Ösüşlere beslenýän eziz Diýar

14 Maý 2024
428

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatynda berkarar Watanymyzy gülläp ösýän ýurda öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ösdürmek baş maksat bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan beýik işleri netijesinde agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň hal-ýagdaýy has-da gowulanyp, berkarar Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhraty täze belentliklere göterilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerini naýbaşy orunda goýýan ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar.

Ýakynda Ahal welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgasy açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkdigini, beýik ösüşleriň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar we gurluşyk senagatynyň yzygiderli ösdürilýändigini beýan edýär.

Magtym NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar