''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Benagil gowagy

Özüniň gözelligi we özüne çekiji täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýan tebigy ýerleriň biri-de Benagil gowagydyr. Bu täsin gowak Portugaliýa döwletiniň günortasynda Benagil ülkesiniň golaýynda ýerleşýär. Gowagyň «Benagil» ady hem Benagil ülkesiniň ady bilen baglanyşdyrylýar. Benagil gowagy deňiz tolkunlarynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda hekli gaýalara gelip, urulmagynyň täsiri astynda olaryň ýonulmagy netijesinde emele gelipdir. Bu gowagyň içinden açyk deňze çykmak bolýar. Gowagyň depesinde edil göze meňzeş oýulan ýeri bolup, ondan Gün şöhleleri gowagyň içindäki çägelik meýdana düşüp, owadan görnüş emele getirýär.

Türkmen tebigatynyň täsin daşlary

Daşlar tebigatyň täsin görnüşli, owadan mineral jisimleridir. Olar, mineral düzümleriniň dürlüligine baglylykda, iki topara, ýagny gymmat bahaly we bezeg daşlaryna bölünýärler. Gymmat bahaly daşlaryň esasy aýratynlygy olaryň altyn öwüşgini, arassalygy, berkligi, owadanlygy bilen kesgitlenýär. Tebigy reňkli daşlar örän seýrek tapylýar we iň ýokary çeperçilik bilen bejerilýär. Bezeg daşlary dürli reňkli tebigy minerallardan we dag jynslaryndan ybaratdyr. Olardan dürli reňkli, ençeme görnüşli çeper nagyşlar, dekoratiw bezegler ýasalýar, şeýle-de olar gurluşykda peýdalanylýar. Gymmat bahaly we bezeg daşlary dürli geologik hadysalaryň netijesinde emele gelýärler. Türkmen tebigatynda gymmat bahaly we bezeg daşlarynyň dürli görnüşleri bardyr. Şolaryň içinde Ural dagynda duşýan zümerret, malahit, aleksandrit, ýaşma, topaz, mermer ýaly tebigy daşlar hem bar. Bu daşlar bütin dünýäde meşhurdyr.Tüwergyrda ýaşma, Köýtendagynda halsedon, mermer görnüşli oniks, Magdanly, Köýtendag, Köpetdag, Uly Balkan, Türkmenbaşy sebitlerinde gips, angidrit we dolomit, Gubadagda mermer ýaly bezeg daşlaryna duş gelmek bolýar.

Dagdanly taýmaz...

Dagdan — türkmen daglarynyň gelşigi we ýaraşygy hasaplanýan gadymy agaç. Bu dag daragty dag çeşmeleriniň golaýynda ösüp, olary kölege bilen büreýär. Daragtyň dünýäde 50-den gowrak, Türkmenistanda bir görnusi duşýar. Dagdanlaryň boýy 10 — 15 metre çenli ýetýär. Bu agaç örän gaty, agyr, çeýe we çydamlydyr. Şonuň üçin-de, dagdana «demir agaç» ýa-da «daş agaç» diýilýär. Dagdan agajy guraklyga çydamly haýal ösýän ösümlikdir. Bu agaç 200 ýyldan 600 ýyla çenli ýaşamaga ukyply bolup, ol ýagtylygy we guraklygy halaýar. Dagdan agajy tohumyndan we nahalyndan  köpelýär. Agaç 7-8 ýaşlarynda gülleýär. 8 — 16 ýaşlarynda miwe berýär. Miwesi iýmäge ýaramly.

Baglaryň täsin dünýäsi

Ýer togalagynyň ýaşynyň 4,5 milliard ýyla barabardygy, agaçlaryň bolsa 470 million ýyl mundan öň peýda bolandygy barada alymlaryň aýdýanlaryny diňläniňde, bu ýagdaýy göz öňüne getirmek hem aňsat däl. Sebäbi baglar diňe bir gözellik bolman, ol sagdynlygyň hem çeşmesidir. Baglar bilen baglanyşykly täsin maglumatlar her kim üçin-de gyzykly bolsa gerek. Ilkinji agaçlar ýapraksyz bolupdyr.

Guşlar dünýäsinden

Dag meýnesi Dag meýnesi Günorta Aziýada, Hindistanyň demirgazygynda Günorta Gimalaý daglaryna çenli hem-de Türkmenistanyň Gündogarynda giňden ýaýrandyr. Dag meýnesi — öz watanynyň çäklerinde oturymly ýaşaýan guş. Bu guş biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 1963-nji ýylda Köýtendagyň eteginde hasaba alyndy hem-de Owganystandan tötänden uçup gelen görnüş hasap edilýär. Daglyk sebitlerde dag meýnesi 120 — 150 metr beýiklikde ýaşaýar, ýöne dag eteklerinde bolsa onuň ekerançylyk ýerlerinde hem duşmagy mümkin.

Repetegiň reňbe-reň düzlüginde

Garagum sährasynyň iň gözel ýerleriniň biri Repetek döwlet biosfera goraghanasy diňe Türkmenistanda däl, eýsem, çöllük zonada döredilen ilkinji goraghanadyr. Ol welaýatymyzyň merkezi — Türkmenabat şäherinden 70 kilometr uzaklykda Garagum çölüniň jümmüşinde ýerleşýär. Repetek çöl stansiýasy 1912-nji ýylda «Rusgeografiýa» jemgyýeti tarapyndan Garagum çölüni yzygiderli öwrenmek, 1927-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa Repetegiň daş-töweregindäki çölüň täsin we ajaýyp ojar tokaýlaryny goramak maksady bilen döredildi. Onuň tutýan meýdany 34600 gektara barabar. 1979-njy ýylda Repetek goraghanasy halkara biosfera goraghanalarynyň hataryna goşuldy. 1977-nji ýylda goraghananyň düzümine Ýerajy tebigy çäkli goraghanasy hem girizilýär. Ol Repetek döwlet biosfera goraghanasyndan 90 kilometr Günbatarda ýerleşýär. Ol, esasan, gara sazakly tokaýlary, ýerde we suwda ýaşaýan guşlary, olaryň höwürtgeleýän çäklerini gorap saklamak, köpeltmek maksady bilen döredilendir. Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde süýdemdirijileriň 29 görnüşi, süýrenijileriň 22 görnüşi, oňurgasyzlaryň 1343 görnüşi we guşlaryň 200-den gowrak görnüşi duş gelýär. Dünýäniň iň uly çägeli çölleriniň biri çäge ulgamlarynyň, aklaň çägeleriň we jülge şekilli peslikleriň gezekleşip

Öý haýwanlarynyň täsin ukyby

Pişik Pişikler arassaçyl jandar bolup, olar wagtynyň dörtden bir bölegini tüýlerini arassalamak bilen geçirýärler. Olar tüýlerinde saglyk we ýaşaýyş üçin zerur bolan D ýokumynyň bardygy sebäpli şeýle edýärler. Haýwanlaryň hemmesi diýen ýaly azaşanlarynda, öz öýlerini tapyp bilmeýärler. Bu ukyp diňe pişiklere mahsusdyr. Olar ultrases barlaglary arkaly bu işiň hötdesinden gelýärler. Pişikleriň ýene-de bir duýgur synasy olaryň murtlarydyr. Murtlarynyň kömegi bilen olar uzak aralykdaky awlaryny hem duýup bilýärler.

Garagyş döwri geldi

Halkymyz irki döwürlerden başlap ýylyň pasyllaryna, aýlaryň gelşine, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna örän ünsli syn edipdir. Munuň özi olaryň ýerine ýetirýän kesbi-käri, ýaşaýşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda edilen gözegçilikleriň netijesinde tebigatyň pasyllary barada kesgitli garaýyşlar emele gelipdir. Ýyldyz, ýagny, milli senenamamyza laýyklykda şu gün garagyşyň ilkinji güni. Ol 15 günläp, 8-nji dekabra çenli dowam eder. Hawa, 23-nji oktýabrdan 22-nji noýabr aralygynda dowam eden akrap döwri öz ornuny garagyşa berdi. Atalar sözleriniň birinde «Akrap geler gygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýilse-de, şu ýylyň güýzi, şol sanda, noýabr aýy adatdakylardan ýyly we ygalsyz geldi. Munuň özi oba hojalyk ekinleriniň hasylyny yrýasyz ýygnap almakda ähmiýetli boldy. Daýhanlarymyz pagta ýygymyny, ak ekinlere ideg etmek işlerini gyzgalaňly alyp barmak bilen birlikde gök we bakja ekinleriniň hasylyny, miweleri hem ýygnap alýarlar.

Tokaý sugunlary

Amyderýanyň kenarlarynyň tokaýlar bilen jäheklenen gorag meýdançalarynda owadan hem gelşikli sugunlar ýaşaýarlar. Owadanlygy üçin olara, başgaça, «hangül» hem diýýärler. Sugunlar Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň nyşany hasap edilýär. Biziň ýurdumyzda asylly sugunyň buhar ýa-da tokaý aşaky görnüşi duş gelýär. Ol asylly sugunyň beýleki görnüşlerinden göwresiniň kiçiligi we şahlarynyň görnüşi bilen tapawutlanýar. Bu uly hem gelşikli haýwanlar oturymly ýaşaýarlar, olar toraňňy jeňňelliginden çykmaýarlar. Tokaýlyklarda dürli otjumak ösümlikleriň köp bolmagy, şeýle-de ösümlikleriň bol hasyl getirmegi olaryň asuda ýaşamagyna, köpelmegine amatly şertleri döredýär. Tokaý sugunlary örän duýgur, ys alyş we görüş agzalary güýçli ösen süýdemdiriji haýwanlardyr. Olar tokaýlarda petde, igde we beýleki ösümlikleriň şahalary, güli we miweleri bilen iýmitlenýärler. Tokaý sugunynyň boýy 120 santimetr, agramy 280-300 kilograma çenlidir.

Garagyş

Adyndan belli bolşy ýaly, garagyş möwsümi gyş paslynyň başlanýandygyny duýdurýar. «Gara» bilen «gyş» sözüniň goşulyp gelmegi bu döwürde örän hüşgär bolmalydygyny aňladýar. 22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli aralygy öz içine alýan bu möwsüm güýzüň öz ornuny gyşa berýän döwri bolansoň, howanyň duýdansyz üýtgemegi ýaly ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Bu ýyl akrabyň agzy aýazly bolsa-da, ol maýyl geldi. Daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň, aýratyn-da, aralyk ekinleriň hasylyny howlukman, arkaýynlykda ýygnadylar. Netijede, olar mäş, noýba, şaly, dary ýaly ekinlerden bol hasyl aldylar. Maldarlar hem şu döwürde meýdanlardan ot taýýarlamak we olary mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak işlerini utgaşykly alyp bardylar.

Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanyň suw diplomatiýasy suw we suw energetika ulgamlarynda hereketleri utgaşdyrmak maksady bilen, beýleki döwletler, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen işjeň we gyzyklanma bildirilip hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, Türkmenistan öz esasy wezipesini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, birek-birege hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda sebit ylalaşygyny gazanmakda görýär. Şu aýdylanlardan ugur alnyp, suw diplomatiýasyna Türkmenistanyň daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň düzüm bölegi hökmünde garalýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan suwdan peýdalanmagyň we suw serişdeleriniň döwletler üçin deň derejede elýeterli bolmagynyň adalatly, köptaraplaýyn bähbitlerini nazara almaga esaslanan ählumumy we sebit ulgamlaryny döretmek boýunça halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna suw diplomatiýasynyň esasy maksady hökmünde garaýar.

Leýland

Häzirki döwürde pürli agaçlaryň dürli görnüşleri ýurdumyzyň bezeg-bagçylygynda ulanylyp, ähli şäherlerimizdir etraplarymyzyň, obalarymyzyň gözelligini artdyrýar. Şeýle pürli agaçlaryň biri leýlanddyr. Leýland mydam ýaşyl öwsüp oturan owadan pürli agaç. Onuň konus şekilli dykyz gabarasy, gür şahalanyşy bezeg-bagçylyk ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Leýlisaç – gadymy agaç

Leýlisaç agajy söwütler maşgalasyna degişli bolup, özüniň daşky owadan keşbi bilen beýleki ak söwüt, tal, garasöwüt ýaly agaçlardan düýpgöter tapawutlanýar. Uzyn saçyny çöşläp, ýere döküp oturan gyzy ýadyňa salýan leýlisaç agajyna köplenç ýollaryň gyralarynda, seýilgählerde, akar suwly ýaplaryň boýunda duşmak bolýar. Tebigatyň ajaýyp gözellikleriniň biri bolan bu agajyň adynyň «Leýlisaç» diýlip atlandyrylmagy bilen bagly birnäçe rowaýatlar halk arasynda agyzdan-agza geçip gelýär. Şol rowaýatlaryň birinde aýdylmagyna görä, ýedi aşygyň biri hasaplanýan Mejnunyň magşugy Leýli gyzyň saçy şeýle bir owadan, şeýle bir uzyn bolupdyr welin, ýere ýetip duranmyş. Günleriň birinde Mejnun öz söwer ýary bilen duşuşmaga gaýdýar. Seretse, akar suwly ýabyň boýunda onuň Leýlisi uzyn, owadan saçyny ýuwup dur diýýär. Bu ýagdaýa aňk bolan Mejnun birbada özüni ýitiripdir, soňra öz bolşundan özi utanyp, gelenini duýdurman yzyna dolanypdyr. Birnäçe wagt geçirip, ýene-de akar ýabyň boýuna Leýlisiniň oturan ýerine dolanyp gelse, eýýäm gyz ýok diýýär. Ol ýerde Leýlä derek näzijek şahajyklary ýere sallanyp duran, saçyny döküp oturan gyza çalymdaş örän owadan bir agaç gögerip otyrmyş. Bu ahwalata geň galyp, näderini bilmedik Mejnun ol agajyň ýere ýetip du

Hurma

Şu günler saçaklaryň bezegi bolan hurmanyň ýygymy dowam edýär. Hurmanyň watanynyň Hytaýdygy, erigiň tagamyny ýatladýandygy üçin oňa «hytaý erigi» hem diýlipdir. Hurma sahawatly güýzüň ýene bir nygmatydyr. Ol ýurdumyzda öňden bäri meşhurdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda Alma, Üzümgül atlaryň bolşy ýaly, Hurma atlylar-da az däldir. Hurma Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýurtlarynyň arasynda «süýji» hyzmatdaşlygyň bolandygyny ýatladyp duran ajaýyp bir miwedir. Türkmen daýhanlary bu miwäni öz topragymyzda ösdürip ýetişdirmegiň abyny-tabyny ele alypdyrlar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20... +25 gradus maýyl bolar.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň goragy üpjün edilýär

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, ony geljekki nesillerimize ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barmakdan ybaratdyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarymyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmeginiň, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň, Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagynyň hem-de ýerleriň zaýalanmagynyň we çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň diňe bir ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin hem örän uly ähmiýeti bardyr.

Tebigat — ýaşaýşyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek babatynda öňe sürlen maksatnamalaýyn işler, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ylmy esasda, milli mirasymyz bilen sazlaşykly döwrebap ösdürilýär. Her bir pudakda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bolsa, diňe bir ýurdumyzyň däl, sebitiň, dünýäniň ýaşaýjylarynyň abadan, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halkara giňişligindäki at-abraýy, sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty dabaralandyrýan döwlet hökmünde barha belende göterilýär. Ata Watanymyz BMG we onuň iri guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu gazanylýan belent sepgitler, üstünlikler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.

Gülzarly geljegimiziň meselesi

Dogrusy, ene topragymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Güneşli Diýarymyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, köpdürlüligini aýawly goramak bilen geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar. Gürrüňi edilýän ugruň kanunçylyk-hukuk kadalaryny kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda kanunlaryň we hukuk namalarynyň 50-den gowragy kabul edildi. “Tebigaty goramak hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki Kanunlarda hem-de Kodekslerde gürrüňi edilýän meseläniň kämil kanunçylygy kesgitlenendir. Tebigaty goramakda, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmakda, ýerasty baýlyklar gazylyp alnanda ekologiýa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almakda we beýleki gurluşyk-gurnama işlerinde kanunçylygyň berjaý edilmeginiň ähmiýeti uludyr.

Reýhan

Türkmen topragy ösümlik dünýäsine baýdygy bilen tapawutlanýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem reýhandyr. Reýhan — gök ekinlere degişli bolup, iýmitlik we dermanlyk häsiýeti boýunça gadymy döwürlerden bäri bellidir. Reýhan ösümligi irki döwürlerde Eýranyň, Hindistanyň we Aziýanyň tropiki etraplarynda 5 müň ýyl mundan ozal giňden ulanylyp, XVI asyrlarda Ýewropa döwletlerinde giňden ýaýrapdyr. «Reýhan» ösümliginiň ady grek dilinde «patyşa» diýen sözden gelip çykyp, oňa ysly otlaryň şasy diýipdirler. Hindistanda bolsa reýhan ösümligini keramatly hasaplapdyrlar. Şol döwürler aşpezler bu ösümligi terligine we guradylan görnüşde dürli tagamlary taýýarlamakda peýdalansalar, lukmanlar ys beriji, bezeg, dermanlyk we reňk almak üçin giňden ulanypdyrlar. Häzirki döwürde ylmyň, tehnikanyň ösmegi bilen reýhan ösümliginiň dürli häsiýetleri giňden öwrenildi. Aýratyn hem reýhanyň dermanlyk häsiýetleri barada dürli edebiýat çeşmelerinde ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar.

Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili

Ýakynda Lebap welaýat Kärdeşler arkalaşyklarynyň agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň we Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigaty goramak — sagdyn durmuşyň kepili» atly okuw maslahat geçirildi. Okuw maslahatyň çäklerinde «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň sözde wasp edip bolmajak gözel tebigatyna gezelençler guralyp, ondaky janly-jandarlara, haýwanat dünýäsine syn edildi we olar dogrusyndaky goraghananyň ylmy işgärleriniň täsirli çykyşlary diňlenildi. Okuw-maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çeken şatlykly wakalaryň biri hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde ýurdumyzyň «Repetek» döwlet biosfera, «Bereketli — Garagum», «Gaplaňgyr» goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky buýsançly çykyşlar boldy. Bulardan başga-da, çykyşlaryň dowamynda «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Ýerajy döwlet goraghanasynyň kölüniň haýwanat we tebigat dünýäsiniň aýratynlyklary barada gyzykly, täsirli gürrüňler berildi. Okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerini