Ildeşimiz — bäsleşigiň ýeňijisi

25 Dekabr 2023
716

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň soňky günleri dürli medeni çäreleriň, bäsleşikleriň guralmagy bilen utgaşýar.

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Täze Galkynyş döwri we milli miras» diýen şygar astynda ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň hünär bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzdan hem hünärmenleriň 2-si gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda sahna oýnuny görkezmekde we şu eserden bir goşgyny labyzly okamakda, taryhy desgalar we ýadygärlikler hakynda maglumatlary toplap, ylmy makalalary ýazmakda, wirtual muzeýe syýahat etmek boýunça şekilli görnüşleri taýýarlamakda, öz alyp barýan işi barada sowal-jogap alyşmakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowa bäsleşigiň ähli şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirip, birinji orna mynasyp boldy. Ildeşimizi Täze ýyl baýramynyň bosagasynda gazanan uly ýeňşi bilen gutlap, oňa geljekde-de uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Myrat Bagşyýew.
Beýleki habarlar