''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Saç toýy

Gadymyýetden gözbaş alyp, asyrlarboýy dowam edip gelen toýlarymyz halkymyzyň milli aýratynlygynyň bir şahasy, ýakymly dünýäsidir. Ol toýlaryň haýsy birini alyp görseň-de, özüne mahsus özboluşlylygy görmek bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şol gadymy ata-baba toý däplerimiz gaýtadan dikeldilýär. Milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek, dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol toý däpleriniň biri-de, saç toýudyr. Maşgalada bir ýaşy dolan çaganyň ýüpek ýaly çile saçy toý tutulyp aldyrylýar. Oňa saç toýy, kä halatlarda galpak toýy diýilýär.

Danalardan dürdäneler

Eger-de çagany ýalňyş ýoldan alyp galjak bolsaň, onuň bilen bile ýöre, şonda ony dogry ýola gönükdirmäge pursat taparsyň. Çagaňa oýlap tapmagy we döretmegi öwret. Şonda onuň öňünde tutuş dünýä açylar.

Galyp (Mizemez miras)

Türkmen senetkärleriniň işleriniň ilerlemeginde galybyň orny uly bolupdyr. Küýzegärlikde küýze, golça, gulply küýze, hum, humdan ýaly palçykdan her dürli önümleri ýasamakda we şekil bermekde galyplar ulanylypdyr. Gadymy «Erkin gün» atly dessanynda Nowruz gelip, Gün gaty gyzdyryp ugransoň, howruna demir eredilendigi barada gürrüň berilýär. Çoýundan we demirden dürli gaplary, gazanlary, tüňçeleri, taňkalary ýasan türkmen senetkärleri olaryň özüne mahsus galypdan peýdalanypdyrlar. Binagärlikde ulanylýan galyplaryň durnukly hem-de berk ymaratlaryň emele gelmeginde ähmiýeti uludyr. Gadymy ata-babalarymyz şeýle galyplarda kerpiç guýupdyrlar. Agaç ussalary galyplary söwüt hem-de erik baglarynyň guran agaçlaryndan ýasapdyrlar. Uly adamlar üçin dört-bäş, hat-da ondanam köp gözli galyplar ýasalypdyr. Ýetginjekler üçin iki-üç gözli galyplar buýrulypdyr. Şeýle galyplarda kerpiç guýlupdyr. Galyplar kerpiçleriň ululygyna-kiçiligine laýyklanypdyr. Ilki belli bir uzynlykdaky we giňlikdäki tekiz tagta alnyp, soňra arasy bölek tagtajyklar bilen bölünipdir. Neçjarlar şol aralyk tagtajyklaryň insiz tarapyny ildirgiç görnüşli taslapdyrlar. Daşyndan, töwerekleýin geçýän tagtadan bolsa, içi deşiklije orundan edilipdir. Soň-soňlar aralykdaky tagtajyklary çüý bilen berkitmek arkaly galyp ýasa

Zähmetsöýerlik - bagtyň gözbaşy

Zähmet adamyň öz-özüni ykrar etmegidir, ýaşaýşa bolan söýgüsiniň gözbaşydyr. Halal we päk zähmet baýlygyň çeşmesidir, bagta ýetmegiň iň ygtybarly ýoludyr. Hut şonuň üçin-de çagalarda zähmetsöýerligi terbiýelemek maşgalanyň we okuw-terbiýeçilik edaralarynyň esasy wezipesidir, jemgyýetçiligiň öňündäki borjudyr. Zähmetsöýerligi terbiýelemegiň usullary we ýollary saýlanylanda kämil şahsyýetiň göreldesini, nusgalyk zähmet ýoluny öwrenmek hem-de wagyz etmek maksadalaýyk we netijeli bolar. Çünki perzent ýalan-ýaşryk öwüde däl-de, göreldä mätäçdir. Şonuň üçin-de terbiýäniň ýagşysy-da göreldedir. Diňe göreldeli maşgalada kemally perzent, görnükli şahsyýet ýetişýär. Hormatly Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly aganyň zähmet ýoly bilen tanşanymyzda zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen bu beýik ynsanyň durmuş ýolunyň ýaş türkmenistanlylar üçin hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygyň, maksadaokgunlylygyň, halallygyň, jogapkärçiligiň kämil nusgalyk ýoludygyna göz ýetirýäris. Mälikguly Berdimuhamedowyň uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmeti, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda bitiren aýratyn uly

Garry gaýa gaçar, ýigit — düze

Atam möwritinde bir ýolbars güýç--gurbatdan galyşyna awunam alybilmän, güneşläp ýatan ekeni. Şol mahalam onuň ýanyna bir dyzmanak möjek geläýmezmi? Olar hal-hözir soraşanlar. — Ýör, ýolbars aga, seni bir hezil etdireýin. «Hoş» diýip, yzyma düşseň bolany.

Halallygyň ölçeg birligi

Iller-günler ak diýseler, aksyň sen,Iller-günler gök diýseler, göksüň sen,Iller-günler bir zat diýýän bolsalar —Takmynan, takmynan, şonçaraksyň sen. Türkmeniň Mylly agasy hakynda pikir edenimde, hemişe galamdaşymyň şu setirleri ýadyma düşýär. Bu garagöz ymmatda gadymlardan bäri üýtgewsiz bir ýörelge bar: il-günüň kesen nyrhynyň kösti bolmaýar. Takmynan, takmynan, şonçarak çykýar.

Ýag depbesi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan esbaplaryň biri-de depbedir. Depbe geçmişde türkmen hojalyklarynda giňden ulanylan gaplaryň biri bolup, onda ýag saklanylansoň, oňa «ýag depbesi» hem diýlipdir. Ol küýze görnüşinde, ululy-kiçili, iki gulply bolýar. Agzy hem dyky bilen ýapylýar. Ata-babalarymyz çyryş ösümliginden peýdalanyp, öz durmuş hajatlary üçin zerur bolan ýag depbesini taýýarlapdyrlar. Çyrşyň köki alnyp, ownuk dogralyp, az mukdarda suw guýlup, ol tä ýelim görnüşine gelýänçä gaýnadylypdyr. Soňra matadan torba tikilip, onuň içine saman ýa-da yzgarly gum doldurylypdyr. Içi doldurylan torbanyň daşyna taýýar çyryş çalynýar. Ol gurandan soň bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanýar we Gün düşmeýän ýerde guradylýar. Ýelim gowy gurandan soňra, onuň içindäki samandyr gum doldurylan torba aýrylyp, depbäniň has-da berk bolmagy üçin gyzgyn, gaýnap duran ýaga batyrylýar. Türkmen halkynyň çarwadarçylyk bilen meşgullanýanlary süýt-gatyk önümlerini ýaýyp, saryýag alypdyrlar. Ony bolsa depbede saklapdyrlar. Onda saklanan saryýag zaýalanmandyr. Depbede ýedi ýyl saklanan saryýagyň dermanlyk häsiýeti has-da güýçlenip, kesel bejermekde peýdalanylypdyr. Ýag depbesiniň dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýandygy üçin onda saklanýan önüm hem dermanlyk häs

Zenan zehininden döreýän gözellik

Göreniňde gözleriňi dokundyrýan gözellikleriň ençemesi ynsanyň zähmeti bilen kemala gelýär. Zenanlar hem gözellikleri döredijiler bolup, gözleriniň gören, göwünleriniň söýen ajaýyplyklaryny el işlerine, keşdedir gaýmalara geçirip, olaryň keşbini baky ýaşadýarlar. Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar. Köz ýaly ýanyp duran keteni köýnegi, dürli nagyşlara beslenen çyrpydyr kürtesi, çabytdyr begresi owadanlygy bilen görenleri haýran edýär. Päk zähmetden kemala gelýän keşdelerde tebigatyň gözelligine gözellik goşýan müň dürli gülleriň keşbini görmek bolýar.

Kitap — Ruhy hazyna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň neşir edilmegi ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilen ýylynda Garaşsyz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda eýeleýän orny has-da pugtalandy. Bu bolsa döwlet ähmiýetli çözgütleriň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkymyzyň köpasyrlyk däplerinden ugur almak bilen kabul edilýändigine şaýatlyk edýär. Halkymyzyň täze taryhy eýýamynda ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy baradaky oý-pikirler bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Milli Liderimiziň ajaýyp edebi — filosofiki eseriniň neşir edilmegi umumadamzat medeni hazynanyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat eder. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda emele gelen parasatly pähimleriniň dürdänelerini özünde jemleýän eseriň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyza gowuşmagy häzirki we geljekki nesilleriň ýörelgeleriniň h

Gadymy Amul

Amyderýanyň orta akymy taryhy ýadygärliklere örän baý ýer hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, welaýatymyzyň çäginde orta asyrlar zamanynda gülläp ösen şäherleriň onlarçasy bolupdyr. Olaryň käbiri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şol ýadygärlikleriň biri-de gadymy Amul galasydyr. Kuşanlylaryň agalyk eden döwründe Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen bu şäheriň ady ýazuw çeşmelerinde soňrak agzalyp başlansa-da, ol alymlaryň aýtmaklaryna görä, Beýik Ýüpek ýolunyň hereket edip başlan döwründen has ir, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda döräpdir. Alymlar Amul şäherinde tapylan arheologiki tapyndylary öwrenip, şäheriň ýaşyny takmynan, 2100 — 2200 ýyl töweregi diýip çak edýärler. Bu şäher Amyderýanyň çep kenarynda, derýanyň 12 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Amul orta asyrlarda 200 gektara golaý meýdany eýeläpdir. Amulyň golaýynda örän amatly derýa geçelgesi bolupdyr. Mundan iki müň ýyl ozal hem syýahatçylar, ötegçiler, söwdagärleriň ýükli kerwenleri Hytaýdan Horezme, Hindistana, Aziýanyň beýleki ülkelerine, Gündogar Ýewropa ýurtlaryna gatnap, Amyderýanyň üsti bilen suw we gury ýer arkaly söwda edipdirler. Şol sebäpli Amul Beýik Ýüpek ýol

«Näm-aýt, Seýdi tagmaň barmy?!»

Osman ÖDÄÝEW Oglan mahalymyz agşam naharyna üýşülende ýa-da şamlyk iýmäge oturylanda, atam pahyryň:

Milli terbiýe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň pugta binýadyny gurmak, ýurdumyzy ösdürmek we dünýä tanatmak her bir şahsyýetiň zähmetine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda her bir adamda, esasanam, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmek barada yzygiderli aladalar edilýär. Pederlerimiziň pähim-paýhasa ýugrulan dana sözlerinde ösüp gelýän çaganyň ykbalyny kesgitleýji pikirler bar. Şol nukdaýnazardan, çagalykdan dogry ýola ugrugmagy olaryň durmuşynda möhüm ädim bolup durýar. Çagalara wagtdan ýerlikli peýdalanmagy öwretmek, bilimini, zehinini yzygiderli taplamak baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Munda taryhy we durmuşy wakalaryň, rowaýatlaryň täsiri uludyr. Gündogar halklarynyň arasynda Lukman Hekim ady bilen tanalýan belli akyldar, lukman, alym, filosof Ibn Sina çagalyk döwründen başlap, ylmy kitaplary okap, olaryň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Ol ýetginjek wagty bir hökümdary keselden bejerip, onuň kitaphanasynda az wagtlyk okamaga rugsat alýar. Şonda ol gysga wagtda kitaplaryň köpüsini ýatdan öwrenip, töweregindäkileri haýran galdyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýaş nesilleriň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, bilimli-ylymly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zeru

Sünnäli senediň senetkäri

— Men Çary agany indi on ýyla golaý wagt bäri tanaýan. Welaýatymyzda islendik adamdan saz guralyny ýasaýan ussany sorasaň, olaryň ählisi biragyzdan Çary agany salgy berer. Adamlaryň onuň ýasaýan saz gurallaryna bolan islegi ýokary. Ýiti zehin, yhlas siňdirilip ýasalýan saz gurallary welaýatymyzyň çäginde, şeýle-de ýurt derejesinde bellenilýän toýdur baýramlary şirin mukamlar bilen bezeýär — diýip, Lebap welaýatynyň «Türkmen gündogary» gazetiniň fotosuratçysy Merdan Orazow gürrüň berdi. Merdan aga mamla. Milli saz gurallarymyzy ýasamakdan döwlet tapanlaryň biri, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň Çagalar sungat mekdebiniň saz gurallaryny bejeriji ussasy bolup zähmet çekýän Çary Gutlyýew indi ýedinji onlugy tegeläp, sekizinjä gadam basypdyr. Ussa ýigrimi bäş ýaşyndan bäri saz gurallaryny ýasamak bilen meşgullanýar. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, kakasy Gutly aganyň asylly kärini dowam etdirýän on dört doganyň körpesi bolan Çary agada saz gurallaryny ýasamak höwesi çagalykdan döräpdir. Onuň bu ugurda kämilleşmeginde doganlarynyň hyzmaty örän uly bolupdyr. Ol Saýat etrabynyň 1-nji orta mekdebinde okaýan uçurlary boş wagtlary eline tut agajynyň bölegini alyp, ony ýonup hem özboluşly bir şekil ýasap, ejesi Rozygül gelnejä görkezip be

Baýzy ýüňden basylan keçe

Ylmy barlaga çekilen etnografik gymmatlyklaryň arasynda baýzy ýüň keçe baradaky maglumatlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Mälim bolşy ýaly, bu keçäni taýýarlamak üçin baýzy ýüň 5 — 7 aýlyk tokludan gyrkylyp alynýar. Goýnuň ýüňi bilen deňeşdirilende gysga bolýandygy sebäpli, ol gyrkylanda, bitewi bir düýrüm ýüňi emele getirmeýär. Şoňa görä-de, baýzy ýüň silkme telpegiň buýralary ýaly seçelenip, saýlanyp durýar. Bu ýüň beýleki ýüňlere görä has ýumşak we ýüpeksow bolýar. Baýzy ýüňde malyň derisinden bölünip çykyp, ýüňe siňýän ýagyň mukdarynyň az bolmagy onuň ýüňüniň seçelenip, owadan öwüşgin bermegine şert döredýär. Ýokary hilli baýzy ýüňi almak üçin ýylyň başynda doglan toklulary tomsuň ahyrlarynda, ýagny 20-nji awgustdan soň gyrkýarlar.

Halk gahrymanynyň çeper keşbi

Arka berip daýandygym,Goja daglar ýerindemi?! «Görogly» eposyndan.

Gymmatly mirasyň sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okanyňda, ýaş nesliň terbiýesinde milli gymmatlyklarymyzyň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Ata-babalarymyzyň agzybirlik, zähmetsöýerlik, halal ýaşamak, ynsaplylyk, dost-doganlyk hem-de myhmansöýerlik ýaly asylly ýörelgeleri bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Kitap turuwbaşdan millilige esaslanýar. Millilik bolsa halkyň gündelik durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Biz bilime, ylma uly hormat goýýan halk. Ata-babalarymyz taryhda döreden döwletlerinde bilime, ylma uly üns beripdirler. Gaznaly, Seljuk, Köneürgenç soltanlary döwründe şazadalaryň, begzadalaryň mekdebi ýurduň esasy ylmy ojaklarynyň birine öwrülipdir. Şol mekdeplerde geljekki wezirler, serkerdeler, ilçiler ylym-bilim alypdyrlar.

Akyl sandyklary

Hormatly Prezidentimiziň ylhamdan püre-pür döredijilik dünýäsi bize ummasyz kän baýlyklary eçildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, döredijilik diýlen düşünje, döretmek diýlen düşünje halkymyzyň müdimilik hemrasy. «Akyl sandygy» diýlen düşünjäni makalamyza ýöne ýere sözbaşy hökmünde saýlamadyk. Sebäbi, men bu düşünjä Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda gabat geldim. Eserde paýtagtdan Tejene mekdep gurmak üçin baran Berdimuhamet aganyň ýany bilen alyp baran iki sany sandygyny ilki kolhozyň başlygy Mody aga egin-eşikdir öýdýär. Emma ol iki sandyk kitapdan doly. Kitaplarda bolsa akyl bar. Şonuň üçin hem sandyklar «Akyl sandygy» diýlip atlandyrylýar. Berdimuhamet agany hemişe we hemme ýerde uly abraýyň eýesi eden şol sandyklar. «Döwlet guşy» romanynyň 11 ýaşly gahrymany, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly agany hem çagalygynda il arasynda uly adamlar bilen deň derejedäki gahrymana öwren hem şol akyl sandyklarynyň içindäki kitaplar.

Düýe maly — dünýe maly

Aýdylanlar, ýazylanlar az bolmasa-da, düýe maly barada aýtmaga-da, ýazmaga-da zat kän. Sonarly örülere ýaraşyk berip, ümmülmez sähralyklarda otlaşyp ýören düýeler desserhanymyzyň berekedini artdyrýar. Ata-babalarymyzdan milli ýörelgeler, ruhy we ahlak gymmatlyklar, däp-dessurlar nesilden-nesle geçip, bize miras bolup gelýär. Güneşli Diýarymyzyň köp bölegini ymgyr çölli Garagum tutansoň, adamlar çarwaçylyk bilen meşgul bolupdyrlar, dürli mallary saklapdyrlar. «Malym — janym» diýýän pederlerimiz öz mallaryny gözüniň göreji ýaly görüpdirler. Düýedarçylygy hem ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplapdyrlar. Düýe maly halkymyzyň milli gymmatlygy we buýsanjydyr. Ata-babalarymyz Beýik Ýüpek ýolunyň uzak menzillerini düýeli kerwenler bilen geçipdirler. Daş ýurtlara argyşa gidip, dürli harytlary, azyk önümlerini getiripdirler, göçüni bolsa inerler bilen çekipdirler. Iner suwsuzlyga, yssy howa çydamly, agyr ýük göterip bilýändigi bilen tapawutlanypdyr. Şonuň üçin merdana halkymyz «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen pähimi döredipdir. Düýe maly — örän duýgur jandar. Ol otuň haýsy ýerde bitginlidigini ýalňyşman bilýär. Ýagyş ýagyp, ýörite gazylan kaklara, takyrlaryň ýakynyndaky guýmalara — tebigy suw jemlenýän pesräk ýerlere düşýän suw

Türkmen alabaýlary — halkymyzyň buýsanjy

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine öz goşandyny goşan halk. Gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan el halylary, ýelden ýyndam türkmen bedewleri, toý-baýramyň gelşigi bolan dokma önümleri, şeýle hem wepadarlygyň nyşany bolan alabaý itleri halkymyzyň dünýä beren ruhy we maddy gymmatlyklarydyr. Bu gymmatlyklar ata-babalarymyz tarapyndan arzylanyp, nesilden-nesle geçirilip, milletiň buýsanjyna, halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülendir. Türkmen halkynyň itşynaslyk sungatynyň taryhy kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr» diýip, belläp geçýär.

Juwaz hakynda rowaýat

Arkama-arka juwaz işledip gelýän juwazçylaryň biri juwazyň döreýşi hakynda şeýle bir rowaýaty gürrüň berdi. Öňki döwürde depseň yranmaz sahawatly baýlaryň biriniň dört ogly bilen juda owadan bir gyzy bar eken. Kakasynyň nahar-şoruna ol gyzyň özi sereder eken. Ol künjini sokuda döwüp, soňam gazanda gaýnadyp, galkman edip, ýag alypdyr. Şol ýagdan hem kakasyna palaw bişirip beripdir.