Innowasion ösüşiň möhüm şerti

11 Dekabr 2023
815

Sanly ykdysadyýete geçiş halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir. Şoňa görä-de, häzirki döwürde Türkmenistanda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwlet tarapyndan uzak möhletleýin maksatnamalaryň kabul edilmegi, zerur kanunçylyk özgertmeleriniň amala aşyrylmagy, iri maýa goýumlaryň özleşdirilmegi ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna şert döredýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilýär. Ýurtda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak boýunça täze wezipeler öňe sürülýär. Olar häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga, innowasion önümçilik gurluşlaryny döretmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge esaslandyrylandyr. Şunda sanly ykdysadyýetiň möhüm orny bardyr. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi 2025-nji ýyla çenli döwür üçin degişli Konsepsiýany durmuşa geçirmek esasynda alnyp barylýar. Bu Konsepsiýa döwlet maksatnamalary hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen utgaşdyrylýar.

Toýmämmet HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar