''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý tabşyryldy!

Ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň Watan harmanyna tabşyran guşgursak bugdaýynyň möçberi 1 million tonnadan geçdi. Galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde ýetilen bu sepgit oba zähmetkeşleriniň arzyly pellehana barha golaýlaýandygyndan, ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryndan habar berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna gönükdirilýän ünsüň, daýhanlara berilýän goldaw-hemaýatyň, tehniki-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, pudaga döwrebap usullary ornaşdyrmak babatdaky köpugurly tagallalaryň netijesinde, sahawatly türkmen topragynda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, edermen daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdirýän bugdaý hasyly halkymyzyň saçaklarynyň berekedidir, berkarar döwletimiziň abadançylygynyň we mizemezliginiň berk binýadydyr.

Arzyly sepgit golaýlaýar

Ýurdumyz boýunça 690 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak ugrundaky işler barha giň gerime eýe bolýar. Bugdaý orýan we hasyly galla kabul ediş nokatlaryna daşaýan dürli kysymly tehnikalar gije bilen gündize parh goýman işleýärler. Şu ýyl Watan harmanyna 310 müň tonna bugdaý goşmagy öz öňlerinde baş maksat edip goýan lebaply gallaçylar arzyly sepgide tarap barha golaýlaşýarlar. Kerki, Halaç, Dänew, Çärjew we Köýtendag etraplarynyň gallaçylary ýurdumyzda ilkinjiler bolup pellehana ýetendikleri baradaky hoş habary ýetirdiler. Kerki etrabynyň «Hatap», «Gyzylaýak», «Mürzebeg gala», Halaç etrabynyň «Çohpetde», Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşikleri şu günler borçnamadan daşary galla taýýarlaýarlar.

Bereket çeşmesi

Gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýan Garagum derýasy bereket çeşmesine deňelýär. Derýanyň çekilmegi bilen, onuň boýunda oturymly obalar, şäherçelerdir şäherler, täze etraplar döredi. Boz ýatan müňlerçe gektar ýer özleşdirilip, ekin dolanyşygyna girizildi. Şonuň netijesinde, bu günki gün daýhan yhlasyndan kemala gelen oba hojalyk önümleri we olary gaýtadan işlemek arkaly taýýarlanylýan dürli azyk harytlary ak bazarlarymyzy bezeýär. Häzirki wagtda Garagum derýasynyň işini kadaly ýola goýmak, onuň suw geçirijilik mümkinçiligini has-da gowulandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsuwgurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň hünärmenleridir işgärleriniň alyp barýan asylly işleri aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Olar derýanyň suw geçirijiligine, kenar ýakalarynyň berkidilişine, çuňlugyna, arassalygyna, gaçylaryna we akabanyň ugrundaky suw howdanlarynyň suw toplaýjylyk mümkinçiliklerine berk gözegçilik edýärler. Önümçilik birleşiginiň hem-de dolanyşygynyň tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden täze läbik sorujy, gum itekleýji, akaba gazyjy tehnikalar satyn alynýar.

Kibtinde kätmeni, bili guşalgy...

(Oçerk) Ýere-de, ýer eýesine-de dynçlyk ýat bolsa gerek. Uzak ýoluň iki gyrasyndaky ekin meýdanlaryny, olaryň içinde der saçyp işleýän daýhanlary synlap barşyma, serimde dünýäni ekleýän toprak we oňa eýelik edýän Daýhan babanyň nesilleri barada pikir öwürýärin.

Zähmetkeşleriň armaçylary

Galla oragy möwsüminiň ilkinji günlerinden zähmetkeşleriň arasynda medeni-dynç alyş çärelerini guramak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň çäklerindäki meýdan düşelgelerinde guralýan medeni-dynç alyş dabaralary bu babatda aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde geçirilen dabara gallaçylarda egsilmez şatlyk duýgusyny döredip, olary zähmet üstünligine galkyndyrdy. Etrap häkimliginiň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran medeni-dynç alyş dabarasy saz-söhbede beslendi. Jogapkärli möwsüme gatnaşýan gallaçylary has gujurly, yhlasly işe, ajaýyp zähmet üstünligine ruhlandyrmakda, orak möwsümini çalt we ýitgisiz geçirmekde örän ähmiýetli bolan dabaranyň barşynda ýaňlanan belent owazly aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda, halk döredijilik çykyşlarynda Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň, ajaýyp döwrümiziň, päk zähmetiň waspy öz beýanyny tapdy.

Bugdaýy ýangyndan goralyň!

Halkymyzyň saçaklarynyň berekedi guşgursak ak bugdaýyň ýekeje dänesini hem isrip etmän ýygnamak, ony ýangyn howpundan gorap saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlara öz maslahatlary bilen ýüzlenýär. Oba hojalyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary hasyl ýygymyna gatnaşýan tehnikalaryň sürüjileriniň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edişine gözegçilik etmek üçin jogapkär işgärleri bellemelidirler. Jogapkär wekiller bolsa kadalary pugta berjaý etmek babatda gözükdiriş-düşündiriş işlerini geçirmelidirler. Tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriji, olaryň tüsse çykarýan abzallary bolsa uçgun söndüriji enjamlar bilen üpjün edilmelidir. Tehnikalaryň sürtülýän we çendenaşa gyzýan ýerlerine düşen saman-sypallar öz wagtynda arassalanmalydyr. Däne harmanlary jaýlardan, desgalardan azyndan 50 metr, bugdaý meýdanlaryndan 100 metr aradaşlykda ýerleşdirilmelidir. Harman üçin bellenen ýerler ot-çöplerden arassalanyp, ýangyna garşy araçäk hökmünde ini 4 metr sürlen ýer goýulmalydyr.

Öňdebaryjy gallaçylar höweslendirildi

Galla oragyna gatnaşýan zähmetkeşleriň uly topary Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzasy bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň wekilleri möwsümiň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde gallaçylaryň armasyny ýetirip, öňdebaryjy zähmetkeşleri höweslendirip durýarlar. Gallaçylar bilen iş üstünde, şeýle-de meýdan düşelgelerinde guralýan duşuşyklaryň barşynda häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti, mukaddes baýlygy meýdanlardan gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigi barada gürrüň edildi. Ýakynda etrabymyzyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň ak bugdaýly meýdanyndaky we meýdan düşelgesindäki duşuşyklar ýakymly täsirlere beslendi. Şonda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy Maşad Maşadow öňdebaryjy gallaçylaryň birnäçesine ýörite sowgatlary gowşuryp, olara zähmet üstünligini arzuw etdi.

Meýdan düşelgesindäki dabara

Sarahs etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medenýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň “Bereket” daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçilik toparynyň meýdan düşelgesinde zähmet adamlaryny zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmak, häzirki jogapkärli möwsümi çalt, ýitgisiz alyp barmak we gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi. Gallaçy kärendeçileriň, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileriniň hem-de kombaýnçylaryň gatnaşmagynda bolan dabarada dili senaly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, gallaçylara möwsümi guramaçylykly alyp barmak we ajaýyp zähmet üstünligini gazanmak bilen bagly ýagşy arzuwlaryny aýtdylar. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Milli ruha beslenen aýdym-sazlarda zähmet adamlaryň waspy eriş-argaç bolup geçdi.

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň synagydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerde hasyly ýygnap almak işi depginli alnyp barylýar. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi.

Päk zähmetiň joşguny

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň giňden baýram ediljek ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinen Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň daýhanlary, ýer eýeleri häzirki günlerde dowam edýän galla oragynda tutanýerlilik görkezýärler. Etrabyň ak ekin ussatlary bugdaý ýetişdirilen 42 müň 400 gektaryň hasylyny ýitgisiz ýygnamak hyjuwy bilen irginsiz zähmet çekýärler. Sahawatly toprakdan ýylyň-ýylyna bol hasyl alýan janypkeş daýhanlaryň şu şanly ýyldaky yhlas-azabynyň ýerine düşendigini giň gözýetime uzap gidýän dokmaňyz ak bugdaýly meýdanlar hem subut edýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Tawus Beknazarowanyň aýdyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly has bitginli boldy. Amatly howa şertleri, ýagynly günler, talabalaýyk geçirilen agrotehniki çäreler we daýhanlara döwlet tarapyndan berlen goldaw-hemaýatlar topragyň bol hasyl eçilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Orak möwsümine göwnejaý taýýarlyk bilen girişilmegi we işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy aýry-aýry daýhan hojalyklarynyň we gallaçy kärendeçileriň tabşyryga irki möhletde hötde gelmegine şert döretdi. Möwsümiň öňdebaryjylarynyň hatarynda «Ýaz meýdan», «Ýeke çeşme», «Arzuwlara ýeten», «Kärendeçi gyzlar» daýhan

Rysgal-berekediň nyşany

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçen hepdäniň anna güni guramaçylykly başlanan bugdaý oragy barha ýokary depgine eýe bolup, gyzgalaňly dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynyň gallaçylary hem ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Häzirki wagtda bereket-bolçulygyň nyşany bolan galla hasylyny bellenilen möhletlerde, çalt we ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Welaýat boýunça bugdaý oragyna Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Babamyrat Täşliýewiň ýerlerinde badalga berildi. Halal zähmet çekip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeler gazanýan gallaçy daýhan 15 gektara barabar ýerinden ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, orak möwsüminiň başlanan gününde şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdi.

Daýhanlary galkyndyran buýsançly waka

Ir döwürlerden bäri baý ekerançylyk medeniýetiniň mekany hökmünde tanalýan türkmen topragynda ýetişdirilen azyklyk ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamakda joşgunly zähmetiň tutuş ýurdumyzy gurşap alan häzirki günlerinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza iş sapary bilen gelmegi gallaçy daýhanlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz saparynyň barşynda welaýatymyzyň gallaçylarynyň alyp barýan işleri, halkymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde gazanýan üstünlikleri, bugdaýyň hasyllylygy, daýhanyň ýakyn ýardamçylary bolan oba hojalyk tehnikalary bilen üpjünçiligiň ýagdaýy bilen tanyşmagy ýer eýeleriniň buýsançly başlaryny has-da belende göterdi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagyny depginli ösdürmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýandygyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň kärendeçi doganlar bilen duşuşyp, olar bilen bolan özara söhbetdeşliginiň çuňňur mazmunynda hem pudagy mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky aladalar mynasyp beýanyny tapdy. Ýeri gelende aýtsak, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagy

Welaýatymyzda bugdaý oragy gyzgalaňly barýar

Giň Meýdanlardaky joşgunly zähmet Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan gallaçylygy ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde döredilýän şertlerden, berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanýan welaýatymyzyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde 145 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini amala aşyryp, onuň kadaly gögerişini gazanmak bilen, şondan bäri geçen döwrüň dowamynda ekin meýdanlarynda ýadawsyz iş alyp bardylar. Olaryň uzak wagtlap çeken zähmeti özüniň guwandyryjy netijelerini hem berdi. Munuň şeýledigini şu günlerde bugdaý meýdanlaryndaky bereketli hasyldan, ony ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işlere ähli gujur-gaýratyny gönükdirýän gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň orak möwsüminiň ilkinji günlerinde gazanýan üstünliklerinden hem görmek bolýar.

Ýokary hilli önümler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, giň goldawlary bilen ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň bökdençsiz dowam etdirilmeginde, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly beýleki binalaryň we desgalaryň  ýokary hilli gurlup, öz wagtynda ulanmaga berilmeginde gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň hem uly goşantlary bardyr. Çünki olar  gurluşyk üçin zerur bolan gurluşyk serişdelerini ýeterlik derejede öndürmek hem-de bellenen ýerlere ugratmak bilen, şeýle netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýärler. Bu babatda welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň hem häzirki dowam edýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işleri amala aşyrýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar welaýatymyzyň çäklerinde gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna, beýleki desgalara niýetlenilen gurluşyk önümlerini ýokary hilli öndürmek bilen, bu babatda göz öňünde tutulan meýilnamalary üstünlikli berjaý etmegiň hötdesinden gelýärler.

Oba hojalygy

Gowaça bejergisi güýçli depginde Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda 1360 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, kadaly gögeriş gazandylar. Häzirki günlerde şol ýerlerde endigan ösýän gowaça düýplerine ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Netijede, her günde birleşik boýunça 30 — 40 gektar meýdanda hatararasyny ýumşadyp, gapdallaýyn iýmitlendirmek, haşal otlardan arassalamak ýaly çäreler ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu babatda tejribeli kärendeçilerden Bibigül Saryberdiýewa, Aýsoltan Amangylyjowa, Hemra Annalyýew, Saparmyrat Gulpakow, şeýle hem mehanizatorlardan Arazmyrat Sapaýew, Gurbanmyrat Gurbanow dagynyň has-da oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar.

Pellehanada — öňdebaryjylar

Welaýatymyz boýunça döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edýän daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň sany günsaýyn köpelýär. Saýat etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary etrapda ilkinji bolup mähriban Watanymyzyň bugdaý çäjine galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri 1170 gektar meýdanda eken bugdaýyndan 3266 tonnanyň ýerine 4266 tonna bugdaý hasylyny tabşyrmagyň hötdesinden geldiler.

Eklenjimiz ene toprak

Şu günlerde bereketli ekin meýdanlarynda bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan zähmetinden kemala getirilen bol hasyl yrýa etmän ýygnalýar. Ak bugdaýdan bişen mele-myssyk, tes-tegelek Gün ýaly çöregimizden saçaklarymyz dolup duranda, biziň başymyz belent, kalbymyz buýsançdan dolup, gökde ganat gerýär. Döwletimiz daýhanlaryň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak üçin onuň satyn alyş bahasyny hem artdyrdy. Öňküsinden tapawutlylykda bu ýyl bugdaý hasylynyň bir tonnasynyň bahasy 2,5 esse ýokarlandyryldy. Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň öndürijilikli işlemekleri, ýerden bol hasyl almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döretmek, oba hojalyk pudagyny has-da kämilleşdirmek işi Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredijilikli dowam etdirilýär. Ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, mineral dökünler bilen üpjünçilik ýokarlanýar, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda suwarylýan ýerleriň aglaba bölegi hususyýetçilere uzakmöhletleýin kärendesine berlip, olarda ildeşlerimiz üçin diňe bir bugdaý ýa-da pagta däl, eýsem, zerur bolan azyklyk we gök-m

Ýeralmanyň bol hasyly

Welaýatymyzyň ekerançylary 1400 gektar meýdanda ýetişdirilen ýazlyk ýeralmadan 19600 tonnanyň ýerine 20 müň tonna golaý hasyl ýygnap, bu boýunça meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýeralma ekilen meýdanlaryň her gektarynyň hasyllylygynyň meýilleşdirilen 140 sentnerden hem ep-esli geçmegi daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigini aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýene-de üstünlikli dowam etdirilýän oba hojalyk özgerişlikleri pudagyň önüm öndürijilik ukybyny mese-mälim ýokarlandyrýar. Netijede, zerur bolan önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygy doly üpjün edilýär. Ilatyň saçagyna azyklyk we beýleki ter önümler yzygiderli gowuşýar. Ýeralmanyň uly möçberdäkisiniň ýygnalmagy hem hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen gol çeken möhüm Kararynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Galla — 2024

Daýhanlaryň armaçylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň galla oragy möwsümi barha gyzyşýar. Ýetişen hasyly öz wagtynda çalt we yrýasyz ýygnamak üçin ähli güýçler herekete girizildi. Işleriň sazlaşykly guralmagy bilen Watan harmanyna tabşyrylýan guşgursak dänäniň mukdary gün geçdiksaýy artýar.

Baýramalyda bir bag bar...

(Oçerk) Bagyň bagbany bolmasa, bitmejegi düşnükli. Ýöne bagyň bagdan tapawutly bolşy ýaly, bagbany-da bagbandan saýlaýan tär-gylyk, işe çemeleşiş, zähmet usuly bar. Mary welaýaty bag-bakja gezek gelende, köpe nusga bolup biljek bagbanlary bilen belli. Şol däp-düzgün häzirem ýörgünli. Ynha, gadymy kitaplarda, gulak gerdirýän dessanlarda, goşgy-gazallarda «Zemin üstündäki Erem bagy» diýlen gözelligi döredýän ussatlar hakynda gürrüň gozgalsa, Murgap jülgesiniň aglaba ýerinde: «Baýramala baryň, Döwletjan bagban bardyr!» diýler.