''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Balyk — baýlyk-bereket

Toý dessurly şadessan

«Gorkut ata» şadessanynda toý däpleri hakynda gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Eseriň baş gahrymany Gorkut ata juda paýhasly, akyldar kişi bolupdyr. Ol toý-tomaşalarda saz-söhbet gurap, mähellä ruhy lezzet paýlapdyr. Şadessanda Baýbijan beg we Baýbugra begiň arasynda ogul-gyzyny adaglamak hakynda gürrüň gidýär. Bu gadymy däp türkmenlerde giňden ýaýrapdyr. Gorkut atanyň: «Ogly bolan öýerermiş, gyzy bolan göçürermiş» diýen sözleri häzirki döwürde hem dilden-dile geçip gelýär. Haçan-da bir ýere gudaçylyga gidip gelnenden soňra «oglanmysyň, gyzmysyň?!» diýlipdir. Bu aňlatma «gurtmusyň, tilkimisiň?!» görnüşinde-de gelýär. Eger iş şowly bolsa, gudaçylyga giden «oglan» diýipdir.

Paluda

Bir gezek goňşy obada ýaşaýan garyndaşlarymyzyň akgoýun toýuna gatnaşmak miýesser etdi. Toýda süýtli aş, palaw, ýarma, çekdirme ýaly naharlar bilen birlikde paluda aşy hem taýýarlanyldy. Şondan soň bu naharyň taryhy we taýýarlanylyşy bilen gyzyklandym. Paluda mäş unundan taýýarlanylýar. Ene-mamalarymyz mäşi edil bugdaý üwelen ýaly el degirmeninde ýa-da harazda üwäpdirler. Paludany taýýarlamak üçin mäş ununy jama salyp, unuň göwrümine barabar suw guýup, bulamak taýýarlamaly. Bulamagy haýal otda tä goýalýança we durlanýança çemçe bilen bulap durmaly. Dury bulamagy iri göz elekden geçirip, öňünden taýýarlanylyp goýlan, düýbüne buz düşelen sowuk suwly jama süzmeli. Şondan soň sünnälenilip kesilen uzyn-uzyn unaşyň şekili emele gelýär we taýýar paluda öwrülýär. Sowuk suwda birneme bekişen paludanyň suwuny döküp, gurandan soň başga gaba salyp, agzyny ýapmasaň we sowuk ýerde goýmasaň, ol guramak, solmak bilen bolýar. Ene-mamalarymyz taýyn paludadan şobada owkat taýýarlapdyrlar ýa-da ätiýaçlyk üçin buzly ýerde goýupdyrlar. Mäş unundan taýýarlanylan paluda aýna ýaly dury bolýar.

Daşlaryň arasynda göwher bar

Hekaýat Märekede oturan adamlaryň biri uzak ýyllaryň dowamynda köpçülige kän bir goşulyp-garylmaýan, diňe öz durmuşy bilen başagaý obadaşyna igenipdir:

Çarwa göçi

Maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwalara arkama-arka bir ýerde oturymly ýaşamak miýesser etmändir. Olar mallarynyň tükel bolup, öz hojalyk, durmuş hajatlaryna ýarap durmagy üçin bol suwly, sonar öri meýdanly ýerlere göçüp-gonup ýörüpdirler. Maldarlar ýylyň dowamynda üç gezek bahar, tomus, gyş aýlarynda ýurt çalşypdyrlar. Göçmek üçin uly maşgalalara 4-5 düýe gerek bolupdyr. Ýük düýäniň gerşine batyp, ýagyr etmez ýaly, ozaly bilen onuň howut-halygyny, hatabyny göwnejaý edipdirler. Tomus paslynda çarwaçylyga degişli derwaýys zatlaryň hemmesi ýerbe-ýer edilipdir. Ene-mamalarymyz düýäniň iri ýüňünden howutlyk dokapdyrlar, goýun ýüňünden keçe taýýarlapdyrlar. Pederlerimiz howutlaryň içine selin, ýeken dykyp, ýörite temen bilen mäkäm köpäp, tanap işipdirler. Göçülende öýüň ugudyr täriminiň döwülýän wagty bolupdyr. Şonuň üçin göçegçileriň ýanynda düýäniň hamyndan ýasalan tasma bolupdyr.

Ýaş edebiýatça söz berilýär

DOSTLUGYŇ SARPASYN BELENTDE TUTUP... Türkmen halky dosta, dostluga uly sarpa goýýar. Ata-babalarymyz hemişe-de dosty dogan ýaly hasaplapdyrlar. Halk arasynda dostluk sarpalanyp: «Dost — dostuň aýnasy», «Dost geňeşde belli, semiz — ýörişde», «Dosta bereniňi sorama, goňşa bereniňi dileme», «Dostsuz başym — duzsuz aşym», «Dostuň geldi — baýram boldy» diýen ýaly nakyllardyr atalar sözleri ýaşaýar.

Agajy işläp bejermek sungaty

Senetçiligiň asyrlar içre arzylanyp gelnen kämil görnüşleriniň biri hem agaç ussaçylygydyr. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu sungata ähmiýetli orun degişlidir. Ata-babalarymyz agaç ekmegi, ony ösdürip ýetişdirmegi sogap iş hasaplapdyrlar. Munuň şeýledigini «Agaç jennetden çykypmyş», «Agaçly obany sil almaz», «Agaç ýapragy bilen görkli» ýaly halk aýtgylary, nakyllar hem tassyklaýar. Türkmen halkynyň agaçdan ýasalan owadan önümleri hem milli sungatymyzyň gadymdan gelýän görnüşidir. Olaryň özüne mahsus aýratyn gözelligi bar. Agaçlary ýetişdirmek, olardan dürli çig mallary, önümleri taýýarlamak binagärlik medeniýeti bilen berk baglydyr. Arheologik maglumatlara görä, mundan 7-8 müň ýyl ozal gurlan jaýlaryň üsti agaç pürsler bilen basyrylypdyr. Gümmezleriň, köşkleriň öňünde gurlan eýwanlaryň sütünleri hem agaçdan ýasalypdyr. Suw desgalary, dürli görnüşli zähmet gurallary, öý hojalygynda ulanylýan enjamlar — jykyr, nowa, ýag taýýarlamak üçin ulanylýan juwaz, ýük araba, gaýyk, naw kejebe, sandyk, aştagta, oklaw, kersen, çemçe, susak, dürtgüç, bedew atlaryň eýeri, howut, gaňňa ýaly gündelik durmuşda peýdalanylýan esbaplar agaçdan ýasalypdyr. Halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýleriň süňňüniň agaçdan bolmagyny hem bu sungatyň gazanan beýik üstünlik

Şaý-sepim — gözel zynatym

Pederlerimiz kämil derejedäki zergärçilik sungatyny, şol sanda gözellikden hem mähremlikden gözbaş alan milli şaý-seplerimizi döredip, özboluşly senedi bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen milli şaý-sepleri dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe boldy. Şaý-seplerimiziň bezegi  däp-dessurlarymyzyň, ajaýyp tebigatymyzyň gözelligini özünde jemleýär. Milli toý lybasyna we şaý-seplerine bürenen gelin-gyzlara gözüň düşende, ylla diýersiň, olar durky bilen tyllaýy Günüň şöhlesi kimin nur saçýarlar. Şol şaý-sepleriň her biri türkmen zergärleriniň döredijilikli zähmetinden hasyl bolýan hakyky sungat eseridir. Ata-babalarymyz kümüşden ýasalan şaý-sepleri dakynmagyň peýdalydygyna, olara oturdylýan gymmatbaha daşlaryň adamyň ykbalyna, ýaşaýyş-durmuşyna, meşgul bolýan işine, saglygyna amatly täsir edýändigine ynanypdyrlar. Gyz-gelinlerini, bedew atlaryny göwher, zümerret, lagyl, altyn, kümüş ýaly gymmatbaha daşlardan ýasalan şaý-sepler bilen bezäp, olary ýelden, Günden gorap, apalap saklapdyrlar. Şaý-sepler terbiýeçilik, däp-dessur wezipesini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, zenanlaryň syratly, sagdyn bedenli bolmagyna hem ýardam beripdir.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmeniň ruhy mirasynyň genji-hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Gahryman Arkadagymyz “Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr” diýip belleýär. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygynyň bu guramanyň Şanly seneler sanawyna goşulmagy beýik akyldaryň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny, döredijilik dünýäsiniň gymmatynyň has-da artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň akyl-paýhas mirasyny ýaş nesillere öwretmekde, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmakda uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynd

Ahalteke atçylyk sungaty — umumadamzat gymmatlygy

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň şu ýylyň 5-nji dekabrynda geçirilen 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habar ähli halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Bu taryhy waka mynasybetli Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen hoşallyk maslahaty hem ýokary ruhubelentlige beslenip, ildeşlerimiziň ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň halkara derejede ykrar edilmegine egsilmez guwanjyny äşgär etdi. Maslahata Halkara ahalteke atçylyk we türkmen alabaý itleri assosiasiýalarynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň jogapkär işgärleri, ýurdumyzyň halypa seýisleri, çapyksuwarlary, atşynaslary, döredijilik işgärleridir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa öz çykyşynda:

Magtymguly myhmansöýerlik barada

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary edebi gymmatlyklarymyzyň özeni hasaplanylýar. Şahyryň sarpasy ähli döwürde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de belentden tutulýar. Myhmansöýerlik türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup, ol akyldar şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr goşgularynda myhmansöýerligi türkmeniň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde suratlandyrýar.

Ak hem gara işmesi...

Ak, gara reňkler örän oňat sazlaşýar we nepis alajany döredýär. Bu sapaklaryň goşulmagyndan ýasalan nepislige «alaja» diýilýändigi hemmä belli hakykat. Ak hem gara reňkleriň tebigy sazlaşygynda gije bilen gündizi görýäris. Çagalykda öwrenen zatlaryň ýadyňda, gören-eşidenleriň hakydaňda galýar diýleni. Ejem maňa çagalygymda el işleriniň aglabasyny, ýagny tikin işlerini, keçe basmagy, haly dokamagy, keşde çekmegi, örüm işlerini öwrederdi. Däp-dessurlara, yrymlara, milli ýörelgelere, el işlerine ýüzlenmeli bolsam, ilki bilen, ejemiň öwreden zatlary göz öňüme gelýär. 3-nji synpdakam elime iňňe-sapak alanym, ejemiň köýnegimiň ýakasyna alaja bagjyk işmegi yhlas bilen öwredişi şu günki ýaly ýadymda.

Hala örklenen ykbal

Alym Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp halylarymyz, olaryň aýratynlyklary hakynda gyzykly gürrüňler berilýär. Kitapdaky: «Gül-gunçasy gara gözüňe, gara daglary daýanjyňa, ýelleri sabanyň nepesine, çölüniň çägesi zer dänesine, mukamdyr aýdym-sazlary älemiň sedasyna meňzeýän eziz Diýarymyzyň her ertiri meniň kalbymy heýjana getirýär» diýen şahyrana setirler kalbyňy joşdurýar. Asly kärim mugallymçylyk bolsa-da, meniň üçin halyçylyk sungaty-da ýat hünär däl. Obamyzyň, ýagny Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Börme obasynyň ähli gelin-gyzlary diýen ýaly haly dokaýar. Meniň ejem, aýal doganlarym, daýzalarym haly dokaýar. Ejemiň ulugyz wagty haly dokanda ulanan synnysy, keseri, daragy häzir hem öýümizde arzylanyp saklanýar. Ejem: «Ulugyzlar durmuşa çykmanka, öz sepini özi dokamaly, öz bukjasyny öz elleri bilen taýýarlamaly» diýip, hemişe sargaýardy.

TOÝA BESLÄN HÜNÄRIM

Öý şertlerinde el hünäriniň dürli görnüşlerini ýola goýan Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Aýjemal Öwezmyradowa bilen bolan gürrüňdeşligimiz türkmen zenanlarynyň el işlerine ähli yhlas-başarnygyny, zehinini we mährini siňdirýänliginiň mysalydyr. «Bikärden Taňry-da bizar» diýilýär. Wagta sarpa goýýan, her gününi ykbalyň peşgeşi hasaplaýan bu gelniň öz edýän işleri barada uly hyjuw, çäksiz buýsanç bilen berýän gürrüňleri göwnüňi göterýär. «Bu işe uýalarym Ogulgerek, Näzli, Aýjahan, ejem Soltan we onuň jorasy Gülnar dagy hem uly höwes bilen goşuldylar. Olaryň kömegi bilen ýüňden saçak dokamagy, olary elde bezemegi, alajalaryň dürli görnüşlerini örmegi, gelin-gyzlarymyzyň toý lybaslaryny owadan gaşlar, hünjüler, monjuklar, el keşdeleri, nagyşlar bilen bezemegi ýola goýduk. Her güni toý-baýrama beslenýän ajaýyp ýurdumyzda biri-birinden owadan baýramçylyklarymyz bar. Biz her baýramçylygyň öz manysyna görä-de dürli-dürli sowgatlyklary ýasaýarys. Ynha, bu günler bolsa hemmelere şatlyk paýlaýan Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda çagalara sowgat paýlaýan Aýazbabanyň sowgatlyk haltajyklaryny tikýäris. Täze ýyl arçalarymyzy bezemek üçin dürli oýunjaklaryň şekillerini ýasaýarys».

Änew — şöhratly geçmişiň, geljegiň nury

Uly üstünliklere beslenip, tamamlanyp barýan ýylymyzda ata Watanymyza şan getiren, pederleriň ýoluna ygrarly halkymyzy guwandyran, hyjuwlandyran wakalar kän boldy. Şol buýsançly wakalaryň biri Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinden Türki döwletleriniň medeni paýtagtynyň göçme nyşanynyň getirilmegidir. Şeýle-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet öýünde «2024-nji ýylda Änew Türki dünýäniň medeni paýtagty» ady bilen dabaraly maslahatyň geçirilmegidir. Änew şäheri türkmen topragyny ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä äşgär eden medeni ojakdyr. Bu ýerde geçen asyryň başlarynda, ýagny 120 ýyl mundan ozal, amerikan geology we arheology Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky topar ikinji ekspedisiýasyny gurap, gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler. Olar çig kerpiç bölekleriniň ýüzünde däneli ekinleriň, kömür ýaly garalyp galan bugdaý dänejikleriniň, olaryň gylçyklarynyň we gabyklarynyň üstünden barýarlar. Alym özüniň «Meniň ýatlamalarym» atly terjimehal görnüşli kitabynda ylmy taýdan delillendirip, Änewi ak bugdaýyň dörän ýeri hökmünde görkezýär. Onuň bu açyşyny ХIХ asyr türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Annagylyç Mätäjiniň «Ekip kemala getiren, // Kimdir seni başdan, bugdaý?» diýen şahyrana setirlerine ylmy taýdan esaslandyryp beren j

Bagtyýarlygyň röwşen nury

2023-nji ýyl Türkmenistan dünýä giňişliginde uly üstünliklere eýe bolýan, halkara abraýynyň has-da ýokarlanýan ýyly boldy. Şu ýyl Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyly dabaraly bellenilip geçildi. Ýurdumyz bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýä wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi 2023-nji ýylyň buýsandyryjy wakalarynyň biri hökmünde taryha girer. Köpetdagyň eteginde döwrüň täsin gudraty bolup dörän Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy bolsa diňe birinji ýarym ýyllygyň däl, eýsem, garaşsyz ösüşiň bütin taryhynyň iň şanly wakalarynyň biri hökmünde hem nygtalmaga mynasyp. Bu ýyl hormatly Prezidentimiziň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda Permana we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň meseleleri hakynda Karara gol çekmegi atşynaslygy sungat derejesine ýetiren ata-babalarymyzyň seýisçilige, çapyksuwarlyga siňdiren mil

Ildeşimiz — bäsleşigiň ýeňijisi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň soňky günleri dürli medeni çäreleriň, bäsleşikleriň guralmagy bilen utgaşýar. Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Täze Galkynyş döwri we milli miras» diýen şygar astynda ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň hünär bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzdan hem hünärmenleriň 2-si gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda sahna oýnuny görkezmekde we şu eserden bir goşgyny labyzly okamakda, taryhy desgalar we ýadygärlikler hakynda maglumatlary toplap, ylmy makalalary ýazmakda, wirtual muzeýe syýahat etmek boýunça şekilli görnüşleri taýýarlamakda, öz alyp barýan işi barada sowal-jogap alyşmakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowa bäsleşigiň ähli şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirip, birinji orna mynasyp boldy. Ildeşimizi Täze ýyl baýramynyň bosagasynda gazanan uly ýeňşi bilen gutlap, oňa geljekde-de uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Farabyň Gyzgalasy

Arheologik ýadygärlikler taryha, syrly maglumatlara baý. Geçmişiň şöhratly wakalaryny gujagynda ýygşyran ýadygärlikleriň käbirleri gojaman Jeýhunyň sag we çep kenarýakalarynda ýerleşýär. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky «Farap» şypahanasyna barýan ýoluň ugrunda uzakdan seleňläp görünýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň biri — Farabyň Gyzgalasy hem bar. Ylmy maglumatlarda beýan edilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň Farapdan Köneürgenje uzaýan şahasynyň ugrunda Gadymgala, Soltan Bibi ene, Ostygala, Nergyzgala, Gyzgala ýaly orta asyr ýadygärlikleri gojaman Jeýhunyň kenaryna seteran düzülipdir. Munuň özi bu halkara kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşýän oturymly ýaşaýyş ýerlerinde suw üpjünçilik ulgamynyň kämil derejede gurlandygyny, ikinjiden, bu ýadygärlikleriň halkara söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen düşelge — söwda merkezleri bolandygyny äşgär edýär.

Türkmenistan — dünýä medeniýetiniň gadymy ojagy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Eziz Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek, her bir raýatyň kalbynda milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgini kemala getirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyz dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň biri bolmak bilen, müňýyllyklaryň dowamynda uly ähmiýetli öwrülişikleriň bolup geçen merkezleriniň biridir. Bulary ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň mysalynda has aýdyň görmek bolýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynda öz beýanyny tapmak bilen, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr.

Wepadar dostuny hemdemi saýan

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginde ýaşaýan Şaguly Taganlyýew köp ýyllar bäri türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirýän, olary aýawly idedip, sanyny köpeltmekde göreldeli işleri bilen adygan halypa itşynaslaryň biri. Bu asylly iş altmyş ýyldan gowrak wagt bäri onuň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şaguly aga şu mahala deňiç ýetişdiren alabaý itleriniň ählisiniň atlaryny bir-bir sanaýar, hersiniň häsiýeti, durmuşynda galdyran täsirli pursatlary barada hem emgenmän aýdyp berýär. Ussat itşynas bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň binalar toplumynyň öňünde duşuşmak, tanyşlyk açyp, gürrüňdeş bolmak nesip etdi. Ol bar ünsüni bir ýere jemläp, bu toplumyň her bir binasyny guwançly synlaýardy.