Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň belent nusgasy

5 Sentýabr 2023
585

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi ösdürilýär. Şu ýörelgelere esaslanyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň geçen 31 ýylynda bu abraýly gurama bilen bilelikde durmuşa geçirilen işler, gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Hyzmatdaşlygyň taryhy menzillerine ser salsak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylandygyny buýsançly ýatlaýarys. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ençeme Kararnamalarynyň awtory hökmünde çykyş etdi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa, ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar