Jennet guşy

18 Dekabr 2024
207

Dünýäde jennet guşy hasaplanýan tawus guşy halkymyzyň iň bir eý görýän guşlarynyň biridir. Halkymyz bu guşa owadanlygyň, näzikligiň, gözelligiň nusgasy hökmünde garapdyr. Halk döredijiliginde, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde tawus guşuň tarypy kemsiz ýetirilipdir. Magtymguly Pyragynyň «Meňzär hökümli», «Ballar mesgeni» ýaly birnäçe goşgularynda tawusyň keşbi meňzetmeler arkaly çeper suratlandyrylypdyr. Tawus guşy tebigy taýdan zynatly guşdur. Şonuň üçin halkymyz gelin-gyzlaryň bezemenligini, syratlylygyny tawusa meňzedipdirler. Gelin-gyzlaryň Tawus, Sülgün, Bilbil atlarynyň bolmagy, gözelleriň gülgün lybaslarynda tawusyň keşbiniň öwşün atyp durmagy, ussat zergärleriň tawus şekilli nepis şaý-sepleri ýasamagy milli garaýşymyzy beýan edýär. Ýurdumyzyň çäginden tapylan metal önümleriň köpüsinde tawus guşlar şekillendirilipdir. Şeýle hem olar ösümlik gülleri bilen utgaşykly görnüşde şekillendirilipdir.

XI asyrdan XIII asyryň başlaryna çenli döwürde Horasanyň we Horezmiň şäherlerinde ajaýyp ýüpek we nah matalar dokalypdyr. Bürünçden we kümüşden guýma we basma önümler, owadan aýna gaplar ýasalýar. Keramiki önümler kämilleşdirilýär. Gaplaryň ýüzüne owadan reňkli, ertekilerdäki tawus, sumrug guşlary, aždarha we başga jandarlar şekillendirilipdir.

Arzuw ALLABERENOWA,
Daşoguz şäherindäki merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar