Türkmen—owgan gatnaşyklary: däp bolan ýörelgelere ygrarlylyk

20 Ýanwar 2021
1332

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgesi sebitiň ýurtlary bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri bilen birlikde, iki goňşy halkyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän berk dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen hem şertlenendir.

Ýeri gelende bellesek, biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara kömek bermek ýörelgelerine yzygiderli eýerip, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine iş ýüzünde uly goşant goşup, döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda dostlukly döwlete yzygiderli kömek berýär. Şoňa görä, 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda teleköpri geçirilip, iri desgalar — Akina — Andhoý beketleriniň demir ýol bölegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisi hem-de iki ugur: Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlary ulanmaga berildi.

Jumageldi AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar