniýet hepdeligi örän uly ähmiýete eýedir. Halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesini we medeni gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýan bu baýramçylygyň 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde geçirilmegi bolsa, kalbymyzda aýratyn buýsanç duýgusyny, belent ylham-joşguny döretdi.

Medeniýet toplumynyň binasy

Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumynyň binasy şäher häkimliginiň çep ganatynda ýerleşýär. Bäş gatdan ybarat bolan binanyň birinji gatynda «Arkadag» teleýaýlymy, ikinji gatynda «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy, üçünji gatynda Arkadag şäheriniň Bilim müdirligi, dördünji we bäşinji gatlarynda bolsa Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi ýerleşýär. Binanyň iş otaglary netijeli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri özünde jemleýär.Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döredijilik toparlaryny we birleşiklerini goldamak, kämilleşdirmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň medeni-taryhy mirasyny goramak we kämilleşdirmek, ilatyň medeniýetli dynç alşyny guramak we medeni derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet ähmiýetli işleriniň aýdyň beýanydyr.

Medeniýet hepdeligine

Çuwal bagşy barada Aýtmaklaryna görä, Çuwal bagşy halk arasynda meşhurlyk gazanan döwürlerinde ony idäp gelýänleriň yzy üzülmeýän eken. Onuň öýüne hepdeläp, hatda bir aýlap gelmeýän wagtlaram seýrek bolmandyr. Onuň aýdym-sazyna, dessan aýdyşyna halk mynasyp baha beripdir. Toýlarda bagşa pul tutmak, mal bermek däbe öwrülipdir. Şol ýagdaýlarda her adam öz mümkinçiligine görä, pul, goýun-geçi, bugdaý, don ýaly baýraklar eçilipdir. Käbir toýlarda bagşa gaty köp mukdarda pul, däne düşýän ekeni. Şeýle halatda bagşy toýda düşen zatlary öz obasynyň adamlaryna bagyşlaýan eken. Bir toýdan çykyp, beýleki bir toýa gitmeli bolanda, Çuwal bagşy toýda düşen zatlary, köplenç, şol obanyň, güzerany pes hojalyklaryna paýlap gaýdýan eken. Bir gezek Ýylanlynyň (häzirki Akdepe etraby) çeträkde ýerleşýän obalarynyň birinde bir barly adam uludan toý tutupdyr. Toýuň bagşysy hem Çuwal bagşy ekeni. Uludan tutulan toýa Daşoguzyň ähli künjeginden, Ahal, Mary illerinden hem myhmanlar gelipdir. Şonda Magtymguly Garly ilki tirme aýdymlary aýdypdyr. Soňra «Görogly» şadessanyndan dessan aýdypdyr. Gün batyberende başlanan aýdym-sazyň sesi daň atyp, jahan ýagtylyp başlaýança dowam edipdir. Şol toýda bagşa gaty köp baýrak eçilipdirler. Iň geň galdyrýan ýeri, şol oba

Tomaşaly toýlaryň buşlukçysy

Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz böleginiň biri kakylyp çalynýan saz gurallarydyr. Olar öz taryhyny örän irki döwürlerden alyp gaýtmak bilen, adamzat tarapyndan döredilen ilkinji saz gurallarynyň biridir. Milli aýdym-saz gurallarynyň iň naýbaşysy deprek hasaplanylýar. Deprek ähli ýerde özüniň belent depginli we joşgunly sesi bilen toýlaryň şowhunyny artdyrýar. Ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerinde hem ýaş nesle deprek çalmak öwredilýär. Ýaş deprekçilerden düzülen toparlar bolsa ýurdumyzyň toýdur baýramlaryny döredijilikli çykyşlary bilen bezeýärler. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň «Joşgun» deprekçiler topary hem ýakymly owazlary bilen baýramçylyk çäreleriniň täsirini has-da artdyrýar. 2007-nji ýylda döredilen topara mekdebiň deprek hünäriniň mugallymy Narmämmet Kazakow ýolbaşçylyk edýär. Ol bu kärde indi 25 ýyla golaý wagt bäri zähmet çekip gelýär. N.Kazakowyň ýolbaşçylyk edýän deprekçiler topary 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Goşa taryň owazyndan bagşylar joşa geldi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen bagşy-sazandalar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine söz berýäris

Nurberdi Gulow, welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy:

Medeniýet halkyň kalbydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda goşalanyp bellenýän seneleriň biri-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Her ýylyň 27-nji iýunynda giňden dabaralandyrylýan bu ajaýyp senä gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, üstümizdäki şanly ýylda Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçiriler. Hormatly Prezidentimiz 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisiniň barşynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap Arkadag şäherinde boljak Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmek, şol döwürde beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere aýratyn ähmiýet bermek bilen bagly aýdanlary ählimizde guwanç-buýsanç duýgularyny döretdi. Elbetde, bu zatlar milli medeniýetimize, sungatymyza berilýän ünsüň, beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek babatynda edilýän aladalaryň özboluşly dabaralanmasydyr.

Kämilligiň şahyry

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi kämil pikir-garaýyşlarynyň, edebi mirasynyň, gymmatly pelsepeleriniň adamzat gymmatlygyna öwrülip, nesilden-nesle, dilden-dile geçip, müdimi ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän ýyly bolan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň öz şahyryna belent sarpasyndan, hormatyndan nyşandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda akyldar şahyryň döredijiliginiň nesiller üçin gymmaty teswirlenip, şygyrlaryndaky çuňňur pelsepewi garaýyşlar, durmuşyň many-mazmuny baradaky pikirleri hakda söz açylýar. Şahyryň edebi mirasy umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant hökmünde ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi şahyryň döredijiliginiň umumadazat gymmatlygy hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bütin barlyga, tutuş adamzada söýgä, ynsanperwerlige, halal durmuşa çagyryş bolup ýaňlanýar.