''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Waspy şygyrlarda, tarypy dilde

Bedewler merdana halkymyzyň milli buýsanjydyr, ýakyn syrdaşydyr, göwün ganatydyr. Behişdi bedewler ulus-ilimiziň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Gamyşgulak bedewlerimiziň waspy nusgawy şahyrlarymyzyň dürdäne goşgularynda, halk döredijiliginde giňden şöhlelenýär. Diýarymyzda atçylygyň milli medeniýetini döwrüň derejesinde dabaralandyrmaga gönükdirilen çäreler hukuk taýdan yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ugurda 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny bellemek ýerlikli bolar. Kanun 8 bapdan, 51 maddadan ybaratdyr.

Gündogaryň beýik akyldary

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, türkmen halkynyň adyny Arşa göteren meşhur şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek baradaky işler rowaç alýar. X — XI asyrlarda ýaşap geçen uly alym hem pir, halk arasynda Sarahs baba ady bilen meşhur Abul-Fazl Muhammet ibn Hasan Sarahsy hem şeýle şahsyýetleriň biridir. Golaýda gadymy Sarahs topragynda bu beýik piriň 1000 ýyllygy mynasybetli «Abul-Fazl Sarahsy — 1000 ýyllygyň binasy» atly ylmy maslahat geçirildi. Sarahs babanyň ömri, döredijiligi hakynda häzire çenli ynamdar maglumatlar ýetmezçilik edýär. Şeýle-de bolsa, Ferideddin Attaryň «Tezkiretu-l-öwlüýä» («Weliler hakda kitap»), Muhammet Münewweriň «Mäne babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlar» atly kitabyndaky maglumatlar Sarahs babanyň şahsyýetiniň käbir taraplaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ferideddin Attar öz kitabynda Sarahs babany şeýle wasp edýär: «Abul-Fazl Hasan amanady saklaýan, dindarlyga amal ediji, ýalňyşmaýan, eziz, nogsansyz, mynasyp; ol watan söýgüsi bilen ýaşapdy we zamananyň ýeke-tägidi, jahanyň mähribanydy, takwalykda, muhabbetde, rehimdarlykda belent derejeli bolupdy, onuň keramatda, parasatlylykda çägi bolmandy. Magryfetde we hakykat ýolunda meşhurdyr». Muhammet Münewweriň ýatlanan kitabynda berilýä

Içirgi

«Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Atdyr ýigidiň myrady», «At — myrat» ýaly pähimleri döreden türkmen halkymyz irki döwürlerden bäri bedew atlary eldekileşdirip, seýisläp gelipdirler. Muňa gadymy Marguşdan tapylan taýçanagyň mazary hem şaýatlyk edýär. Şol ýerde taýçanagyň ýanynda kiçijik tüýdük hem tapylýar. Bedew atlaryň gözelligine gözellik goşýan senetçilik işleriniň biri-de içirgidir. Içirgiler haly, palas, keçe görnüşinde atlaryň ölçegine görä ýerine ýetirilipdir. Palas görnüşiniň içine gaty bolansoň, çümmez ýaly keçe tutulýar. Palasdan, keçeden edilen içirgiler atlary ýagyşdan, gardan, sowukdan goramak üçin, esasan, gyş aýlary ýapylýar. Keçe içirgiler, esasan, çal, gara reňkli ýüňden edilipdir. Bu görnüş «jul», «at keçe», «at arka» diýlip hem atlandyrylýar. Haly içirgiler toý-baýramçylyklarda bedewlerimizi bezäpdir. Içirgiler, bir tarapdan, bedewe owadanlyk berse, ikinji tarapdan, çapyp gelen ata şemal kakmazlygy üçin ýapylypdyr. Içirgi bedew atyň boýnundan, aýaklaryndan galan ýerini ýapýar.

Binalarda nal şekili

Bu binalara ser salsaň, ilkinji nobatda, nal şekiline nazaryň eglenýär. Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýän döwründe iş saparynda bolan pursadynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň daşky bezeg aýratynlyklaryna, onuň ýazgylaryna ünsi çekip, bu ýokary okuw mekdebiň adynyň nalyň şekiliniň içinde ýerleşdirilmeginde özboluşly manynyň bardygyny belledi. Türkmen halky naly şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplaýar. Binagärlik bezeginde milli gymmatlyklaryň ornaşdyrylmagy halkymyzyň döreden ýagşy dessurlarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň, durmuşymyza içgin ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Ahalteke atlarynyň reňk aýratynlyklary

Tohum atçylykda, aýratyn-da, ahalteke tohum atlaryny köpeltmekde, olaryň reňkine, nyşanlaryna, atlara at dakmaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Atlar biri-birinden reňki, nyşanlary we beýleki hususy alamatlary bilen hem-de olara dakylan atlary bilen tapawutlandyrylýar. Atyň reňki onuň göwresini örtýän örtük tüýleriniň we gorag (ýaly, saçy (käkili) we guýrugy) tüýleriniň reňkleri boýunça kesgitlenilýär.

Milli buýsanjymyza buýsanç

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy, meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýew sungatda togsan dokuz göterim zehin, bir göterim ukyp gerek diýlenine ynanýar diýsek, geň zat aýtdygymyz däl. Ony ýakyndan-u-daşgyn tanaýanlaryň ählisi tassyklaýar. Özi-de «Şägirtlerim ussahanama gelenlerinde işläp ýören bolsam, ýene-de agşam ugradyp iş başyna barmagy göwnüme jaý görýärin» diýýär. Saragt aga perzende, şägirde aýdyp däl-de, özüniň işi bilen görelde bolmagynyň möhümdigine ynanýan borly. Döredijilik bilen başagaýlygyndan ýaňa şahsy wagty az hem bolsa, halypa kitap okamaga-da wagt tapýar. Ussadyň ýanyna baranymyzda hem ol iş üstünde eken. Onuň ussahanasyndaky tamamlanan-u-tamamlanmadyk işleriniň aglabasy diýen ýaly meşhur şahsyýetlere, türkmen bedewlerine bagyşlanan. Sungat işid-ä, bedewleriň ululy-kiçili heýkellerini gören badyňa olar baradaky pikirler kellä gelýär. Onsoň halypanyň özüne bedewler baradaky işleri hakynda birnäçe sowal berdik.

Asmandan inen ykbal

...Gadymyýetde edenli hasaplanylýan her bir türkmeniň gapysynda bedew atynyň bolandygy hakynda edebiýatlardan köp okapdym. Hakydamyza ýazylanlar bolsa, muny tassyk edýärdi. «Älem içre at gezer» romanymdaky Mämiş seýisli, «Döwlet guşundaky» Aba seýisli wakalar hem eşiden gürrüňlerimden ýadymda galanlary. Mämiş seýis atyny başga adama ynanmandyr, aýlawlarda hem ony özi çapypdyr. Onuň atyna arpany irigöz elekden, ýele sowrup, eläp berendigini, arpanyň sagdyn hem dok dänelerini saýlandygyny eşidipdim. Neberämizde Nepesaly serdaryň, Pyhy baýyň, Gök baýyň hem bedewlere sarpaly bolandyklary, gapylarynda iş atlary bilen birlikde, seýislenýän bedewleriniňem bolandygy baradaky il arasyndaky gürrüňleri belleşdiripdim, milli sungatymyz hakynda söz açanymda, şolar ýadyma düşýär. Halypa mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew Tejen derýasynyň etegindäki obalaryň birine işlemäge iberilende, Aba Annaýew hem onuň ýanynda bolan. Atam Berdimuhamet Annaýewiň oňa: «Sen at boýunça akademik» diýýändigi durmuşyň hakyky wakalaryndan alnan. Aba Annaýew «atyň üstünde ulalan adam» diýilýänlerden bolupdyr.

Edebi älemiň ägirdi

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy umumadamzadyň ruhy hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň ägirdine öwrülen şahsyýet. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleri üç asyrdan bäri şahyrlar we alymlar, şeýle hem ýaşlar üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, türkmen ýaşlary we edebiýat barada gürrüň açanymyzda, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijiligine ýüzlenmek maksadalaýyk bolup durýar. Milli edebiýatyň asyl kökleri halk döredijiligine, «Görogly» eposyna, dessanlara birleşýär. Gündogaryň beýik akyldary, türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Magtymgulynyň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri many-mazmun taýdan ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir. Akyldaryň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir. Onuň döredijiligi Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji ýaly görnükli söz ussatlary

Gadymy mirasyň ýaňy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy gorap saklamaga, ony dünýä ýaýmaga ýaşlarymyzy millilik ruhunda terbiýelemäge Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly ähmiýet berilýär. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Nusaý» taryhy ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy. Gezelenjiň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri, «Nusaý» taryhy ýadygärlikler toplumynyň taryhy ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndaky taryhy maglumatlar dogrusynda ýaşlaryň arasynda täsirli gürrüň edildi. Nusaý galasynyň taryhy gymmatlygy, ol ýerden tapylan birnäçe tapyndylar dogrusynda goraghananyň hünärmenleri giňişleýin gürrüň berdiler.

Bagtyň synmaz güwäsi

Milletimiziň ruhuny beýgeldýän, şöhratyny bütin äleme ýaýyp gelýän gymmatlyklarymyz bar. Olar elmydama gursaklarymyzy çoýup, biziň bilen bile ýöreýär, bizi ýeňişli ýollarymyzda goldaýar. Şolaryň biri behişdi ahalteke bedewlerimiz berkararlygyň we rowaçlygyň esasy alamaty bolup, ýüreklerimize ornady. Ata-babalarymyzdan gaýdýan gadymy bir sargyt bar. Ahalteke atlarynyň sarpasyny örän belent tutmalydygymyz baradaky bu sargyt parasatly sözleriň we nakyllaryň üsti bilen bize gelip ýetipdir. Şolarda biz bedewiň gadyr-gymmatyny duýýarys. Halkymyzyň arasynda bedew babatynda giňden ýaýran «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýen sözlerde bolsa, biz şol sargydyň berjaý edilýändigini aýdyň görýäris.

Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz

Halkymyz owal-ahyr bedew aty syrdaşy, wepaly ýoldaşy hasaplapdyr. Dessanlarda-da, rowaýatlarda-da, ertekilerde-de, halk döredijiliginiň ähli görnüşlerinde-de at öz mynasyp ornuny tapypdyr. «Düýşüňde at görseň, maksat-myradyňa ýetjegiňdir» diýlip görülýän düýşler oňatlyga ýorlupdyr. Öňüňden at çyksa, türkmen «Maksadymy Allanyň berdigidir. Gapymda toý boljakdyr» diýip, ýagşy ynanja uýupdyr. «At aljaga, ogul öýerjege Alla ýetirer» diýen pähimi gursagynda göterip, gapysynda toýlar tutupdyr. At hakynda eşiden rowaýatlarymyzyň käbiri goşgy setirlerine siňen bolsa, käbir rowaýatlar, gürrüňler atlaryň keşbine gözümiz düşende, derrew hakydamyza dolýar. Gadym döwürde bir maşgalanyň başyna köp kynçylyklar düşüpdir. Bu ýagdaý ýigidi köp oýlandyran. Öýünde söýgüli atyndan başga zat galmadyk şol ýigit bu ýagdaýy bir ulamanyň ýanyna baryp, gürrüň beripdir. Ulama ýigidi ünsli diňläp: «Oglum gapyňda ýeke atyň, ojagyňda ýalňyz özüň galan bolsaň, onda sen atyňy ýanyň bilen alyp, hol ilerki gonamçylygyň bir çetine bar-da, dur! Atyňy öz erkine goýber! Ol haýsy ýere baryp, ýer peşeläp başlasa, sen şoňa pugtaja üns ber! Ol ýerde seniň dünýäden öten, belli günleri bellenilmedik, aşy-suwy berilmedik, ruhuna degsin edilmedik, aýat-töwir okalma

Belent maksat bilen arzyly menzile

Bedew türkmeniň ganaty hem-de zynatydyr. Ol nepis halylarymyz, beýleki milli gymmatlyklarymyz ýaly dünýä halklaryny haýrana goýýar. «Maral basyşly, towşan turuşly, bozduman aýakly, bazbent toýnakly, jeren bakyşly» diýlip wasp edilýän bedewleriň çapuwda laçyna, gylyk-häsiýetde hüýrmelek gyza, wepalylykda dosta deňelmegi ýönelige däldir. Türkmen jigitleri bedewleri çyn dosty saýyp, atlaryny dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Döşi, boýny gaýyş guşakly, zer çaýylan şaý-sepler bilen bezelen bedewlerimizi görmäge göz gerek. Tebigatyň türkmene eçilen şeýle owadan hem ýüwrük, adam häsiýetli, uzyn aýakly, sagrysy belent, alma gözli bedewlerimiz bu günki gün hem halkymyzyň buýsanjy, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. Halaç etrabynyň Pelwert geňeşliginde doglan, il içinde «Jangeldi seýis» ady bilen meşhur bolan, özüniň jahyllyk döwrüni gumda mal, düýe, at bakyp, çopançylykda geçiren Jangeldi agany indi atsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. «Alma Jeren, münme Jeren, münseň Jeren, satma Jeren» diýip, jeren atynyň sagrysyny sypalap oturan halypa seýsiň ömür ýoly bu behişdi bedewler bilen berk baglanyşykly. Özüniň gürrüň bermegine görä, Jangeldi aga heniz 10-12 ýaşly oglanka, şol obalaryň ady belli at çopany Jumageldi Italmazow diýen ýa

Amul galasy: geçmişden geljege uzaýan ýollar

Pederlerimiz geçmişde umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gymmatlyklary döredipdirler, milli binagärlik däpleri esasynda gurlan desgalardyr ymaratlary miras galdyrypdyrlar. Jeýhun boýlarynda-da şeýle taryhy-medeni ýadygärlikleriň 188-si hasaba alnyp, olar döwlet tarapyndan goralyp saklanylýar. Türkmeniň şan-şöhrata beslenen geçmişine şaýat bolup, biziň günlerimize gelip ýeten desgalaryň biri-de Amul galasydyr. ürkmenabat şäheriniň günorta künjeginde ýerleşýän galada dürli döwürlerde türkmenistanly we daşary ýurtly alym-arheologlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilip, gymmatly tapyndylaryň üsti açyldy. Häzirki wagtda hem bu işler giň gerimde dowam etdirilýär. Ynha, bu gün bolsa welaýat merkezinde hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» diýen at bilen geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guraýan bu çäresine dünýäniň birnäçe döwletinden arheologlar, taryhçylar, mirasy öwrenijiler, halkara bilermenler gatnaşýarlar. Maslahat iki günläp dowam eder.

Gadymyýetiň genji-hazynasy

Gadymy Amul şäheri Horasan bilen Mawerannahryň söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşip, müňlerçe ýylyň dowamynda kemala gelipdir. Bu ýerde, takmynan, 2000 ýyl mundan ozal ilkinji ilat peýda bolupdyr. Olar, esasan, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Bol suwly Amyderýanyň ýakasynda ýerleşmegi bu ilatly mekanda ýaşamak üçin oňat şertleri döredipdir. alada dürli ýyllarda ylmy-barlag işleri geçirildi. 1950-nji ýylda Galina Pugaçenkowanyň ýolbaşçylygyndaky Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy Amulyň töwereklerinde I-II asyrlara degişli galanyň bardygyny kesgitledi.

Müňýyllyklaryň ýaňy

Dürli ýyllarda Amul galasynda alym-arheologlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilende, üsti açylan gymmatly tapyndylaryň arasynda zähmet gurallary, şaý-sepler, hojalykda ulanylýan gap-gaçlar, gurluşyk serişdeleri we beýlekiler bar. Ylmy taýdan gymmatly bolan bu tapyndylar muzeýimizde saklanylýar, öwrenilýär. Möhür. Ol toýun palçykdan galyba basylyp ýasalypdyr. Onuň ýasy tarapynyň diametri 5 santimetr bolup, ýüzünde burum şahly keýigiň kellesini yza öwrüp duran şekili ýerleşdirilipdir. Tutawajynyň boýy hem 5 santimetre deňdir. Keýik öň çep aýagyny ýarym epip, ýöräp barýan şekilde görkezilýär. Möhüriň daşynda 20 sany tegelek nokatjyklar ýerleşdirilen. Şunuň ýaly ölçegdäki terrakota möhüri W.N.Pilipko tarapyndan Kerki etrabyndaky Mürzebeggaladan hem tapylýar. Amuldakydan tapawutlylykda Mürzebeggaladaky möhüriň ýüzünde atyň, guşuň, öküziň kellesiniň we bugdaý hoşasynyň şekilleri bar.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Ahalteke bedewleri behişde mynasyp görülýän, gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasydyr. Gamyşgulak bedewlerimiz halkymyzyň gymmatly hazynasydyr.

Täsin haly önümleri

Bir gezek dutaryň halydan dokalan gabyny görüp geň galypdym. Haly horjunyň, haly çuwalyň, haly eňsiniň (gapy kilim) bardygyny bilýänem bolsam, dutardaşy (ony şeýle atlandyrýan ekenler) görmändim. Ýöne soňra eşidip otursam, täsin haly önümleri başga-da kän eken.

Törleriň bezegi

Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orna eýe bolan sallançak törleriň bezegi, öýleriň ýaraşygy hasaplanýar. Sallançaklaryň şekil taýdan nämä meňzedilip ýasalandygy baradaky gyzykly maglumatlar bolsa halkymyzyň ýagşy ynam-ygtykatlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halk arasynda ýörgünli bolan gürrüňler, rowaýatlardyr tymsallar sallançagyň şekili hakyndaky pikirleri has-da baýlaşdyrýar. Sallançagyň täze dogan Aýa meňzedilendigi baradaky pikirler hem ata-babalarymyzyň maňlaýa sylyp togap edýän mukaddeslikleriniň biri bolandygyndan gözbaş alýar. Täze doglan bäbejik, täze dogan Aý ýüze sylynyp togap edilipdir. Sallançaklar hem şeýle mukaddeslik derejesinde sarpalanypdyr.

Beden maşklarynyň halk döredijiligi bilen baglanyşygy

Halk döredijiliginiň şahyrana görnüşleri bolan matallary, sanawaçlary, ýaňyltmaçlary öz içine alýan türkmen milli oýunlarynyň baş maksady nesil terbiýesine gönükdirilendir. Matallar adamda synçylygy, özbaşdak we çalt pikirlenmegi, suratlandyrylýan zadyň häsiýetini, özboluşly alamatlaryny göz öňünde janlandyrmak endigini ösdürmäge ýardam edýär. Galyberse-de, matallaryň irki wagtlarda toý-tomaşada aýdylyp, märekä şowhun bermek, köpçüligiň şadyýanlygyna şärik bolmak ýaly maksatlary bilen örän jaýdar ulanylandygyny bellemek gerek. Sanawajy bolsa ýüzugra sanap gutarmaly. Sägindigiň sanawajyň heňi, akgynlylygy, gyzygy gaçar. Owadan, akgynly, yzygider gürläp öwrenmek üçin-de sanawajyň peýdasy uly. Onuň ýumşak, şadyýan äheňi bolsa seni hoşwagt eder. Şonuň üçin hem: «Sanawaçda säginme!» diýipdirler. Ýaňyltmaç sözlän wagtyň ýalňyşmazlyk üçin döredilendir. Kynlyk bilen aýdylýan sözleriň, dilimizi ýenjip, ony aýtmasy kyn sözlere uýgunlaşdyrmagy-da ýaňyltmaçlaryň ähmiýetine degişli. Halk döredijiliginiň bu görnüşiniň üýşmeleňde, adamlaryň arasynda gülki, şowhun döretmek ukybynyň bardygyny unutmaly däldiris.

Ýyndam at ýaryşda belli

(«Halkyň hakydasyndaky dünýä» ýazgylar toplumyndan) Ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik kesbi belli-belli atşynaslar tarapyndan dowamata öwrülipdir. Halk içinde şeýle adygan seýisleriň birnäçesi welaýatymyzda hem ýaşap geçipdir. Halk şu güne çenli Meret maýury, Armyk agany, Jemer seýsi, Şyhberdi agany, Aman Gülegi, Gurbanmeňlini, Amanmämmet agany we beýlekileri «atyň dilini bilen» ussatlar hökmünde ýatlaýar.