Mongol kalbynyň gözellikleri

10 Oktýabr 2024
441

Mongol medeniýeti baradaky gürrüňimizi bu halkyň ata bolan söýgüsinden başlamagy makul bildik. Sebäbi edil biziň halkymyz ýaly, mongollar hem aty iň ýakyn dost, syrdaş saýýarlar. Milli baýramçylyklaryň, dürli derejedäki dabaralaryň hiç birini-de mongol atlary bolmazdan, göz öňüne getirip bolmaýar. Esasy bellemeli zat, mongollar hem öz çyn dostuna — bedew atyna döwlet tugralaryndan orun beripdirler.

Aýdym-saz. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan mongol aýdym-saz sungatynda esasy orun bokurdak-damak aýdymlaryna degişlidir. Şeýle-de morinhu, şanza, limba, huçir, ýeçir ýaly saz gurallarynyň ýanynda aýdymlaryň «so:kdurma» ýaly dürli görnüşleri ýerine ýetirilýär. Mongol aýdymlarynda her jümläniň soňy hökman so:kdurylyp aýdylýar.

Taýýarlan Annameret AMANAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar