''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Nepisligiň nusgasy - türkmen halysy

Türkmen halkynyň agzybirliginiň, ruhy joşgunynyň, döredijilik ylhamynyň esasy gözbaşy milli mirasymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, yzygiderli tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, mirasymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär.  Halkymyzyň baý taryhynyň, milli mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, ösdürmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligini türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklary bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam berýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren, milli sungatymyzy, medeniýetimiziň geçmişini, şu gününi we geljegini şöhlelendirýän «Türkmen medeniýeti», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaplary hem aýdyň mysaldyr. Adamlaryň ruhy kämilligi öz halkynyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de, öz halkyň taryhyny, sungatyny bilmek, ýürekden söýmek, oňa hormat goýmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr.

Inçe iňňeden dörän sungat

Mährem gelin-gyzlarymyzyň elinden çykan her bir keşdäniň süňňüne türkmeniň dünýägaraýşy, ýaşaýşa bolan yhlasy, söýgüsi, gözellige buýsanjy siňdirilendir. El işleriniň arasynda keşde çekmek däbi aýratyn bir ussatlygy talap edýär. Ene-mamalarymyz özleriniň sungat derejesine ýetiren el hünärleri bilen milli lybaslary bezäp, sünnäläp tikipdirler. Keşde, köjüme, pugtama, basma, alaja we başga-da birnäçe el işleriniň görnüşleri bilen milli egin-eşiklerimiz has-da gözel görke gelipdir. Gelin-gyzlarymyz diňe bir toý köýneklerini däl, eýsem gündelik durmuşdaky öý geýimlerini hem el keşdeleri bilen bezäpdirler. Keşdeçilik sungaty çeperçilik taýýarlygy, irginsizligi, sabyr-takatlylygy talap edip, ýaş gyzlaryň sungata garaýyşlaryny kämilleşdirip, häsiýet aýratynlyklaryny hem terbiýeläpdir. Şeýle-de ene-mamalarymyz ýaşlygyndan gyzlarymyzyň ökde hünärli, çeper elli bolmaklaryny arzuwlap, eýýäm olar sallançakda wagty oňa hüwdüleriň üsti bilenem terbiýe berip başlapdyrlar. Muňa biz islendik döwürdäki edebiýatymyza, taryhymyza, ylmy, edebi çeşmelerimize salgylananymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris.

Işigi atly, töri döwletli türkmen

Türkmen halkynda «Aty çykmak» diýen düşünje şatlykly wakanyň buşlugy hökmünde kabul edilýär. Her ýylyň ýazky hem-de güýzki at çapyşygy möwsüminiň geçirilmegi ýurdumyzda ahalteke bedewlerine belent sarpa goýulýandygyndan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyz meşhur ahalteke atlary, görnükli seýisler, atşynaslar bilen baglanyşykly işleriň içgin öwrenilmegine, atşynaslyk sungatynda syrly iş tärleriniň türkmen we dünýä atşynaslaryna giňden açylyp görkezilmegine uly mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ahalteke bedewlerini içgin öwrenýän dünýäniň belli atşynaslaryň, alymlaryň we hünärmenleriň, ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň atçylygy ösdürmekdäki tagallalaryny birleşdirmäge we olaryň işlerini utgaşdyrmaga uly ýardam berýär. Şonuň üçin bu gün watandaşlarymyzyň, hususan-da, behişdi bedewlerimiziň muşdaklarynyň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygynyň çägi ýokdur.

Dün­ýä we Mag­tym­gu­ly

Ger­ma­ni­ýa­da Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Maýn bo­ýun­da­ky Frank­furt şä­he­rin­de be­ýik türk­men şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň kon­sul­ly­gy ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ri­lip, oňa Hes­sen fe­de­ral çä­gi­niň Döw­let kan­sel­ýa­ri­ýa­sy­nyň, Frank­furt şä­he­ri­niň, Hes­sen­de akk­re­di­tir­le­nen dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we­kil­le­ri, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri, alym­lar, bu ýer­de köp­çü­lik­le­ýin ýa­şa­ýan türk­men­ler we ta­lyp­lar iş­jeň gat­naş­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň di­rek­to­ry D.Oraz­sä­he­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň dü­zü­min­de Bi­lim, Me­de­ni­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň, Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ag­za­la­ry bar.

Dün­ýä halk­la­ry­nyň he­re­ket­li ça­ga oýun­la­ry

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Mil­li he­re­ket­li oýun­la­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly, dün­ýä halk­la­ry­nyň hem ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de gy­zyk­ly we tä­sir­li oýun­la­ry bar. Hem­mä­mi­ziň bil­şi­miz ýa­ly, ol oýun­lar he­niz sport däl. Ýö­ne olar kör­pe­le­riň ösüp-ula­lyp, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne hö­wes dö­red­ýän il­kin­ji dur­mu­şy hem-de ru­hy bin­ýat­dyr di­ýip aýt­mak bo­lar. Çün­ki oýun­lar­da­ky he­re­ket­ler ça­ga­ny he­mi­şe he­re­ket­de, çus, gal­jaň bol­ma­ga iter­ýän bol­sa, oýun­la­ryň maz­mu­ny, öň­de goý­ýan mak­sa­dy ça­ga­ny ir­gö­zin­den dur­mu­şa, ha­lal, ada­lat­ly ýa­şaý­şa, wa­tan­sö­ýü­ji­li­ge gö­zük­dir­mek­dir.

Milli mirasymyza sarpa

Her bir halkyň milli mukaddesliklerini, ruhy gymmatlyklaryny aýdyň görkezýän zatlar bolýar. Türkmen özüniň ýyndam we owadan bedewi, nepis halysy, şaý-sepleri bilen örän ir eýýamlardan şöhratlanan halkdyr. Azady, Magtymguly, Andalyp, Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly beýik şahyrlar şu toprakda dünýä indi. Dünýäniň esasy edebi eserleri bilen bir hatarda durup biljek «Görogly», «Gorkut ata» şadessanlary şu toprakda döredildi. Abu Aly ibn Sina, Abu Reýhan Biruni, Omar Haýýam ýaly alymlar gadymy Merwiň müňlerçe gymmatly kitaby özünde jemlän kitaphanasynda gözýetimini giňeltdiler. Nusaý, Köneürgenç, Merw, Amul, Änew, Sarahs, Dehistan ýaly her biri gadymy ýa-da orta asyrlar döwründe dünýä medeniýetine goşant goşan iri siwilizasiýalaryň mesgeni bolan meşhur şäherleriň binýady şu toprakda tutuldy. Halkyň içinden çykan akyldarlar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, pelsepeçiler halkyň taryhy, dil hazynasy, isleg-arzuwlary, dünýä akyl ýetirmek baradaky pikirler siňdirilen terbiýeçilik ähmiýetli eserleri döredipdirler. Halk öz nesliniň ahlak taýdan päkize, mert, watansöýüji, ynsanperwer bolup ýetişmegi, ata-babalarynyň ýoluny abraý bilen dowam etdirmegi üçin özboluşly mekdep bolan milli mirasyna daýanypdyr. Halkyň milli mirasy şu güni we ertiri birleşdirýän köpri bolan bahasyz

Düýe maly — dünýe maly

Halkymyzda «Aňmaza düýe görünmez» diýen nakyl bar. Bu nakyl düýe malyna belet bolmasaň, onuň häsiýetli aýratynlygyny, nesil ulgamyny bilip bolmaýar diýen manyny berýär. Gum obalarynda ýaşap, ömürboýy düýäň yzynda gezen adamlaryň aýtmagyna görä, bugradan bugra gaýsa, ondan bolan köşek bugra bolýar. Eger bir örküçli arwana düýe bugradan önse, ol erkek bolsa iner, inen bolsa maýa diýilýär.

Dünýä nusgalyk nepislik

22-nji iýunda Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli desgalar, hususan-da, Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamasy bilen tanyşmagy milli gymmatlyklarymyzyň sarpalanýandygynyň aýdyň beýany boldy. Halyçylyk pudagynyň bu desgasy täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokalmagynda mynasyp orny eýelär. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň halyçylyk sungatynyň däpleri uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýar. Arheologlar ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde tapylan daş ikler, egriji gurallar, ýüplük we keser türkmenleriň örän gadymy wagtlardan bäri haly sungaty bilen meşgullanyp gelendigine şaýatlyk edýär.

Ýadygärlikler — türkmen halkynyň ruhy dünýäsi

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem muzeýlerde, ylmy maslahatlarda ata-babalarymyzyň geçen ýoly, gadymdan gelýän gymmatly mirasymyz giňden wagyz edilýär. Munuň özi milli medeniýetimize, gadymdan gelýän mirasymyza belent sarpany aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde taryhy binalary ylmy esasda öwrenmäge, binagärlikde ulanylýan sungatyň, bezegleriň aýratynlyklaryny durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa milli mirasymyzy saklamak we ony dünýä derejesinde ýaýbaňlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri göwrümli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Taryhy-medeni mirasy öwrenmekde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Türk­men hal­ky şöh­rat­ly ta­ry­hy, ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­ri we mil­li mi­ra­sy bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň we jem­gy­ýet­le­ri­niň ara­syn­da öz my­na­syp or­nu­ny ta­pyp­dyr. Hal­ky­my­zyň bu aja­ýyp gym­mat­lyk­la­ry he­mi­şe adam­za­dyň üns mer­ke­zin­de sak­la­nyp, jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ryn­da kä­mil­lik ru­hun­da ke­ma­la gel­me­gin­de my­na­syp or­ny eýe­läp­dir. Şo­nuň üçin türk­men hal­ky­nyň mad­dy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na yzy­gi­der­li gi­ri­zil­ýär. Bu ba­bat­da hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz dün­ýä döw­let­le­ri we hal­ka­ra ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ry bi­len yzy­gi­der­li ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýar we gün­sa­ýyn ös­dür­ýär.

Arap zy­ba­ny gör­sem...

Magtymgulynyň arap ýazuwyndaky neşirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hakydasynyň rowaçlanmagyna, ylmy, çeper, şahyrana edebi mirasy bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan döredijilik ussatlarynyň ömür ýoluny, olaryň eserlerini toplumlaýyn öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Wagtyň geçmegi bilen Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä derejesinde öwrenilişiniň çäkleri barha giňeýär, akyldaryň şahyrana owazynyň halkara giňişliginde dürli dillerde, dürli ýazuwlarda neşir edilişi barha rowaçlanýar.

Geldi Poşa pälwan

Ahal ýaýlasynyň Gökdepe etrabynyň gadymy Gökdepe (häzirki Tagan Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginde) obasynda 1946-njy ýylyň 12-nji fewralynda Berdimyrat Amandöwlet oglunyň maşgalasynda oglan bäbejik dünýä inýär. Oglanjyga Geldimuhammet diýip at dakýarlar. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ýarygije Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde bolan güýçli ýertitremesinde heniz iki ýaşyny hem doldurmadyk Geldimuhammet kyblasyny ýitirýär. Berdimyrat kiçijik wagtlary posalajyk çaga bolansoň, ene-atasy oňa: «Posalajygym, posalajygym...» diýip, söýgülemegi bilen onuň ýörgünli ady «Poşa» bolup galyberýär. Şeýlelikde, onuň nesil ýaýrawynyň hem familiýasy Poşaýewler bolýar. Geldimuhammet doganlary Han, Nabat, Ejegyz we Ogulgerek dagy bilen ejesiniň elinde terbiýelenip, kemala gelýär. 1953-nji ýylda bolsa, ýedi ýaşly oglanjyk käbesinden hem jyda düşýär. Kakasynyň Poşa ady onuň adynyň yzyna goşulyp, halk arasynda ýörgünli ady Geldi Poşa bolýar.

Şöhrata çümmüş Änewim

Şöhrata çümmüş Änewim, taryhy jümmüş Änewim. Owadandyr binalaryň, dilde kändir senalaryň. Metjidiň üýtgeşik seniň, kamatyň utgaşyk seniň. Türki dünýäniň medeni paýtagtysyň sen, Änewim, täleýi galkynan iliň çyn bagtysyň sen, Änewim. Gazan bary atarylar gujagyňda kän, Änewim, toýlaň tutumy uludan, saňa şöhrat-şan, Änewim! Gözelligiň juda köpdür bir-bir sanardan, Änewim, gül görküň juda sünnädir, bakyp ganardan, Änewim! Taryh bary basyrylgy gujagyňda eziz mekan, şan gazanan türkmenimiň päkligine delil mekan. Gazuw-agtaryş işleri kän gazna tapdy goýnuňdan, topragyňdan tapylanlar habar berip dur düýnüňden. Änew, şan-şöhratly Änew, gymmatlyklaň uzyn sanaw. Seni arzylaýar ilim, şanyňa taryply dilim. Ak bugdaýyň watany sen, owazaň dolmuş illere. Taryhyň şan gatany sen, buýsanç bagyşlaýaň sere. Döwrebap keşbiň waspyna sözler az geler, Änewim, görküňi aýdyma salsaň, juda saz geler, Änewim! Derejeli binalaryň köçeleri getir görke, şaýollaryň tekiz hem giň, beslenipsiň ajap durka. Agşamlar seň kamatyňa nur-şuglaly ýalkym çaýar, gijeki durkuňy synlap, göwün al-asmanda gaýar. Iki ýana gatnaw eder ulag bary ýollaryňda. Tükeniksiz bereket bar bagty çüwen illeriňde. Myhman-gonak geler durar saňa sary ajap şährim, görkana metjitli mekan, keşbiňe siňipdir mähr

Agaş, şiraş, begaş...

Biz Alaja köp garaşdyk. Soňky on gün «Söýünjiläniň söýünji paýy bar» diýlensoň-a, hasam köp garawulladyk. Ýöne bir gün mamam daň bilen: «Turuň, üstüňize Gün dogrup ýatmaň. Baryň, säheriň tämizliginden rysgal diläň hem gölejigi görüp gaýdyň!» diýdi. Barsak maňlaýy sakar, kirpikleri jaýtaryp duran alaja gölejik enesine özüni ýaladyp dur. Biz haýal etmän goňşulara owuz süýt paýlap, buşlugymyzy aldyk. Dört günden soň süýtlaşam paýlamaly bolduk. Mamamdan: «Owuz-a düşnükli, ýöne süýtlaş näme?» diýenimde, ol şu gürrüňi aýdyp berdi... ...Goňşokara — köne däp. Süýtlaş — süýtli tüwi, süýtli bürünç, agaş, begaşy, şiraşy diýip tanalýan köne tagam. Ir döwür myhmana duýdansyz üstüni basdyran zenan çalt bişeri diýip beglere süýtlaş bişirip beripdir. Begler saryýagly süýtlaşyň üýtgeşik tagamyna haýran galyp, goşunlaryna: «Begaşyndan galan teperrik bor. Iýmäge wagtyňyz bolmasa, begaşy bişýän ak öýüň gamşyna süýkenip, ysyny kalbyňyza siňdiriň» diýenmişler.

Ynsan kalbynyň ruhy lukmany

Halkymyz söz ussatlaryna hemişe belent sarpa goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň şöhraty has-da dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Ynsan kalbynyň ruhy lukmany» bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden durmuşyň her bir ýüze çykarýan soragynyň jogabyny tapmak bolýar. Şahyryň many-mazmundan ýüki ýetik şygyrlarynda durmuşyň dürli ugurlaryna, ähli taraplaryna degişli meseleler bilen birlikde, türkmen zenanynyň çeper keşbine hem uly baha berilýär. Goşgularda türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan asyllylyk, agraslyk, mylakatlylyk, alçaklyk ýaly gylyk-häsiýetler  inçeden yzarlanýar.

Halk döredijiligi — ebedi hazyna

Halkymyz zehinli, dilewar adamlary, belli şahslary, halk gahrymanlaryny, akyldarlary, söz ussatlaryny tüýs ýürekden hormatlap, olar barada rowaýatdyr hekaýatlary döredipdirler. Olaryň köpüsi türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy, Myraly bilen Soltansöýün barada, nusgawy şahyrlar Keminäniň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mätäjiniň döreden şygyrlarynyň döreýşine bagyşlanandyr. Şonuň ýaly-da, rowaýatlaryň köpüsi belli halk gahrymanlaryny wasp edipdir. Keýmir kör hakda dörän rowaýatlar halkyň ýüreginde ornaşan gahrymanlaryň durmuşyny, ýaşaýşyny, gylyk-häsiýetini doly açyp görkezýär. Ol pähim-parasatly, namysjaň adam. Rowaýatlarda beýan edilişine görä, ol halkyň abraýyny belentde goýan, türkmen halkynyň özbaşdaklygy ugrunda batyrgaýlyk bilen söweş alyp baran şahsyýet. Rowaýatlaryň köpüsi onuň Nedir şa bilen bolan söweşlerine, söz ýaryşlaryna bagyşlanypdyr. Halk öz gahrymanyny örän belende galdyryp, onuň öçmejek keşbini döredipdir. Hatda hüwdülerde hem gelinler öz çagalarynyň Keýmir serdara meňzemegini arzuwlap hüwdüläpdirler. Öz balasynyň Keýmiriň yzyny mynasyp dowam etdiriji bolmagyny arzuw edipdirler.

Eňsi

Türkmeniň ak öýüniň işigine tutulýan eňsileriň özüniň özboluşly manysy, ähmiýeti bolupdyr. Eňsiler diňe bir gapynyň öň tarapyny bezemän, eýsem, zerur wezipeleri hem ýerine ýetiripdir. Olaryň esasy çeperçilik manysy mukaddes maşgala ojagyny goramakdan ybarat bolupdyr. Agyr haly tutusy maşgala ojagyna tagzym etmäge, edaly bolmaga ugrukdyrypdyr, ýagny öýe girmek üçin şol tutyny  galdyrmaly bolupdyr. Eňsi — mährabyň şekilinde dokalyp, onuň ýerli düşeginiň ähli ýeri çitimler bilen doldurylypdyr. Ondaky özboluşly manylary aňladýan nagyşlar başga haly önümlerinde duş gelmeýär. Ondaky nagyşlaryň we gölleriň aglabasy hasyllylyk hakyndaky düşünjeler bilen baglanyşyklydyr. Gadymy eňsilerde orta we kiçi nagyşlar, köplenç, haşamlanan üzüm ýapraklarynyň görnüşinde bolupdyr. Eňsiniň käbir nagyşlarynda bolsa seteran düzülen nagyşlar ekerançylara bulut bürän meýdany we bol hasyly wada berýän ýagşy ýatladypdyr. Tuta salynýan «alaja», «dagdan», «atanak», «tegbent» nagyşlary «Öýi ýaman ruhlardan gorap, ýagşylyga çagyrýar» diýlip düşünilipdir. Şonuň ýaly-da, oňa salynýan «düýe diş», «güjük yzy», «tazy guýrugy» ýaly nagyşlaryň hem öz aňladýan manysy bolupdyr.

Zergärçilikde ulanylýan daşlar

Keşdeçilik sungatymyz — gymmatly baýlygymyz

Ýurdumyzda Ylymlar gününiň uludan toýlanylýan günlerinde türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ähli türkmen gelin-gyzlary bilen birlikde külli ilimizde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Türkmen keşdeçilik sungaty öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Keşdedir nagyşlaryň her birinde eli çeper gelin-gyzlaryň ýürek arzuwlary, asylly gylyk-häsiýetleri, edim-gylymlary şöhlelenýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kökleri asyrlara uzap gidýän bu milli senedimizi ösdürmek ugrunda ýola goýulýan işler biziň her birimiziň kalbymyzy egsilmez şatlyga we buýsanja besleýär.

Bedew atdyr goç ýigidiň ganaty

Türkmen halky adamzat medeniýetine uly goşant goşan halkdyr. Azym-azym döwletleri gurup, dünýä öz hökümini ýöreden halk özüniň deňsiz-taýsyz halylary, alabaý iti we ahalteke bedewleri bilen hem taryh sahypalarynda öçmejek yz galdyrdy. Türkmeniň «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen köneden gelýän nakyly hem halkymyzyň gamyşgulak bedewlerini näderejede sylap-sarpalaýandygyny subut edýär. Taryhyň çuňluklaryndan bäri halkymyzyň dilinden düşmän gelýän toý aýdymlarynda, dessanlarda, rowaýatlarda, nakyllarda we atalar sözlerinde gamyşgulak bedewlerimiziň waspyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewleri — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen medeniýeti» atly kitaplarynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ahalteke bedewlerini uçar ganatyna deňäp, iň ýakyn syrdaşy saýyp gelendigi baradaky taryhy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke tohumly bedewler dünýäniň medeni atşynaslygynyň gözbaşydyr.