Düýe maly — dünýe maly

7 Ýanwar 2021
3142

Aýdylanlar, ýazylanlar az bolmasa-da, düýe maly barada aýtmaga-da, ýazmaga-da zat kän. Sonarly örülere ýaraşyk berip, ümmülmez sähralyklarda otlaşyp ýören düýeler desserhanymyzyň berekedini artdyrýar. Ata-babalarymyzdan milli ýörelgeler, ruhy we ahlak gymmatlyklar, däp-dessurlar nesilden-nesle geçip, bize miras bolup gelýär. Güneşli Diýarymyzyň köp bölegini ymgyr çölli Garagum tutansoň, adamlar çarwaçylyk bilen meşgul bolupdyrlar, dürli mallary saklapdyrlar. «Malym — janym» diýýän pederlerimiz öz mallaryny gözüniň göreji ýaly görüpdirler. Düýedarçylygy hem ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplapdyrlar. Düýe maly halkymyzyň milli gymmatlygy we buýsanjydyr. Ata-babalarymyz Beýik Ýüpek ýolunyň uzak menzillerini düýeli kerwenler bilen geçipdirler. Daş ýurtlara argyşa gidip, dürli harytlary, azyk önümlerini getiripdirler, göçüni bolsa inerler bilen çekipdirler. Iner suwsuzlyga, yssy howa çydamly, agyr ýük göterip bilýändigi bilen tapawutlanypdyr. Şonuň üçin merdana halkymyz «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen pähimi döredipdir.

Düýe maly — örän duýgur jandar. Ol otuň haýsy ýerde bitginlidigini ýalňyşman bilýär. Ýagyş ýagyp, ýörite gazylan kaklara, takyrlaryň ýakynyndaky guýmalara — tebigy suw jemlenýän pesräk ýerlere düşýän suwy uzak aralykdan bilip, göni barmagy, şondan suwlanmagy başarýar.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar