''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdiler. Nygtalyşy ýaly, däp bolan döwletara gatnaşyklar köpýyllyk dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýar. Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýokary derejede alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Nurana geljegiň eýeleri

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty barha rowaçlanýar. Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlar syýasatynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Bu ugurda ýurdumyzda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda uly üstünlikler gazanylýar. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň resmi taýdan kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kabul edilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu ajaýyp wakanyň ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen utgaşmagy guwandyryjydyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakda we ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ata Watanymyz Türkmenistanyň uly işleri amala aşyrýandygynyň subutnam

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa pudagy fransuz kompaniýalarynda gyzyklanma döredýär

Ulag-kommunikasiýa pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän ugurlarynyň biridir we ol dünýä ulag ulgamyna goşulmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biz bu pudakda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, deňiz we demir ýollary hem-de awiadaşamalar boýunça infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmak işine fransuz maýadarlaryna we bilermenlerini gatnaşmaga çagyrýarys diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Pariž şäherinde fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen bolan işewürlik duşuşygynda mälim etdi.  Dürli ugurlarda, şol sanda ulag we aragatnaşyk pudagynda Türkmenistanyň fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda “Bureau Veritas Marine & Offshore SAS” baha beriş jemgyýetiniň Türkmenistandaky şahamçasyny açmak meseleleri öwrenilip, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda guruljak gämileri sertifikatlaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garalýar. Bu milli deňiz we derýa flotunyň howpsuzlygyny kepillendirip, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we gämigurluşyk işini giňeltmäge ýardam berer. 

Laos Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag boýunça Dostlar toparyna goşuldy

Laos Halk Demokratik Respublikasy 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag boýunça Dostlar toparyna goşulandygyny yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Ozal habar berşimiz ýaly, Toparyň nobatdaky 3-nji duşuşygy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilipdi.

Yragy hem-de Eýrany täze demirýol şahasy birleşdirer

Yragyň Basra welaýatynyň Şalamçe şäherindäki serhet geçelgesinde Yrak bilen Eýranyň arasyndaky geljekki demirýoluň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Dabara  Yragyň premýer-ministri Muhammed as-Sudani hem-de Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber gatnaşdylar. 2019-njy ýylda Bagdad hem-de Tähran Basra we Şalamçe şäherleriniň arasynda eýran-yrak serhedinde demirýoluň gurluşygyny göz öünde tutýan ylalaşyga gol çekdiler. Şol şertnamanyň esasyndaky bu taslama, iki ýyl üçinde amala aşyrylar. Täze demirýol Yragyň logistika infrastrukturasyny pugtalandyrar hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňelder.

Primorskiý sebitiniň ýene dört obasy Türkmenistandan ynsanperwer kömegini alar

Suw joşmasyndan ejir çeken Primorskiniň ýaşaýjylary üçin Türkmenistandan ynsanperwer kömek ýükleriniň bir bölegi Oktýabrskiý okrugynyň obalarynyň arasynda paýlandy. Golaýda sebitiň Horol okrugynyň ýaşaýjylary Türkmenistandan ugradylan ynsanperwer kömegini aldylar. Türkmenistandan ýörite uçar bilen iberilen egin-eşik, ýorgan-düşek we iýmit önümleri Siwakowka, Petrowiçi, Luçki we Nowodewitsa obalarynyň ýaşaýjylaryna ýetirilipdi. Ondan öň şuňa meňzeş önümler “Staroreçenskoýe”, “Strugowka”, “Sinelnikowo-2” we “Fadeýewka”, “Poreçi”, “Konstantinowka” we “Nowogeogriewka” ýerlerine eltilipdi.

Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ÝUNESKO kluby döredildi Şu ýylyň 1-nji sentýabry ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşlerinde möhüm ähmiýetli wakalara baý boldy. Uly ruhubelentlige beslenen giň gerimli çäreler bilen bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň dürli bilim-terbiýeçilik edaralary bilen birlikde, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde döwrebap ýokary okuw mekdebi — Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Şöhraty dünýä dolan, ýelden ýyndam, behişdi ahalteke bedewleriniň kemala gelen gadymy topragynda açylan bu ýokary okuw mekdebi sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa hökmünde ykrar edilip, Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyna mynasyp boldy. Şol gün bu ýokary bilim ojagynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby hem açyldy. Ol ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döredilen şeýle klublaryň eýýäm dördünjisidir. Ozal Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Türkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň döredijilik ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 5-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny ýetirdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berýärler.

Assosirlenen mekdepler: tagallalary utgaşdyrmak ugrunda

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Aşgabat şäherindäki Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýanyndaky daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebi, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebi, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebi, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebi, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebi, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Bu mynasybetli täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde ýokarda ady agzalan mekdeplere halkara şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslama 1953-nji ýylda badalga aldy. Ol dünýäniň 182 ýurdundan 12 müň töweregi bilim edaralaryny umumy maksadyň — çagalarda ýaşlykdan parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna sarpany döretmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwere

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Dunaýdan Orhona çenli Ýüpek ýoly» atly halkara ralli ýaryşyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň çäklerinden geçdiler. 11 müň kilometrlik ýoly külterleýän ralliniň 15 ekipaždan ybarat düzümi Aşgabat şäherinde türkmen myhmansöýerligi bilen garşylanyldy. TÜRKSOÝ halkara guramasynyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, esasan, ýeňil ulaglardan ybarat bolan halkara ralli ýaryşyna şu ýylyň 22-nji awgustynda Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinden badalga berildi. Bolgariýadan Türkiýä geçen ekipažlar biziň ýurdumyza Eýranyň üsti bilen geldiler. Ýaryşyň guramaçylary Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen Mongoliýa çenli ýoly dowam etdirmek isleýärler. Bu ýaryş halkara ralliniň ikinji ýaryşydyr. Ol birinji gezek geçen ýyl guraldy.

Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň belent nusgasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi ösdürilýär. Şu ýörelgelere esaslanyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň geçen 31 ýylynda bu abraýly gurama bilen bilelikde durmuşa geçirilen işler, gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Hyzmatdaşlygyň taryhy menzillerine ser salsak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylandygyny buýsançly ýatlaýarys. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ençeme Kararnamalarynyň awtory hökmünde çykyş etdi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa, ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Halkara giňişlikde

Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň kätipliginde duşuşyk geçirildi Ýakynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň kätipliginiň başlygy Ş.Matsuşita bilen duşuşygy geçirildi.

Myhmansöýerlik bildirildi

1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy. Iri sport guramasynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, täze şäheriň amatly ýaşaýşy, göwnejaý dynç alşy üpjün etmekde, ekologiýa abadançylygyny saklamakda ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini belledi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň enjamlaşdyrylyşyna, onda bilim almak, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertlere ýokary baha berdi.

Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina hem-de Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda myhmanlar täze Arkadag şäheriniň amatly ýaşaýşy, göwnejaý dynç alşy üpjün etmekde, ekologiýa abadançylygyny saklamakda ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini bellediler we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň enjamlaşdyrylyşyna, onda bilim almak, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertlere ýokary baha berdiler.

Ýaşlar — ýurduň kuwwaty (Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy)

Ýurdumyzda ýaşlaryň syýasy-jemgyýetçilik işjeňliginiň artmagyna, olaryň döwlet durmuşyndaky ornunyň pugtalanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ýörelgeler esasynda terbiýelenen, täzeçe pikirlenýän ýaşlaryň nesli kemala geldi. Döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş nesiller ýurdumyzyň kuwwatynyň artmagyna goşant goşýarlar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýändigini bellemek gerek. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolan ýene bir şatlykly waka bolup geçdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky aladanyň halkara derejesine çykarylýandygyna, ýaşlaryň ylym-bilim, zähmet, durmuş we döredijilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» çykaran 2142-nji Karary esasynda Pudagara topar döredildi. Bu Pudagara toparyň döredilmeginiň esasy maksady, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny» ýerine ýetirmekden ybaratdyr. «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topar hakyndaky Düzgünnamada kesgitlenen kada laýyklykda, Pudagara topar öz işini ulgamy ornaşdyrmaga gatnaşýan degişli edaralar, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen arkalaşykly alyp barýar. Häzirki wagta çenli Pudagara toparyň ençeme mejlisleri geçirildi. Ýakynda bolsa, toparyň 5-nji mejlisi geçirilip, onuň işine Pudagara toparyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we jemgyýetçilik birleşmeleriň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistan «EKSPO – 2023 Doha» halkara sergisine gatnaşar

Adamzat asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň tarapdary bolup gelipdir. Daş-töweregimizi ýaşyl dünýä — bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini aýap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek her bir döwrüň öňe çykaran wajyp meseleleriniň biri bolupdyr. Bu babatda dünýä döwletleriniň köpüsinde düýpli işler amala aşyryldy we şol başlangyçlaryň dowamy halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň bir ugruna öwrüldi diýsek öte geçmeris. Tebigaty goramak meselesi Garaşsyz Watanymyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda ýurdumyz dünýä möçberinde alnyp barylýan maksatnamalary doly goldap, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýär. BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanmagy alnyp barylýan köpugurly işleriň esasy ugurlarydyr. Ýurdumyzda bag nahallarynyň yzygiderli oturdylmagy we ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän täze tokaý zolaklarynyň döredilmegi bolsa howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bütindünýä tagallalaryna my

Türkmenistan we Gruziýa halkara awtomobil ýük daşamalaryny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabat şäherinde halkara awtomobil ýük daşamalary boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedowyň gruzin tarapyndan dostlukly döwletiň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Gury ýer ulaglary agentliginiň başlygy Lewan Gamkrelidzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak hem-de ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hytaýda okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler

Ýurdumyzda wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly strategik maksatlaryň hem-de çäreleriň giň toplumyny amala aşyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri, halkara guramalar we kompaniýalar bilen işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 6-njy ýanwarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň önümçilik desgalarynda önümçilik tejribeligini geçdiler. Ähtnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ugurdaş ýokary okuw mekdepler