Benagil gowagy

28 Noýabr 2023
490

Özüniň gözelligi we özüne çekiji täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýan tebigy ýerleriň biri-de Benagil gowagydyr.

Bu täsin gowak Portugaliýa döwletiniň günortasynda Benagil ülkesiniň golaýynda ýerleşýär. Gowagyň «Benagil» ady hem Benagil ülkesiniň ady bilen baglanyşdyrylýar. Benagil gowagy deňiz tolkunlarynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda hekli gaýalara gelip, urulmagynyň täsiri astynda olaryň ýonulmagy netijesinde emele gelipdir. Bu gowagyň içinden açyk deňze çykmak bolýar. Gowagyň depesinde edil göze meňzeş oýulan ýeri bolup, ondan Gün şöhleleri gowagyň içindäki çägelik meýdana düşüp, owadan görnüş emele getirýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ylýas GARAÝEW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar