''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

«Bir bagşeşden ýetmiş bela dep bolar»

Mähriban halkymyz ýene-de bir ajaýyp baýramçylygy — Gurban baýramyny garşy alýar. Ol külli musulman halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem nesillerden nesillere geçirip, aýratyn sarpalaýan mukaddes baýramlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda Gurban baýramynyň uly şatlyk bilen mynasyp garşylanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýärler. Gurban baýramynyň üç gününiň hem dynç güni diýlip yglan edilip, döwlet derejesinde giňden bellenilmegi, şäherlerde, obalarda hiňňildikleriň gurlup, aýdym-sazly dabaralaryň guralmagy asuda ýurdumyzda baýramçylyk joşgunyny artdyrýar, agzybirligi, dost-doganlygy berkidýär.

Ösüş-özgerişleriň, üstünlikleriň rowaç alýan döwri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde uly ösüşlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen bäş aýynda gazanylan durmuş-ykdysady görkezijileriň mysalynda hem öz subutnamasyna eýe bolýar. 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren, şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem muňa bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.  «Ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, ýaşlary sporta çekmek arkaly beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler hem rowaçlyklara beslenýär.

Gymmatly çeşme

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Änew medeniýetiniň üstüniň açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde-de uly ähmiýete eýe bolupdyr. Eserde pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny taryhy wakalaryň, ylmy garaýyşlaryň üsti bilen giňden beýan edilýär. Eseriň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, dünýäde meşhur şahsyýet, akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi türkmen taryhynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýar, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýar.

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlary, ak mekdepleridir çagalar baglary, döwrebap enjamlaşdyrylan edara-kärhanalary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalary bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheri munuň aýdyň beýanydyr. Gysga döwürde gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan «akylly» şäher halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň giden hatary, döwrebap awtomobil ýollary, ajap seýilgähleri bilen gözüňi dokundyrýar. Belläp geçsek, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň bir ýyllygy golaýlap gelýär. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Döwlet ähmiýetli «akylly» şäher

Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary

Ýurdumyzda geljekki nesilleriň bilimli bolmagy, sagdyn ösmegi, döwrebap durmuş şertlerinden peýdalanmagy barada döwlet Baştutanymyz uly alada edýär. Ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegini berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda terbiýelenýän, döwrebap bilim-terbiýe alýan ýaş nesilde görýär. Hemmetaraplaýyn kämil perzent öz-özünden döremeýär. Çaga ýaşlykdan bilim-sowat öwretmeli. Hünäre, durmuşa ugrukdyrmaly. Terbiýäniň manysy bolsa, çaga öňden ykrar edilen jemgyýetçilik we ruhy ahlak gymmatlyklaryny siňdirmekdir we ony jemgyýete peýdaly şahsyýet edip ýetişdirmekdir. Türkmen öz perzendiniň watansöýüji edep-ekramly, maksadaokgunly bolup ýetişmegi üçin uly alada edýär.

Aşgabat – sport ýurdunyň paýtagty

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabat şäheri halkara duşuşyklaryň we forumlaryň, şol sanda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýakynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edilmegi merjen şäherimiziň halkara abraýyny has-da beýgeldýär. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli gurulýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, halkara guramalar we dostlukly döwletler bilen sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan ýurdumyz sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar.

Aziýa çempionatynyň medallary

Türkmen pälwanlary Tähranda geçirilen Kuraş boýunça 13-nji Aziýa çempionatynda bir altyn we on bürünç medal gazandylar. Çempionata 20 döwletden 200-e golaý türgen gatnaşdy. Biziň ýurdumyza 14 türgen wekilçilik etdi.

Sarpasy belent akyldar

Türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik söz ussadynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär. Pyragy halka hyzmat eden şahyrdyr. Onuň eserleri diňe bir türkmen halkynyň kalbyndan däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasynda orun aldy. Şahyryň umumadamzat ähmiýetli wagyz-nesihatlary häzirki bagtyýar zamanamyzda-da öz ähmiýetini ýitirenok. Onuň ahlaklylyk, lebzihalallyk, sabyr-kanagatlylyk, haýyr-sahawatlylyk, watançylyk, mertlik baradaky öwüt-ündewleri ulular üçin-de, ýaşlar üçin-de gymmatly çeşmedir.

Beýik söz ussady

Ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki ajaýyp günlerinde Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler dünýäniň çar künjeginde giň gerimde ýaýbaňlanýar. Bu türkmen halkynyň beýik ogluna Ýer ýüzünde uly hormat-sarpanyň goýulýandygynyň, akyldar şahyrymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň ýedi yklyma dolandygynyň nyşanydyr. Söz ussadynyň ebedilige ýaran bolan döredijiliginiň, watançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, halallyk, wepalylyk, zähmetsöýerlik, sagdynlyk, belent adamkärçilik ýaly kämil garaýyşlarynyň bütin adamzadyň kalbynda orun alandygynyň güwäsidir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde taýýarlanan «Magtymguly» atly saýlanan eserler ýygyndysynyň neşir edilmegini hem zamanamyzyň ajaýyp wakasy hökmünde häsiýetlendirmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň üç dilde çap edilmeginiň söz ussadynyň Ýer ýüzüniň ähli künjeklerindäki okyjylary üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Şahyryň täze neşir edilen eserler ýygyndysy Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda nusgalyk

Ýaş alym­la­ryň ýü­rek buý­san­jy

Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­ni­len Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­rynyň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne sy­lag­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Bu bäs­le­şik ze­hin­li ýaş­la­ry – alym­la­ryň tä­ze nes­li­ni ýü­ze çy­kar­ma­ga, yl­myň dür­li pu­dak­la­ryn­da bar­lag­la­ry hö­wes­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bäs­le­şik­de ýaş­la­ryň 107-si ýe­ňi­ji bol­dy, ola­ra hormatly Prezidentimiziň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar, de­giş­li dip­lom­lar gow­şu­ryl­dy. Biz hem bu bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bo­lan ýaş alym­la­ryň bir­nä­çe­si­niň ýü­rek buý­sanç­la­ry­ny oky­jy­la­ra ýe­tir­ýä­ris. Ta­wus ME­RE­DO­WA,

Halkalaýyn energoulgam — halkyň bähbidine

5-nji iýun­da ýur­du­myz­da bi­te­wi hal­ka­la­ýyn ener­goul­ga­my dö­ret­me­giň tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de gur­lan Bal­kan — Da­şo­guz ug­ry bo­ýun­ça tä­ze ho­wa elekt­rik ge­çi­ri­ji­si we her bi­ri­niň güý­jen­me­si 500 ki­lo­wolt bo­lan elekt­rik be­ket­le­ri işe gi­ri­zil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Da­şo­guz we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, onuň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Döwlet Baştutanymyz da­ba­ra üçin ýö­ri­te taý­ýar­la­nan zal­da ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de çy­kyş et­di.

Iri gur­lu­şyk tas­la­ma­sy üns mer­ke­zin­de

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp kün­jek­de bi­na edi­len Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ge­lip, şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­lar, ola­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry, gu­rul­ma­gy tek­lip edil­ýän des­ga­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Gör­ke­zil­ýän

Aras­sa ener­gi­ýa geç­mek­de eko­lo­gik me­se­le­ler

«Türk­men­gaz», «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­sern­le­ri we «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan paý­tag­ty­myz­da­ky «Ar­ça­bil» myh­man­ha­na­syn­da guralan «Ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň eko­lo­gik jä­het­le­ri» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat di­ňe bir ada­ty gör­nüş­de ge­çi­ril­män, eý­sem, dün­ýä­niň on­lar­ça döw­le­tin­de san­ly ul­gam ar­ka­ly hem şöh­le­len­di­ril­di. Fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­sy­na pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ne­bit­gaz ugur­ly işe­wür dü­züm­le­ri­ň, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, bu ul­gam­da iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ler­men­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar. Olar hal­ka­ra, se­bit we ýurt de­re­je­sin­dä­ki ýan­gyç-ener­ge­ti­

Ýaşlaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr

Il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek baş ugurlaryň hataryndadyr. Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn uly üns berýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan hem nusga alarlyk işler alnyp barylýar. Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, lukmançylygyň häzirkizaman gazananlary esasynda bejergi işleriniň geçirilmegi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesliň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine gönükdirilen taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr. Biz edara-kärhanalarda bolanymyzda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş hünärmenleriň hak-hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilişi barada wagyz-ündew çärelerini guramak bilen birlikde ýaş nesil üçin amatly durmuş, ýaşaýyş, zähmet we dynç alyş şertlerini döretmek, maşgala abadançylygyny gorama

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

Ylahy zehinden, yhlasly zähmetden dörän...

Danalar adamyň zähmet bilen diňe bir ruhy dünýäsiniň päklenmän, eýsem, ýüzüniň hem röwşenlenýändigini aýdyp geçipdirler. Eger şeýle bolsa, onda ynsan ýaşaýşyny gözelleşdirýän, onuň ömrüne many çaýýan zat hem zähmet bolsa gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynda eden çykyşynda: «Zähmetsöýerlik hazynadyr! Zähmetsöýerlik bagtdyr! Zähmetsöýerlik rahatlykdyr! Zähmetsöýerlik bagtyýar we uzak ýaşamakdyr!» diýip, halal hem päk zähmet hakda örän jaýdar belledi.

Biler bolsaňyz...

Ýüpek gurçugy eldeki bolup, halys adama öwrenişensoň, ol tebigatda öz erkine ýaşap bilmeýär. ***

Geoykdysady giňişligiň berk binýady

Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň yzygiderliligini üpjün etmekden ybaratdyr. Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygy döredilýär. Ýerli önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy bilen eksport ugry depginli ösýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan düýpli öňegidişlikler biziň her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Önümleriň we harytlaryň artykmaç möçberiniň emele gelmegi bilen işewürlerimiziň daşarky bazarlara çykmak islegleriniň amala aşmagyna hem ýakyndan goldaw berilýär. Döwletimiziň ykdysady syýasatynda hem eksport edilýän önümleriň sanawyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öwezini dolýan önümleri özümizde öndürmek esasy ugur bolup durýar. Bu ugruň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze ykdysady giňişliklere ýol ýasaýar. Bir söz bilen aýdanyňda, ýurdumyzyň eksport kuwwaty gözümiziň alnynda günsaýyn ýokarlanýar. Döwlet kärhanalarynyň ençemesi bu ugurda aýratyn tapawutlanýar. Nah-ýüplük egriji kärhanalaryň önümlerine her ýyl goňşy ýurtlar bilen birlikde Angliýa, Germaniýa, Türkiýe, Italiýa ýaly döw

Çagalaryň bagtyýarlygy — döwletiň abatlygy

Galkynyşly döwrümizde amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, döwletli tutumlaryň her biriniň özeninde çagalaryň bagtly geljegi ugrundaky aladalar jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary esasynda ýaşlar aýratyn goldaw we hemaýat bilen gurşalýar. Ýurdumyzda yglan edilen maksatnamalara laýyklykda bina edilýän döwrebap hassahanalarda, saglyk merkezlerinde, saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda näsag çagalar saglygyny dikeldýärler we döwrebap bilim alýarlar. Bu ýerlerde bejergi işleriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna geçirilmegi bolsa örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Milli Liderimiziň adyny göterýän bu gaznadan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynda zerur lukmançylyk operasiýalaryny geçirmek üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Çagalary goramagyň Halkara gününiň öň ýanynda welaýat köpugurly hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan emeli böwrek enjamlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadançylygynyň üpjün edil

Iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm waka

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynyň «Rowaç» zalynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.