''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Şa serpaýynyň eýeleri

Tahyr HOJAÝEW,Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň halkara habarlar merkeziniň baş redaktory:

Ýaponiýada ýaňlanan owazlar

Golaýda Ýaponiýanyň Tokio we Sukuba şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan medeni çäreler ýapon halkyny türkmen medeniýeti, edebiýaty, sungaty bilen tanyşdyrmakda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, dostana gatnaşyklary jebisleşdirmek ugrunda alyp barýan daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişine goşant goşmakda ähmiýetli wakalara baý boldy. Medeni çäreleriň ýapon paýtagtynda ýerleşýän «Okura Tokyo» myhmanhanasynyň «Orçard» konsert merkezinde geçirilen açylyş dabarasyna, sergä we konserte ýurduň Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriň hem-de beýleki edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň Ýaponiýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, bu ýerde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Munuň özi milli gymmatlyklarymyzyň ýokary kämillik derejesiniň dünýädäki ykrary bolmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň medeni diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. Ýaponiýanyň Medeniýet işleri boýunça agentliginiň baş direktory Hirohira Nakahara, «Min-On» konsertler assosiasiýasynyň prezidenti Koji Ýamaguçi bilen geçirilen duşuşyklarda ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan syýasy g

Egsilmez hazyna

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, akyldarlarymyzyň we şahyrlarymyzyň edebi döredijiligini ylmy taýdan öwrenmeklige we wagyz etmeklige aýratyn ähmiýet berýärler. Ynha, bu gün hem ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giň dabaralar bilen bellenilýär. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, aýratyn hem, ýaşlar üçin egsilmez hazyna bolup durýar. Dünýäniň ylmy-medeni ösüşine mynasyp goşant goşan beýik türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijiligine bagyşlanyp halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, olaryň ylmy we edebi mirasy halka ýetirilýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe meşhur türkmen alymlary, şahyrlary Mahmyt Kaşgarla, Mahmyt Zamahşara, Abusagyt Abylhaýra, Nejmeddin Kubra, Muhammet Gaýmaz Türkmene, Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçirilen Halkara ylmy maslahatlar hem aýdyň subutnamadyr.

Döwrümiziň galkynyşy ylham joşgunynda

Şu günler ýurdumyzda eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli geçirilip gelinýän Medeniýet hepdeligi uly ruhubelentlige beslenýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, hepdelige welaýatymyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri hem gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hepdeligi ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri kabul etdi. Munuň özi şu gezekki hepdeligiň esasy aýratynlygy hökmünde öňe çykýar. Täze şäheriň döwrebap medeni ojaklarynda geçirilen dabaralara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy aýratyn öwüşgin çaýdy.

Pyragynyň toýy

Pederleriň arzuwyna gowuşyp,Pyragynyň toýun toýlaýas bu gün.Döwre gurap, aýdym aýdyp, degişip,Pyragynyň toýun toýlaýas bu gün. Ýodalary sepläp nurana ýola,Ýetirip goşgulaň ajap ykbala,At-abraý eçilip bagtyýar ile,Pyragynyň toýun toýlaýas bu gün.

Seždegähimiz Pyragy

Bitiren uly işleri iline-gününe, Watanyna, has giň manyda bolsa tutuş adamzada bimöçber peýda getiren şahsyýetleriň birnäçesiniň keremli türkmen topragynda ýaşap, döredip geçendigi örän buýsandyryjydyr. Şeýle ägirtleriň biri-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. XVIII asyr türkmen halkynyň bagt ýyldyzynyň dogan asyrlarynyň biridir. Belli söz ussady Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda dünýä inip, atasyndan edep-terbiýe alan geljekki beýik söz ussady beýleki okuw mekdepleri bilen birlikde şol döwürde meşhur ylym-bilim ojagy bolan gadymy Hywadaky Şirgazy han medresesinde ylmyň çuňluklaryna aralaşýar. Käbesiniň aradan çykandygy zerarly Gerkez iline dolanmaly bolan şahyr bu bilim ojagyna hoşallygyny ajaýyp goşgy setirlerinde şeýle beýan edýär:

Döwrüň belentligine göterilýän sarpa

Medeniýet meselesi Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany bolup işlän ýyllarynda aýratyn üns beren meseleleriniň biri boldy. Hut şeýle bolansoň şol ýyllarda biz medeniýet ulgamynda uly ösüşleri gazandyk, milli we medeni gymmatlyklarymyzy täzeden dikeltdik. Ata-baba dowam edip gelýän halypa-şägirtlik dessury ýörelgelerimiz hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen baý many-mazmuna eýe boldy. Halypalara hormat goýmak däbi — ata-babalarymyzyň sarpalanylan gymmatlyklarynyň biri. Gahryman Arkadagymyz hem bu däbe berk eýermek bilen, halypa-şägirtlik ýörelgesine täzeçe badalga berdi.

Beýik ýeňişleriň owazasy

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek baradaky ylmy taýdan esaslandyrylan beýik taglymatyny ynamly durmuşa ornaşdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň merdana halkymyz bilen amala aşyrýan beýik işleri ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösüşlerini üpjün edýär. Beýleki pudaklar bilen birlikde halkymyzyň ruhy dünýäsini kesgitleýän medeniýet ulgamy hem berkarar Diýarymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Biz muny milli mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we nesillere ýetirmek, köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan köpugurly medeniýetimizi-sungatymyzy we edebiýatymyzy ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan tutumly işlerde, döredilen giň şertlerde görýäris.

Merdana pederlerimiziň mirasy

Medeniýet — milletiň ruhy sütüni, mizemezliginiň kepili. Ynsan ömrüniň dowamynda arkama-arka geçýän miras — bu medeniýetdir! Hut şonuň üçin ol sarpalanýar, goralýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça oňyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik, amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlardaky meseleleri düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalary hem şaýatlyk edýär.

Şowhuny artýan şanly baýram

Medeniýet — bu asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan gymmatlykdyr. Medeniýet — halkyň ruhy baýlygydyr we dost-doganlygyň sakasydyr. Şeýle nukdaýnazardan ugur alýan dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyz Türkmenistanda medeniýet ulgamyna aýratyn uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy ugrunda ägirt uly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hepdeligiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Seýdi köçesiniň ugrunda gurlan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabara medeniýetimiziň kämilleşmegi ugrunda ýadawsyz zähmet çekýän medeniýet we sungat ussatlaryna biziň ýurdumyzda goýulýan sarpanyň näderejede belentdigini şöhlelendirdi. Ýeri gelende bellesek, ençeme ýyldan bäri ýurdumyzda Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans topary hereket edýär. Bu topar diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem millilige ýugrulan aýdym-sazlary, folklor çykyşlary bilen giňden tanalýar. Milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşýan

Sungat baýramyndan ýaýraýan ýalkym

Toýdur baýram bir gowulygyň alamaty. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşaýan islendik halk bagtyýarlykdan ýaňa toý toýlamaga höwesekdir. Ýylyň-ýylyna geçirilýän nobatdaky Medeniýet hepdeligi hem nowjuwan Arkadag şäherinde turuwbaşdan ykbalyny sungat ýoluna bagyşlan döredijilik işgärlerini bir supranyň başyna jemledi. 22-nji iýunda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyşynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň buýsançly sözlerinden kalplary joşa gelen ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri yzysüre özleriniň baýramçylyk konsertine başladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzyň goýnunda ýaşaýan türkmen halky üçin durmuşa geçirýän beýik tutumlarynyň waspy, ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda belentden ýaňlandy. Hususan-da, pederlerimizden bize miras galan milli däp-dessurlarymyz sahna çykyşlarynda ýaýbaňlandyryldy. Megerem, halkymyzyň: «Toýuň toý şekilli bolsun!» diýen aýtgysy, ýönelige aýdylan däl bolsa gerek. Esasan, hepdeligiň dowamynda muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty we amaly-haşam sungatynyň sergisi, ýurdumyzyň şahyrlarynyň şygryýet agşamy, žurnalistleriň we döredijilik işgä

Serhetçiniň suratkeş gyzy

Dünýäde şeýle bir kespler bolýar welin, sen hünäri däl, hünäriň özi seni saýlaýar. Jennet Annamedowanyňky hem şeýle boldy. Serhetçiniň perzendi bolany üçin mukaddes araçägimiziň gözelliklerinden gözleri ganyp ulalan gyzjagaz sungatyň ýazylmadyk kitabyny has ir okady, dersinem mugallymy bilen birlikde, tebigatyň özi bilen özleşdirdi. Mukaddes Watanymyzyň gözbaş alýan ýerleri bolan dost-doganlyk araçäklerimiziň tebigy we taryhy ýadygärliklerini synlap, ol ýeriň baý haýwanat dünýäsini çaga ýüreginde ezizläp gezýän gyzjagaz öz-özüňi, il-ýurduňy söýmegiň hem, ilki bilen, ajaýyp tebigatymyza düşünmekden, ony söýmekden we gorap saklamakdan başlanýandygyna ynandy. Bir gezegem heniz mekdebiň gapysyndan barmanka gojaman daglara bahary buşlap gelen kebelekleriň gülleriň daşyndan perwaz urşuna öýkünip ylgaşlap barşyna ejesine şol gülleridir kebelejikleri serhet galadaky öýlerine alyp gitmegi teklip edipdi. Şonda mähriban käbesi Arzygül gelneje olaryň öýüniň tebigat gözelliklerine meňzeýändigini, eger-de Jennet islese ol suratlary öz otagyndan asyp goýsa boljakdygyny aýdanda gyzjagaz şeýle bir begenipdi. Hut şol günden soň hem eljagazyna alan reňkli galamlarydyr akja kagyzjygyny ähli zatdan eý gören gyzjagaz okuwçy bolandan soň hem wagt tapyndygy suratyna gümra bolardy. Gyz

Söz ussadynyň sarpasy

Şanly toýuň joşguny

Ýokary depginde ösýän berkarar Watanymyzda medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenmegi hem munuň şeýlediginiň subutnamasydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baý many-mazmunly çärelere utgaşmagy ildeşlerimiziň ýüreklerini heýjana getirýär. Şu günler ajaýyp senäniň çäginde Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeliginiň ýaýbaňlandyrylmagy has-da guwandyryjydyr. Milli medeniýetimiziň özboluşly aýratynlygyny alamatlandyrýan bu çäre baýramçylyk dabaralarynyň many-mazmunyny baýlaşdyrýar.

Medeniýet hepdeliginiň dabaralary

Toýhanaly ýurdum toýa ulaşýar, Bagtyň mukamyna köňüller joşýar

Ruhubelentlige beslenýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenilýän toý-baýramlar halkymyza uly ruhubelentlik paýlaýar. Şeýle asuda, parahat, ösüşli ýurdumyzda türkmeniň toýlary goşa-goşadan gelýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu goşa baýram halkymyzyň, aýratynam, medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleriniň ruhuny belende göterýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar ak bagtyň şäheri hasaplanylýan Arkadag şäherine myhman bolup, toý sowgatlary bilen baýramçylyk dabaralaryna joşgun paýlaýarlar. Her ýylda däp bolşy ýaly, bu gezekki Medeniýet hepdeligi hem döredijilik işgärlerine tejribe we pikir alyşmaga, halypa-şägirtlik ýoluny hem-de birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge uly itergi berer.

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni

Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän «Pähim- -paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilmegi taryhy ýylyň buýsançly seneleriniň birine öwrüldi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylyp geçirilýän baýramçylyk dabaralary welaýatymyzda hem uly ruhubelentlige beslenýär.

Milletiň döredijilik kuwwaty

Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda medeni mirasymyzy ylmy jähetden öwrenmek, sungatymyzy dünýä ýaýmak üçin uly aladalar edilýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gelýän milli medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýulmagy medeniýet we sungat işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Türkmen tans sungaty hem öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. “Küştdepdi” tansyny alyp görenimizde, ol geçmişden geljege uzaýan sungatdyr. Häzirki taryhy döwürde bu sungat täze röwüşde dowam etdirilip, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi milli tans sungatymyzyň giňden tanalýandygyny subut etmek bilen, agzybir halkymyzyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Äleme şugla saçýar medeniýetim, sungatym

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň  hem-de Magtymguly Pyragynyň şygrýet güni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn buýsanç bilen nygtaýşy ýaly, türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Diýmek, milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetiniň ösüşindäki mynasyp orny nusgalykdyr. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň şeýle wajyp orny göz öňünde tutulyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmekde, gorap saklamakda hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmekde durmuşa geçiren beýik işleri, badalga beren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynda üstünliklere beslenýän ilhalar tutumlaryň berk binýadydyr. Döwlet derejesinde edilýän şeýle giň gerimli aladalaryň netijesinde, halkymyzyň şöhratly geçmişini, medeni ösüşini özünde jemleýän Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda

Arkadag şäheri toýa beslenýär

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly çäreleriniň biri-birine ulaşýan günlerinde sebitdäki ilkinji «akylly» şäherde — Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Täze şäherde ilkinji sapar geçirilýän bu ajaýyp sungat baýramyna gatnaşmak bagty miýesser eden bagtyýar raýatlaryň biri hökmünde hepdeligiň çäginde guralýan çärelere şaýat bolanyňda, parahat ýurdumyzyň, agzybir halkymyzyň abraý-mertebesiniň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä ýaýylýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtamak isleýärin.