''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Sazlaşykly ösüşler — ykdysady kuwwatyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda wise-premýerler gezekli-gezegine aýry-aýry pudaklarda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Dört aýyň makroykdysady görkezijileri hakynda berlen hasabatda jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygy aýdyldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, g

Elektroenergetika – wajyp ugur

Elektroenergetika milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan wezipeleri, şol sanda halk hojalyk toplumyny güýçli depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna möhüm orun berilýär. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barlyp, uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar guruldy we täzelenildi. Bu işler ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin amatly şertleri döredýär.

Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär

15-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Sergiler zalynyň giň meýdançasynda şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döredijilik toparlary sergä gatnaşyjylary we myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylaýarlar. Açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Gurýan döwlet gurplydyr

Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde uly özgertmeler bolup geçýär. Oýlanyşykly düzülen maksatnamalaýyn ykdysady strategiýanyň esasynda uly işler durmuşa geçirilýär. Sement zawody şolaryň birisi. Ol türkmeniň gurujylyk sungatynyň belentligini görkezýär. Köýtendag etraby gurluşyk önümlerini öndürmek üçin çig malyň baý mekany hasaplanylýar. Sement zawody üçin ol tüýs laýyk ýer boldy. Zawod iki tapgyrda guruldy. Bu desga innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygynyň anyk mysalydyr. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysaly bolýan bolsa, Köýtendag etrabyndaky sement zawody şol özgertmeleriň, iň zerur bolan desgalaryň gurluşyklarynyň ýüregine, hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.

Gurluşyk işlerine mynasyp goşant

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Öňden hereket edýän senagat kärhanalary düýpli abatlanylyp, olaryň önümçiligine täze, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynda-da daşary ýurtlardan eksport edilýän gurluşyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň öndürilmegine getirýär.

Ösüşleriň aýdyň beýany

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Ir bilen edaranyň öňündäki meýdançada guralan açylyş dabarasyna ýurdumyzyň bu ugra degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýerli önümçilik kärhanalaryny döretmek we kämilleşdirmek işleriniň yzygiderli alnyp barylmagy netijesinde bu ugurda uly öňegidişlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamakda, halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply ýerli önümleri öndürmekde, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly azyk önümçiligi senagatyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän maksatnamalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ýokary tizlik bilen ösýän häzirki zamanasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, azyk senagatynda hem döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Aýratyn hem, soňky ý

Senagat pudagymyzyň ösüşli menzilleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimizden ugur alnyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler esasynda baý ýerli çig mal gorlarynyň binýadynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän görnüşleri we möçberi yzygiderli artdyrylýar. Möhüm senagat desgalaryny gurmaga işjeň gatnaşýan hususy telekeçileriň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertler döredilýär. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy, döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdy

Täsin kölüň baýlyklary

Täze eýýamyň taryhy tutumlary Berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde giň gerimli özgertmeler täze taryhy eýýamda belent sepgitleri nazarlaýar. Uglewodorod hem-de himiýa çig mal serişdeleriniň baý gorlaryny özünde jemleýän welaýatymyzda ykdysadyýetiň senagat pudagyny ösdürmekde üstünliklere beslenýän taryhy tutumlar muny aýdyň görkezýär. Şunda himiýa senagaty geljegi uly pudaklaryň biri bolup durýar. Ýokary derejede minerallaşan ýerasty senagat suwlarynda ýoddur bromdan başga-da, litiý, bor, stronsiý, rubidiý ýaly gymmatly we seýrek duş gelýän  elementler bar. Önümçiligiň dürli ugurlarynda, aýratyn hem okgunly ösýän elektronikada, radiotehnikada, kosmos tehnikasynda ulanylyşynyň durnukly artmagy olaryň ýerasty suwlardan alynýan möçberlerini köpeltmek zerurlygyny orta çykarýar.

HALKARA SERGI

Şu gün, 15-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Halkara sergisiniň esasy maksady azyk önümçiligine täze döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, azyk howpsuzlygyny gazanmakdan, ilaty azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmekden, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny döretmekden ybaratdyr.

Täze sepgitleriň başlangyjy

Arzuw-maksatlaryň, mümkinçilikleriň hem-de ösüşleriň bir-biri bilen sazlaşyp, berkarar bolmagy halkyň, döwletiň geljek ýolunyň rowaçlyklaryny hasyl edýär. Prezident Maksatnamasynda ýurdumyzyň esasy ugurlarynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan maksatlar berk binýatlara daýanmak bilen, ösüşleriň yzygiderli dowam etdirilmegini nazarlaýar. Halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, ýurdy innowasion ýol bilen ösdürmek wezipeleri bolsa, ösüş maksatnamalarynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri bu pudagy gurluşyk materiallary bilen bökdençsiz üpjün etmegi şertlendirýär, dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmäge itergi berýär. Gurluşygyň depginlerini güýçlendirmek, ýurdumyzda bäsleşige ukyply gurluşyk toplumyny emele getirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda ony gurluşyk materiallaryny ösdürmek arkaly pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ine, munuň aýdyň mysalyny baharyň ajaýyp maý günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşy hem dabaralandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň täze, döwrebap önümçiligiň ulanmaga beril

Önümleriň mukdary artdyrylýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmen dermansenagat» birleşiginiň Bereket etrabynda ýerleşýän Ýod önümçiligi kärhanasynda derman serişdeleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilip, halka ýetirilýär. Önümçilik kärhanasynyň önümleri hil taýdan tapawutlanýar. Bu önümçilik kärhanasynda 5 sany bölüm hereket edýär we önümçilik sehlerinde derman serişdeleri öndürilýär. Ýodly galamlaryň, powidonyň, ýodly taýajyklaryň, lukmançylyk pamyklarynyň, diş tamponynyň, awtoulaglar üçin ilkinji lukmançylyk gutularynyň we beýleki serişdeleriň dürli görnüşleri önümçilige goýberilýär.

Ösüşlere beslenýän eziz Diýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatynda berkarar Watanymyzy gülläp ösýän ýurda öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ösdürmek baş maksat bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan beýik işleri netijesinde agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň hal-ýagdaýy has-da gowulanyp, berkarar Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhraty täze belentliklere göterilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerini naýbaşy orunda goýýan ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Ýakynda Ahal welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgasy açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkdigini, beýik ösüşleriň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar we gurluşyk senagatynyň yzygiderli ösdürilýändigini beýan edýär.

Aziýa — Ýewropa ugry boýunça ýük ýollamagyň nyrhlary peselmegini dowam etdirýär

Konteýnerleri Aziýadan esasy sarp ediş bazarlaryna ýollamak üçin nyrhlar peselmegini dowam etdirýär. 13 — 17-nji senenama hepdelerinden (mart aýynyň ahyryndan) Ýewropa üçin nyrhlar takmynan 7% düşen bolsa, Demirgazyk Amerika üçin bahalar ondan hem pese gaçdy: Ýuwaş ummanyň kenar portlary boýunça 11%, Atlantik üçin 17% azaldy. Şanhaý — Demirgazyk Ýewropa portlary ugry boýunça «Drewry WCI» indeksiniň bahasy her FEU üçin psihologiki bellikden — 3 müň amerikan dollaryndan aşak düşdi. Şanhaý — Los-Anjeles boýunça 3,5 müňden, Şanhaý — Nýu-Ýork ugrunda 4,5 müňden aşakda boldy.

Ýüplükleriň önümçiligi artýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrüň ösen talaplaryna laýyk işler amala aşyrylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy dürli ölçeglerdäki ýüplükleri düwünsiz we ýokary hil derejesinde öndürmäge giň mümkinçilik berýär. Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan dürli ölçegli nah ýüplükler diňe bir içerki bazaryň däl, Türkiýäniň, Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem islegli harytlary bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda toplumda 1 müň 500 tonna ýüplük öndürilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şeýle hem bu görkeziji, geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, şu islegli önümiň 20 tonnasynyň artyk taýýarlanandygyny aňladýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşylamak maksat edinilýän kärhanada geçen dört aýda sarp edijilere iberilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberiniň 23 million manatlyga golaýlamagy aýratyn bellärliklidir. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,5 million manatlyk köpdür. Deňeşdirilýän döwürde kärhana boýunça 560 tonnadan gowrak ýüplügiň içerki we d

Nepisden gözel halylar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň agzybir işgärleriniň çekýän yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigine bu ýerde üstümizdäki şanly ýylyň geçen dört aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär. Has anygy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda gürrüňi edilýän kärhananyň bäş barmagyndan dür dökülýän halyçy gelin-gyzlarynyň tutanýerli zähmeti bilen, 1 million 995 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 110,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri 883 inedördül metrden gowrak haly dokamagyň hötdesinden gelen çeper elli halyçylaryň şu günlerdäki iş depginleri has-da ýokary. Olar beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendirilen nepisden owadan portret halylaryny dokamak işini yhlasly alyp barmak bilen, degişli sargytlary wagtynda, ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan şanly ýylda bu halylar törleriň bezegine öwrüler.

Nebiti gaýtadan işleýjileriň üstünligi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda üstümizdäki ýyly üstünliklere beslemek, çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli nebit önümlerini öndürmek ugrunda gaýratly zähmet çekilýär. Agzybir we başarjaň nebiti gaýtadan işleýjileriň birleşen tagallalarynyň ýerine düşýändigine bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üç aýynyň görkezijilerine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kuwwatly senagat kärhanasynyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň özleriniň işine berýän gündelik üns-aladasyny ýakyndan duýýandyklaryny kanagatlanma bilen belleýärler. Kabul edilýän möhüm çözgütler, berilýän goldaw-hemaýatlar bolsa, ilkinji nobatda, kärhananyň önümçilik-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, desgalaryň çig mallar bilen üpjünçiligini hem-de işgärleriň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly köptaraply meseleleri öz içine alýar. Bulardan başga-da, kärhananyň işini dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen zerur guramaçylyk çäreleri hem amala aşyrylýar. Şeýle tagallalaryň ahyrky maksady ýokary hilli, bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň öndürilişini artdyrmak bolup durýar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy dört aýda 2,5 milliard amerikan dollaryndan geçdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 2 milliard 598 million 884 ameri­kan dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp, business.com.tm habarlar saýty habar berýär. Diňe şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 818 million 207 müň amerikan dollaryna barabar boldy. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Hasabat döwründe Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 385 million 944 müň amerikan dollaryna barabar bolan önüm iberdi. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistan, takmynan, 212 million 940 müň amerikan dollaryna deň bolan hytaý harytlaryny import etdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 20 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden we Ukrainadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 41 million 833 müň 795 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

30 ýylda on esse ösüş

Tutýan meýdanynyň kiçi, ilatynyň azdygyna garamazdan, Birleşen Arap Emirlikleri dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girýär. BAE-niň ykdysadyýetiniň esasy bölegini gazylyp alynýan nebitiň we tebigy gazyň eksporty emele getirýär. Mundan başga-da, ýurtda söwda ulgamy, gaýtadan işleýän senagat hem-de ulag-logistika pudagy ösen derejededir. Şunuň bilen baglylykda, ýurt Ýakyn Gündogarda Türkiýeden, Saud Arabystanyndan we Ysraýyldan soňra dördünji uly ykdysadyýet hasaplanylýar. Ýurduň jemi içerki önümi

Innowasiýalara 100 milliard ýuan maýa goýar

Hytaýyň «Chery group» kompaniýasy ýakyn geljekde öz önümçiligine täzeçil tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin 100 milliard ýuan (13,8 milliard amerikan dollary) möçberinde maliýe serişdelerini gönükdirer. Bu barada Hytaýyň Uhu şäherinde «Chery group» hem-de «EXEED» tarapyndan guralan önümçilikdäki täze özgertmelere bagyşlanan halkara maslahatyň çäginde mälim edildi. — Innowasiýa «Chery group» kompaniýasynyň strategiýasynyň özenidir. Bu gaty wajyp mesele. Kompaniýamyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin geljek bäş ýylda täzeçil tehnologiýalara we innowasiýalara 100 milliard ýuan (13,8 milliard amerikan dollary) maýa goýmagy meýilleşdirýäris. Şol bir wagtyň özünde sekiz sany global gözleg merkezini we 300-den gowrak «YaoGuang» barlaghanasyny dörederis. Munuň özi kompaniýamyzyň bütin dünýäde gözleg mümkinçiliklerini giňelder. Netijede, elektromobilleriň we gibrid hereketlendirijili awtoulaglaryň önümçiliginde ösen tehnologiýalary, emeli aňyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmaga we olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmaga şert dörär – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ýin Tongýuýe gürrüň berýär.