Merdana pederlerimiziň mirasy

26 Iýun 2024
57

Medeniýet — milletiň ruhy sütüni, mizemezliginiň kepili. Ynsan ömrüniň dowamynda arkama-arka geçýän miras — bu medeniýetdir! Hut şonuň üçin ol sarpalanýar, goralýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça oňyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik, amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlardaky meseleleri düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalary hem şaýatlyk edýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar