''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Sebitara gatnaşyklarda täze çemeleşme

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dabaralanýan ýyly hökmünde badalga aldy. 14-15-nji ýanwarda ýurdumyzyň gündogar sebitinde — Lebap welaýatynda işe girizilen täze taslamalar üstümizdäki ýylyň möhüm çäreleriniň we taryhy wakalarynyň başlangyjy boldy. Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Liderleriniň teleköpri arkaly gatnaşmagynda, Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň goňşy Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam bermek we sebitara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça tagallalarynyň uly netijeleri berýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda birbada üç sany iri desganyň işe girizilmegi diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlaryň bähbitlerini göz öňünde tutman, eýsem, kontinental derejede ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak ýaly, uzak möhletleýin wezipeleri amal etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde energ

Türkmen—owgan gatnaşyklary: däp bolan ýörelgelere ygrarlylyk

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgesi sebitiň ýurtlary bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri bilen birlikde, iki goňşy halkyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän berk dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen hem şertlenendir. Ýeri gelende bellesek, biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara kömek bermek ýörelgelerine yzygiderli eýerip, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine iş ýüzünde uly goşant goşup, döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda dostlukly döwlete yzygiderli kömek berýär. Şoňa görä, 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda teleköpri geçirilip, iri desgalar — Akina — Andhoý beketleriniň demir ýol bölegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisi hem-de iki ugur: Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlary ulanmaga berildi.

Dostlukly gatnaşyklar berkeýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda dost-doganlykly gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar. Türkmen gurluşykçylarynyň tagallalary bilen, Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurulmagy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň önüminiň ilkinji tapgyrynyň bu ýurda ugradylmagy hemişelik Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde çykyş edip, Owganystanyň hakyky hyzmatdaş hökmünde iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmaga çekilmegi Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertidir diýip belleýär.

Hoşniýetli goňşuçylygyň nusgalyk göreldesi

Dünýä döwletleridir halkara guramalar Türkmenistany ygtybarly, hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär. Ata Watanymyz sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyzyň Owganystan Yslam Respublikasyna edýän ynsanperwer goldawlary we harytlaryňdyr hyzmatlaryň ýeňillikli bahalardan berilmegi owgan halky hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kanagatlanma bilen kabul edilýär. Üstümizdäki ýylyň 14-nji ýanwarynda açylyp ulanylmaga berlen taslamalar — Akina — Andhoý aralygyndaky demir ýol şahasynyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi goňşuçylykdan strategik hyzmatdaş derejesine göterilen türkmen-owgan gatnaşyklarynyň şu günki sepgidiniň aýdyň nyşanydyr. Gürrüňi edilýän açylyşlarda owgan Lideriniň öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümetine TOP 500 kW taslamasy üçin elektrik energiýasynyň bahasynyň 6 sentden 3,5 düşürilendigi üçin minnetdarlyk bildirmegi halkymyzyňdyr döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwerliginden, sahawatlylygyndan habar berýär. Milli Liderimiziň sahawatly kararlary esasynda indi uzak ýyllaryň dowamynda Owganystan elektrik energiýasyny, suwuklandyrylan gazy we beýleki harytlary ýeňi

Taryhy wakalaryň ýalkymy

Ynsan bir zada begenende, şatlygyny paýlaşagan bolýar. Hakykatdan-da, şu günler güneşli Diýarymyzda ýaşaýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýurdumyzyň halkara abraýy babatdaky buýsançly söhbetleri «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralara syrygýar.

Ähmiýetli taslamalar — rowaçlygyň nyşany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen giň gerimli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol taslamalary amala aşyrmaga goňşy döwletleriň, daşary ýurtlaryň abraýly kompaniýalarynyň gatnaşmagy bolsa olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan brifing möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň — Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, şeýle hem iki ugur — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlandy.

Dost-doganlyk hyzmatdaşlygy dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar beýik işlere beslenip, halklaryň, ýurtlaryň ykbalyna täsir edýän ösüş-özgertmeler bilen dabaralanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde — 14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Mähriban Arkadagymyz: «Bu üç taslama gysga möhletlerde amala aşyryldy. Olar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir. Türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Giň halkara hyzmatdaşlygyna, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir» diýip belleýär.

Türkmenistan — Owganystan: kontinental ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy

AŞGABAT, 16-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan brifing möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň — Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, şeýle hem iki ugur — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlandy Çärä ministrlikleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň hatyrasyna

Taryhy wakalar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça kuwwatlylygy 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli taryhy wakalar boldy.

Dos­ta­na gat­na­şyk­lar pugta­lan­ýar

Owgan ýaşlary: «Bagt paýlaýan goňşymyz»

Bize ilkibada olary öz ilimiziň ýigitlerinden tapawutlandyrmak gaty müşgil boldy. Diňe ady we familiýasy tutulanda, olaryň Owganystan Yslam Respublikasyndan okamaga gelendiklerini bilip galdyk. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, dostlukly goňşy Owganystan Yslam Respublikasyndan gelip, Bitarap Watanymyzyň bilim ojaklarynda ýokary bilim alýan owgan ýaşlarynyň ýürek buýsanjy, milli Liderimize bolan hoşallygy juda uly. Aslynda, ynsan bir zada begenende, şatlygyny paýlaşmaga höwesek bolýar. Hawa, bu günler Türkmen oba hojalyk institutynda bilim alýan owganystanly ýaşlaryň köňül kelamyny diňläniňde, muňa ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Bu talyp ýaşlar golaýda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň ulanylmaga berilmeginden özlerini diýseň bagtyýar saýýarlar. Biz hem Türkmen oba hojalyk institutynda okap, bilim alýan owganystanly talyplaryň bu taryhy wakalar babatda birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.

Türkmenistan — Owganystan: hyzmatdaşlygyň täze eýýamy

Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlary işe girizildi 14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara hormatly Prezidentimiz hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar. Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Owgan «dogan» diýer türkmen iline

«Barlan iller, ýörelen ýollar» atly çeper-publisistik toplumdan Hawa, biziň döwrümizde bu sözbaşy has rowaç ýaňlanýar. Sebäbi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän ynsanperwer daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegi hut biziň günorta goňşymyz Owganystan Yslam Respublikasy bilen bagly.

Ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlyk

Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar 14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Türkmen-owgan dostlugynyň aýdyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynda dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Iň ýakyn goňşymyz bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklarymyz hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Owganystanyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň ençemesi üstünlikli amala aşyryldy. Öňňin Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryň bolmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdylar

Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar LEBAP WELAÝATY, 14-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) – — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň guwandyryjy görkezijileri

Düýn diňe bir Türkmenistan bilen Owganystan üçin däl-de, eýsem, sebit, hatda dünýä ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Şol gün birbada iri üç desganyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşygy tamamlanyp, olaryň açylyş çäreleri geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wakalaryň ähmiýetini nygtap, şeýle diýdi: «Biziň maksatlarymyz Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ulgam häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň örän möhüm we aýrylmaz bölegini döretmäge gönükdirilendir. Netijeli sebitara we kontinental özara gatnaşyklara niýetlenendir».

Türkmenistan – Owganystan: energetika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň syýasatynda öz beýanyny tapýar Sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynyň binýatlaýyn ýörelgesidir. Mähriban Arkadagymyz hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk, parahatçylyk dörediji syýasaty öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýär. Bu babatda günortadaky duldegşir goňşymyz bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özeninde durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeler hem-de türkmen we owgan halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan berk dostluk we doganlyk gatnaşyklary durýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.