''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Işleri ilerleýän ýaş kärhana

Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelýän günlerinde bazarlarymyzda we söwda nokatlarynda dürli görnüşli sowgatlyklaryň, azyk harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Haryt bolçulygyny üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden göwünleri galkynýan türkmen telekeçileriniň hem mynasyp paýy bar. Watanymyzyň okgunly ösüşine uly goşant goşýan hususy pudagyň ýaş kärhanalary hem sazlaşykly işleri ýola goýmak bilen, gysga döwürde oňyn netijeleri gazanýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň sany barha artýar. 2022-nji ýylyň fewralynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde açylyp, ulanylmaga berlen «Altyn şöhle» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhana şolaryň biridir. Bu kärhana gysga döwrüň dowamynda içerki we daşarky bazarda uly islege eýe bolan önümleri öndürmegi üstünlikli ýola goýmak bilen, täze sepgitlere gadam urýar.

Mahabat işinde kämillik

Adamyň isleg-arzuwy serhetsiz bolýar. Gowy ýaşamaga, täze zatlary döretmäge bolan ymtylyş dünýä ýaşaýşynyň başlan gününden bäri adamzadyň kalbynda şinelän bolsa gerek. Dünýäni ylmy açyşlaryň täze tapgyrynyň gurşap alan zamanasynda, bu günki günde adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy görnetin ýeňilleşdi. Häzirki wagtda täze ylmy-amaly pudaklar, kär-hünärler, täze ugurlar ösüşiň çür depesine çykdy. Innowasion tehnologiýalaryň döwrebap modelleriniň ýylsaýyn artmagy, olaryň kuwwatlylygynyň, tizliginiň özünden öňkülerden oňyn tarapa tapawutlanmagy biziň durmuş akymymyzdaky adatylyga öwrülip barýar. Bu ýagdaý dünýä ýaşaýşyndaky iň ýokary gymmatlyk hasaplanýan adam faktorynyň beýnisinden çykan ägirt uly taslamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ata kesbi — ogla halal

 Türkmençilikde «Ata kesbi — ogla halal» diýlen jümle bar. Muny Çärjew etrabynyň çägindäki «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň başlygynyň önümçilik boýunça orunbasary Tagaýmyrat Guwanjowyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. 2018-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlan Tagaýmyrat zähmet ýoluna Türkmenabat Halkara howa menzilinde inžener bolup girişen hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen, kakasy, tejribeli telekeçi Guwanç Seýidowyň işlerine goldaw berip başlady. Munuň esasy sebäbi bolsa döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaş telekeçileriň işleriniň kämilleşmegine gönükdirilen giň mümkinçiliklerdir.

Ilatyň täze ýyl saçagyna

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak önümleri öndürýän döwrebap desgalary gurmak, şol bir wagtyň özünde-de azyk önümleriniň öndürilişini ep-esli artdyrmak, artyk bölegini eksport etmek ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Şu jähetden hem kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, işewürlere amatly şertleriň döredilmegi öňde goýlan maksatlaryň barha rowaçlanmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde-de hususy önümçilikleriň gerimi barha giňelýär. Dürli önümler bilen birlikde gök-bakja önümlerini öndürýän ýyladyşhanalaryň işleri bolsa aýratyn öwgä mynasypdyr. Olarda zähmet çekýän işçi-hünärmenler tamamlanyp barýan ýyly uly üstünlikli jemlemek ugrunda tagalla edýärler. Ýyladyşhana şertlerinde gök we bakja önümlerini öndürmekde welaýatyň Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän «Altyn Bürgüt» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumy hem iri hususy önümçilikleriň hatarynda tanalýar. Bu toplum alty bölekden ybarat bolup, 8,5 gektar meýdany tutýar. Onda işleýänleriň üstünlikli zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek gerek.

Ak bugdaýyň unundan toý sowgatlary

Ak bazarlaryň we söwda nokatlaryň dürli azyk harytlary bilen baýlaşmagynda ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň uly goşandy bar. Şolaryň hatarynda türkmen topragynda ýetişdirilen ak bugdaýyň unundan «Tomus» haryt nyşanly çörek we konditer önümleriniň önümçiligini alyp barýan kärhanany agzamak ýakymly. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, tejribeli telekeçi Osman Muhammetnyýazowyň ýolbaşçylyk edýän bu kärhanasy Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän kärhanada ýokary hilli çörek we konditer önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip, halkymyza hödürlenýär.

Azyk bolçulygy – saçaklaryň berekedi

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bazarlarymyzy, toý saçaklarymyzy ýylyň bütin dowamynda özümizde öndürilen ter gök önümler bilen üpjün etmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, «Altyn — Nur Zamany» hususy kärhanasynyň zähmetsöýer işgärleri hem bu işe öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu kärhanada zähmet çekýänleriň köpüsiniň ýaşlardygy has-da buýsandyryjydyr. Olaryň ählisi diýen ýaly Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalary. Ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň döredijilikli hem-de yhlasly işleri netijesinde öňler bazarlarda we söwda nokatlarynda ildeşlerimize diňe möwsümleýin ýetirilýän azyk önümleriniň ýylyň bütin dowamynda elýeterli bolmagy azyk bolçulygynyň nyşanydyr. Mysal üçin, tebigatyň peşgeşi, nygmaty bolan kömelekler diňe ýaz paslyna mahsus bolan ýokumly azyk önümi. Emma, häzirki wagtda bu önümi ter görnüşinde gyş paslynda hem bazarlardan satyn alyp bolýandygy geň däl.

Baýramçylyk saçagynyň bezegi

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda bazarlarymyzda we söwda merkezlerinde haryt bolçulygynyň gözümizi dokundyryp, baýramçylyk söwdalarynyň gyzyşýan günlerinde önümçilik kärhanalarynda hem işleriň depgini güýçlenýär. Çünki baýramçylyk saçaklarynyň berekedini artdyrýan nygmatlary taýýarlamakda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän milli haryt nyşanly önümler giňden peýdalanylýar. Täze ýyl saçagyny bezeýän işdäaçarlary, süýjülikleri taýýarlamak barada pikirlenen wagtyň «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetinde maşgala däplerine esaslanyp öndürilýän maýonezdir üwmeç we dürli görnüşli gaplanan önümler göz öňüňde janlanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda bolanymyzda, bu ýerde halkymyzyň sarp edýän dürli görnüşli azyk harytlarynyň önümçilik depginini ýokarlandyrmak we olaryň görnüşlerini artdyrmak ugrunda yhlasly zähmetiň gaýnap joşýandygyna şaýat bolduk. 2016-njy ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda maýonez, üwmeç, gaplanan gök önümler, mürepbe, jem, saryýag, ösümlik ýagyndan mesgäniň ornuny tutýan spred ýaly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýär.

Hususy pudakda işler ileri

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek, Täze ýyly zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylamak ugrunda yhlas edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde söwda toplumynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekip, olarda ildeşlerimiziň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlaryň bolmalydygyny tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda baýramçylyk söwdasy guralýar, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 25-nji noýabrda geçirilen 4-nji maslahatynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun kabul edildi. Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlary anyk kesgitlenip, onda ýurdumy

Toý saçaklarynyň bezegi

Ak bazarlarymyza baranyňda, datlydan tagamly miweleriň, gök-bakja önümleriniň bolçulygyny görüp gözüň dokunýar. Ýurdumyzda bereket-bolçulygyň pugtalanmagynda «Owadan Gämi» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň hem mynasyp paýy bar. Hususy kärhananyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi geňeşliginiň çäginde ýerleşýän limon ýyladyşhanasynda şu günler işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu ýerde ýetişdirilen limonlary köpçülikleýin ýygnap almak işi dowam edýär.

Döwrebap önümçilik desgasy işe girizildi

Ýurdumyzyň telekeçileriniň bitirýän işleri hemmeleri guwandyrýar. Olaryň öndürýän önümleriniň görnüşleri-de, möçberi-de yzygiderli artýar. Netijede, öň daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň köpüsi indi biziň özümizde öndürilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti hem bu babatda nusgalyk işleri bitirýär. Ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň golaýynda «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň Gurluşyk gury garyndy materiallaryny öndürýän zawody açylyp ulanmaga berildi. Zawodda öndüriljek, ýurdumyzyň gurluşyk pudagy üçin zerur bolan önümleriň hatarynda diwarlary örtmek we ýylmamak üçin niýetlenen gury garyndylaryň, gipsokarton önüminiň birnäçe görnüşi bar. Häzirki wagtda uly isleg, bildirilýän 60x60 santimetr ölçegdäki alçipan zawodda öndüriljek esasy önüm bolar. Bu önüm uly ölçeglerde hem öndüriler.

«Bagtyýarlyk ýoly» — bagtly ýaşaýşyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Gurmak döwletliligiň, berkararlygyň aýdyň alamaty bolup, röwşen geljege gönükdirilen işleriň nyşanydyr. Islendik ýurduň ösýändigine, özgerýändigine gurluşyk pudagynda alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Welaýatymyzda bagtyýarlygyň nyşany bolan dürli maksatly desgalaryň, ymaratlaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň bina edilmeginde döwlet hem-de hususy kärhanalaryň birnäçesiniň mynasyp orny bar. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasydyr. Bu hususy gurluşyk kärhanasy 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, geçen döwürde onuň gurluşykçy hünärmenleri, esasan, ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek bilen meşgullanypdyrlar. Şonuň netijesinde olaryň birnäçesi gurlup, ildeşlerimiziň ygtyýaryna berildi. Has takygy, paýly gurluşyk esasynda Daşoguz şäheriniň Gurbansoltan eje adyndaky köçesiniň ugrunda bina edilen 1 sany 2 girelgeli, 4 gatly, 16 öýli, Türkmenistan köçesiniň ugrunda 1 sany 1 girelgeli, 4 gatly, 16 öýli hem-de ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna S.A.Nyýazow adyndaky köçesiniň ugrunda 2 sany 2 girelgeli,

Halkymyzyň bereketli saçagynda

Halkymyzyň bereketli saçaklary dürli naz-nygmatlara baýdyr. Gyş paslydygyna garamazdan, ter miwelerdir gök önümler saçaklara bezeg goşýar. Şu günlerde baýramçylyk söwdasy barha gyzyşýan ak bazarlarda, dükanlarda ter miwelerdir gök-bakja ekinleri bilen birlikde, täze tehnologiýalarda gaýtadan işlenilen et we süýt önümleriniň, çörek, süýji-köke önümleriniň hem dürli görnüşleri bar. Ýurdumyzyň telekeçileriniň hem bu ugurda öwgä mynasyp iş alyp barýandyklary guwandyrýar. Ahal welaýatynyň hususy önüm öndürijilerinden «Parasatly», «Ezber daýhan», «Miweli oba» daýhan hojalyklary, «Dana gurluşyk» hususy kärhanasy, «Lezzetli miwe», «Ýigit» hojalyk jemgyýetleri açyk meýdanlarda we döwrebap ýyladyşhanalarda miweli baglary, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirseler, «Sahabatly», «Ajaýyp ussat — halal önümler», «Diýar guşy» hojalyk jemgyýetleri et we süýt önümlerini, guş etini, «Bagdan», «Duýgy» hususy kärhanalary süýji-köke, konditer önümlerini, «Ak ýaprak» hojalyk jemgyýeti dürli miwe şirelerini we sowuk çaýlary öndürip, halkymyzyň mukaddes saçaklarynyň berekedine bereket goşýarlar. Zamanabap kärhanalarda ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, halkymyzyň arasynda giňden tanalýan telekeçiler ýurdumyzda toýlanýan ba

Gyzgalaňly söwda we döwrebap hyzmat

Hemmeleriň ýagşy arzuwlar bilen garaşýan Täze ýyl baýramy önüm öndürijilerdir hyzmatlar ulgamyndaky işewürler üçinem örän gyzgalaňly döwür. Ýakynlaryňy gutlamak we Täze ýyly naz-nygmatdan doly baýramçylyk saçagynyň başynda garşy almagyň lezzeti durmuşa söýgiňi artdyrýar. Hut şoňa görä-de, bütin dünýäde bu baýramçylygyň öňüsyrasynda söwda merkezlerindäki we bazarlardaky işjeňlik has-da artýar. Ýurdumyzda ýylyň soňky aýynda iki baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramçylygynyň giňden bellenilmegi ildeşlerimiziň kalbyna ruhubelentlik eçilýär. Paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki bazarlardyr söwda-dynç alyş merkezlerindäki bolçulyk, şanly seneler mynasybetli guralan göçme söwda nokatlaryndaky sowgatlyklar gözüňi dokundyrýar. Arzanladyşlar, aksiýalar we dürli görnüşli baýramçylyk çäreleri bolsa söwdanyň has-da gyzgalaňly bolmagyny şertlendirýär. Halkyň hyzmatyndaky söwda tory

«Ýolagçy kitchen» — hakyky amerikan «KFC»

Tüweleme, türkmen işewürleriniň döredýän mümkinçilikleridir şertleri, getirýän täzelikleri öwgä mynasyp. Husuýetçiligiň döwletimizde giň goldaw tapmagy, ösüp-örňemegi üçin dürli şertleriň döredilmegi, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işewürleriň hususy işleriniň ýola düşmegi üçin durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary öz miwesini berýär. Ýurdumyz dünýäde iň gowy brendler bilen bäsleşip biljek dürli täze önümleriň, ýokary hilli hyzmatlaryň döredilýän we has-da ösdürilýän ýerine öwrüldi. Hususyýetçileriň şeýle kärhana-edaralarynda, hojalyk jemgyýetlerinde, restoranlarda, kafelerde ýola goýlan işler, öndürilýän önümler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ösdürýär. Ine, şeýle adyny eşideniňden türkmendigiňe buýsanjyňy goşalandyrýan ýerleriň biri-de «Ýolagçy Kitchen» restoranydyr. Indi 8 ýyldan bäri ýurdumyzda ildeşlerimize amerikan tiz tagamlarynyň lezzetini duýmaga mümkinçilik döredýän restoranyň zähmetsöýer hem işine yhlasly çemeleşýän ýolbaşçylarydyr agzybir işgärleriniň tagallalary netijesinde amerikan «KFC»-si aýak ýeterimizde. Islendik wagt del tagamy dadyp görmek isleseň, gerekli belgini aýlap bilseň bolýar.

Telekeçilik – döwletiň altyn gaznasy

Telekeçilik – halkyň şu güni, eşretli ertiri. Gurmak, döretmek, önüm öndürmek, haryt dolanyşygyny ýola goýmak, eksport we import... biziň gündelik durmuşymyza ornaşyp gitdi. Indi şu günümizi, ertirimizi telekeçilik ulgamyndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak, telekeçilik kärhanalarynyň sanyny artdyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususyýetçileriniň yzygiderli aladalary bilen öndürilýän önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmekde ýokary netijeler gazanylýar. Munuň özi daşyndan getirilýän önümleri azaltmak, özümizde öndürilýän önümleri köpeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşantdyr.

Innowasion ösüşiň möhüm şerti

Sanly ykdysadyýete geçiş halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir. Şoňa görä-de, häzirki döwürde Türkmenistanda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwlet tarapyndan uzak möhletleýin maksatnamalaryň kabul edilmegi, zerur kanunçylyk özgertmeleriniň amala aşyrylmagy, iri maýa goýumlaryň özleşdirilmegi ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna şert döredýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilýär. Ýurtda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak boýunça täze wezipeler öňe sürülýär. Olar häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga, innowasion önümçilik gurluşlaryny döretmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge esaslandyrylandyr. Şunda sanly ykdysadyýetiň möhüm orny bardyr. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi 2025-nji ýyla çenli döwür üçin degişli Konsepsiýany durmuşa geçirmek esasynda alnyp barylýar. Bu Konsepsiýa döwlet maksatnamalary hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen utgaşdyrylýar.

Kärhananyň gazanýan üstünlikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak, telekeçilik kärhanalarynyň sanyny köpeltmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususyýetçileriniň yzygiderli aladalary bilen, öndürilýän önümleriň we harytlaryň bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeler gazanylýar. Munuň özi daşyndan getirilýän önümleri azaltmak, özümizde öndürilýän önümleri köpeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere mynasyp goşantdyr. Şeýlelikde, soňky ýyllarda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri dünýäniň dürli döwletlerine eksport edilýär. Bu ugurdaky işleriň giň gerime eýe bolmagynda welaýatymyzyň işewürleriniň gazanýan netijeleri-de guwandyrýar. Bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri we harytlary bilen dünýä bazarlaryna çykýan telekeçileriň sany barha köpelýär. Munuň özi ilata edilýän

Binagärlik sungatynyň röwşen ýolunda

Bu günki gün Diýarymyz uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Kaşaňdan owadan binalaryň ulanyşa berilmeginde, täzeleriniň düýbüniň tutulmagynda telekeçilerimiziňem mynasyp paýy bar. Olar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, daşary ýurt bazarlarynda-da öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Binagärlik sungatynyň ussatlarynyň biri-de «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýetidir. Habarçymyz bu hojalyk jemgyýetiniň direktory Baýram Orazberdiýew bilen söhbetdeş boldy. — Baýram, mälim bolşy ýaly, işewürlerimiz daşary ýurtlarda-da gözel ymaratlary bina edýärler. Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzüminde gurlan 160 orunlyk çagalar bagynyň, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Funtowo obasyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşyklaryny muňa mysal getirmek bolar. Siziň jemgyýetiňize hem dostlukly Täjigistan Respublikasynda täze mekdebi gurmak ynanyldy. Söhbedi şundan başlaýalyň!

Türkmen tamdyrynyň lezzeti bir başga

Tagamy agzyňdan gitmejek milli hem-de döwrebap naharlaryň gürrüňi-de diýseň datly bolýar. Naharlaryň hoşboý ysy, tagamy, taýýar bolandan soňky görnüşi nähili özüne çekýän bolsa, olar hakda edilýän gürrüňlerem gulaga şonça hoş ýakýar. Birnäçe ýyl bäri halka elýeterli bahadan hödürleýän ajaýyp tagamlary bilen köpleriň göwnüni awlamagy başaran «Tamdyr lezzeti» kafesine aýdylýan hoşallyk sözleri dillerden düşmän gelýär. «Il agzy – keramat» diýleni. Şeýle öwgä, ýokary baha mynasyp bolan bolsa, taýýarlaýan tagamlarynyň, hödürleýän hyzmatlarynyň halkyň göwnünden turandygy. Bizem bu günki datly söhbetlerimizi «Tamdyr lezzeti» kafesiniň tagamlary barada taýýarlamagy makul bildik. Türkmen tamdyrynyň üýtgeşik tagamlarynyň aýratynlygy bilen tanyşmagy göwnemakul görseňiz, onda biziň söhbedimize gulak goýup görüň! Türkmene mahsus häsiýetleriň biri myhmansöýerlikdir. Özüniň bar bolan ähli zadyny bereketli desterhanyna ýaýmak bilen, Taňry myhmanyny mynasyp hezzetleýän türkmen halkynyň ata-baba ýörgünli däp-dessuryna hormat goýup, ony dowam etdirip gelýändigine ilata hyzmat edýän döwrebap restoranlardyr kafelere baranymyzda-da göz ýetirýäris. Ine, öz müşderilerine myhman paýyny sowgat edýän jemgyýetçilik iýmiti hyzmaty ýerleriniň biri-de «Tamdyr le

«Akaryň» täze önümleri satuwa çykýar

Mundan 20 — 30 ýyl ozal toý saçaklarynda miwe içgileriniň barmak büküp sanaýmaly görnüşleri bolardy. Häzir bolsa şerbetleriň, gazlandyrylan miwe suwlarynyň ýüzlerçe görnüşi bar. Ýurdumyzdaky bu haryt köpdürliliginiň, bolçulygynyň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kiçi we orta telekeçiligi goldamagy, ýaş telekeçileri höweslendirmegi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde olaryň mümkinçilikleriniň doly möçberde ulanylmagy üçin amatly maliýe, maýa goýum, maddy-tehniki we beýleki şertleriň döredilmegi esas bolup durýar. Ýurdumyzda miwe suwlaryny, gazlandyrylan alkogolsyz içgileri öndürýän kärhanalardyr sehleriň hersi öz öndürýän önümleriniň tagamy bilen tapawutlanýar. Biz telekeçi Muhammetnazar Baýlyýewiň esaslandyran «Akar» alkogolsyz içgileri öndürýän sehiniň aýratyn taraplary barada sizi ýakyndan tanyşdyrmagy makul bildik.