''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Özbegistan sogan eksportynda dünýäniň ilkinji bäşligine girip biler

«EastFruit» portalynyň hasaplamalaryna görä, 2023-24-nji ýyllaryň oba hojalyk möwsümi boýunça Özbegistan ter soganyň eksportynda dünýäniň ilkinji bäşligine girip biler. Portalyň hünärmenleri muny dünýäniň esasy sogan eksport edijilerinde, hususan-da, bu ugurda ilkinji bäşlige girýän Müsürde bu oba hojalyk önüminiň eksportyna girizilen çäklendirmeler, şeýle hem, özbek soganynyň daşary bazara iberilýän möçberiniň artmagy we eksport geografiýasynyň giňemegi bilen esaslandyrýarlar.

Dünýäde azyk önümleri arzanlaýar

Şu ýylyň ilkinji aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahasy 2023-nji ýylyň dekabryndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, 1 göterim arzanlady. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy habar berdi. Hususan-da, 2024-nji ýylyň ýanwarynda 2023-nji ýylyň dekabryndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, däne önümleri 2,2 göterim, et önümleri 1,4 göterim, ösümlik ýaglary 0,1 göterim, şeker bolsa 0,8 arzanlapdyr.

Daýhançylygyň şöhratly ýolunyň dowamaty

Kesearkajyň gadymy meşhur obasy. Bu töweregiň ilatly ýerleri bilen bir hatarda, ol Aşgabat şäheriniň çägine girizilip, indi oňa Bagtyýarlyk etrabynyň «Akdaşaýak» ýaşaýyş toplumy diýilýär. Ozal hem şäher ýaşaýyş derejesine bäs edýän bu uly ilatly ýerlerde soňky ýyllaryň içinde häzirki zaman infrastrukturasy döredildi. Bu ýerlerde hem obanyň, hem şäheriň artykmaçlyklary özara utgaşýar. Has ir döwürlerden bäri daýhanlar ýekebara haýatdyr melleklerinde ekin-dikin ýetişdirip, diňe Aşgabadyň ilatyna däl, eýsem, Russiýa ýaly alys ýurtlara-da üzümdir gawun-garpyzlaryny, gaýry miwe we gök önümlerini ugradypdyrlar. Göz giderlikli gazanç etmegi başaran ýer eýeleri häzir hem bu ýörelgäni dowam etdirmäge synanyşýarlar. Kolhoz döwründe gurlan, obanyň ileridir gaýra tarapyny tutup oturan, hakyt «ýyladyşhanalar şäherçesi» diýäýmeli, ýaýrawly giňişlikdäki desgalar — ýyladyşhana toplumlary hem-de mellek ýerlerinde gurlan şeýle önümçilik gurluşlary ozalky obanyň häzirki şäher landşaftyna hem özboluşlylyk berýär. Şeýdibem, bazarlarda gyşyn-ýazyn witaminlere baý önümleriň bolçulygyny döretmäge goşantly daýhanlar, hemişekileri ýaly, limondyr pomidor-hyýary we beýleki hyrydary ýetik täzeden-täze ekinleri ussatlarça tiz we bol ýetişdirip, olary

Tohumlyk çigit taýýarlanylýar

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky «Şirwan» pagta arassalaýjy kärhanasynda ýakynlaşyp gelýän ekiş möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Şu günler kärhanada ýazky gowaça ekişi üçin tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Gowaça ekişi üçin ätiýaçlyk goruny hem göz öňünde tutmak bilen 1687 tonna tohumlyk gowaça çigidi taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Her günde onuň 45—50 tonnasy öndürilýär.

Yhlasly zähmet — bol hasylyň girewi

Ýerden bol hasyl almak — her bir daýhanyň maksady. Munuň üçin bolsa ýylyň islendik paslynda-da depginiňi gowşatman işlemek zerur. Häzirki günlerde bugdaýlaryň maýsalap oturan meýdanlarynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görülýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Üzümli toprak» daýhan hojalygynda alnyp barylýan şeýle yhlasly işler bilen ýakyndan tanyş bolduk. Hakyky daýhany diňe öz ekininiň içinden tapmak mümkin. Indi birnäçe ýyldan bäri «ak altynyň», guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny döwlet harmanyna artykmajy bilen tabşyryp gelýän hojalygyň ýolbaşçysy Annageldi Annaýewiň ekin ýerine ir bilen baryp, gürrüňdeş bolduk. Tejribeli daýhan bize şeýle gürrüň berdi:

Oba hojalygy: ak ekiniň idegi

BU GÜNKI YHLAS — ERTIRKI HASYL Şu günler ekin meýdanlarynda gallaçy kärendeçiler ak ekine — bugdaýa ideg etmek işini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Olar yhlasly idegiň oňat netije berýändigine örän oňat düşünýärler. Topraga sepilen bir dänäniň müň bolup gaýdyp gelmegi üçin ak ekin ussatlary suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreş çärelerini geçirmek işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Munuň netijesinde bolsa bu günki gün meýdanlar ýaşyl maýsalyga bürenip, gözel görnüşi emele getirýär.

Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk

Bahar paslynyň ýakynlaşýan günlerinde welaýatymyzyň daýhanlarynyň, tehniki hyzmat ediş, suw hojalygy kärhanalarynyň işgärleriniň aladasy artýar. Çünki ýene-de sanlyja günlerden ýeralmanyň, gök ekinleriň käbir görnüşleriniň, ondan soňra bolsa gowaça ekişine girişiler. Şoňa görä-de, bu möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek häzirki döwürde öňde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şuny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçirýän Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda berýän tabşyryklarynyň, görkezmeleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler barha ýokary depgine eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň, bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýän welaýatymyzyň kärendeçileri, daýhan hojalyklarynyň agzalary, telekeçileri bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga çalşyp, ýadawsyz zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Olar munuň üçin niýetlenen müňlerçe gektar meýdanlarda topraga tohum taşlamaga taýýarlyk işlerini, bugdaýyň idegini ýokary hilli ýerine ýetirýärler.

Bu günki hereket — ertirki bereket

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygy pudagyny ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ene toprakdan bol hasyl almak üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýan Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri önümçiligiň dürli ugurlarynda ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Olar şu günleriň esasy aladalarynyň biri bolan meýdanlary ýazky gowaça ekiş möwsümine taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň depginini birjik-de gowşatmaýarlar. Şu ýylyň baharynda gowaça ekilmegi göz öňünde tutulýan 350 gektardan gowrak meýdanda şüdügär sürümi öz wagtynda geçirilip, tekizleme, çil çekmek ýaly çärelere ýol açylypdyr. Şol gaýragoýulmasyz işleri ýerine ýetirmekde Agajan Amangeldiýew, Nurnepes Çaryýew dagynyň we başga-da birnäçe mehanizatorlaryň yhlasly zähmet çekendiklerini nygtamak zerur. Elbetde, şeýle öz işine yhlasly mehanizatorlar häzirki wagtda hem öz işlerini öndürijilikli dowam etdirýärler. Daýhan birleşigi boýunça bar bolan ekiji gurallar, borona-malalar abatlaýjylar tarapyndan gözden geçirilip, ekiş möwsümine taýýar edilipdir. Hojalygyň abatlaýjy ussalarynyň hatarynda Arazmyrat Otuzow, Aşyr Şiriýew dagyny görkezmek bolar.

Oba hojalygy: gyş aladalary

Bugdaýyň idegi ýetirilýär Köneürgenç etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri gyş paslynyň häzirki döwründe her bir güni netijeli peýdalanyp, geçen ýylyň güýzünde ekiş geçirilip, kadaly gögeriş alnan 1450 gektar meýdanda bugdaýyň ideginiň möwsümleýin çärelerini berjaý etmekde gaýratly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, olar ýerli dökünleri taýýarlamak, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň kömegi bilen atyzlara sepmek, şonuň ýaly-da ýap-salmalary arassalamak ýaly işleri gyzgalaňly dowam etdirýärler. Bu çäreleriň daýhan birleşiginiň Serdar Toýlyýew, Dowly Dolanow, Gurbangeldi Arazow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 4, 9, 10-njy kärendeçiler toparlarynda has-da öndürijilikli barýandygyny bellemek bolar. Kärendeçi daýhanlara tehniki ýardam bermekde mehanizatorlar Begmyrat Gylyjow, Akmyrat Bekdurdyýew, Bagtybaý Arazow dagy oňat görelde görkezýärler. Hojalykda amala aşyrylýan şeýle giň gerimli işler şu ýyl Watan harmanyna 2900 tonna ýokary hilli bugdaý tabşyrmak barada kabul edilen meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigine güwä geçýär.

Gyş suwy — gyzyl suwy

Ata-babalarymyz bu pähimi öz nesillerine ýöne ýerden galdyrmandyr. Sebäbi gyş suwunyň göni maksadyndan başga, ýeriň şoruny ýuwmakda-da iňňän uly ähmiýeti bar. Meýdanlar agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz möhletinde kiçi böleklere bölünip, gyş suwy göwnejaý tutulsa toprak daýhanyň göwün diýen hasylyny eçilýär. Hünärmenler ekişden öňki ýuwuş we tagt suwuny tutmak üçin topragyň mehaniki düzümine görä, ýeňil toprakly atyzlary ululygy 0,15 — 0,25, orta we agyr toprakly meýdanlary bolsa 0,25 — 0,35 gektar edip, çiller arkaly atyzlara bölmegi hem-de her gektara 1600 — 1700 kub metr möçberinde suw goýbermegi maslahat berýärler. Birnäçe ýyl bäri ekin ekip, bol hasyl alyp gelýän daýhanlar bu babatda baý tejribe topladylar. Olar ýeri görenden, synçy nazary bilen topragyň düzümini kesgitläp bilýärler. Eger-de toprak gowy ýuwulmadyk bolsa, ýuwuş suwy ikinji gezek geçirilýär. Hut şonuň üçinem Lebap welaýatynyň daýhanlarynyň ekin ýeriniň köp bölegi Amyderýanyň kenarynda ýerleşensoň, eýýäm birinji gezekde ýuwuş suwy talaba görä geçirilip, topragyň şory aýrylýar. Muňa biz ýakynda Saýat etrabynyň daýhan birleşiklerinde bolanymyzda-da göz ýetirdik. Etrabyň «Bereket» daýhan birleşigi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1376 gekta

Ekerançylar möwsüme taýýarlanýar

Welaýatymyzyň ekerançylary ýylyň-ýylyna ýeralma, sogan, hyýar, kelem, käşir, pomidor ýaly gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip, azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna saldamly goşant goşýarlar. Geçen ýyllarda bu ugurda toplanan baý tejribelerine daýanýan welaýatymyzyň zähmetsöýer ekerançylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinlerini ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berýärler. Häzirki wagtda welaýatymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerlerini ýazky ekişe taýýarlamak işine jogapkärli çemeleşilýär. Bu ugurdaky işler etraplaryň her birinde ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Ak bugdaý, Gökdepe, Bäherden etraplarynyň ekerançy daýhanlary agzalan ekinleriň ýazky ekişine taýýarlyk işlerinde has-da tutanýerlilik görkezýärler. Agzalan etraplarda tohumlary we tehnikalary ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak işleri hem göwnejaý ýola goýlupdyr. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat we etrap komitetiniň işgärleri ýazky ekişe taýýarlykly barylýan günlerde oba zähmetkeşleriniň arasynda bolup, öňde duran möwsümiň ähmiýetini düşündirýärler.

Döwlet ýer kadastry we onuň durmuşa ornaşdyrylyşy

Ýurdumyzda ýer kadastryny ýöretmegiň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän, ýerleriň döwlet hasabynyň alnyp barylmagyny, rejeli peýdalanylmagyny we olaryň goralmagyny düzgünleşdirýän 8 bapdan, 42 maddadan ybarat bolan «Döwlet ýer kadastry hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi 2021-nji ýylda kabul edildi. Döwlet ýer kadastry diýen düşünje ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamalary, ykdysady taýdan baha berlişi, olaryň ýerleşişi we ölçegleri, ýer bölekleriniň eýeleri, ondan peýdalanyjylar hem-de kärendeçiler, ýagny hukuk eýeleri boýunça bölünişi barada resmileşdirilen maglumatlaryň ýeke-täk döwlet geomaglumat ulgamyny aňladýar. Döwlet ýer kadastry ýer serişdeleriniň durnukly dolandyrylyşyna, rejeli peýdalanylyşyna, goralyşyna, ýagdaýynyň üýtgemelerine gözegçiligini amala aşyrmak, topragyň gurplulygynyň saklanylmagyna, ýokarlanmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek, häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny hem-de beýleki ýuridiki ýa-da fiziki şahslary maglumat taýdan üpjün etmek maksatlary üçin ýöredilýär.

Hojalygyň işi ileri

Sarahs etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň çäginde döredilen «Miweli ýaşyl ýaýla» daýhan hojalygynyň täze hasylyň düýbüni tutmakda alyp barýan işleri guwandyrýar. Geçen şanly ýylda 40 gektar meýdanynyň 15 gektarynda däne, 17 gektarynda gowaça ýetişdirip, bu babatdaky tabşyryklary artygy bilen berjaý eden daýhan hojalygynyň zähmetleşleri şu günler has tutanýerli işleýärler. Hojalykda şu ýylyň hasyly üçin däne ekilen 19 gektar meýdanda doly bahaly gögeriş gazanylyp, ýaşajyk maýsalaryň idegi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Hojalygyň gowaça ekiljek meýdanlarynda möwsüme taýýarlyk işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Gowaça ekişi geçiriljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, keş çekmek ýaly işleriň tamamlanandygyny bellemek ýakymly.

Biokärhanalarda işler ilerleýär

Daýhanlarymyzyň, mülkdarlarymyzyň ýurdumyzyň bereketli topragyndan oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almaklary üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly öňdengörüjiligi bilen amatly şertler döredilýär. Bu ugurda biologiki usullary ulanmak peýdaly we netijeli hasaplanýar. Biousullary ulanmak boýunça tutuş ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda hem baý iş tejribesi toplanyldy. Oba hojalyk ekinleriniň zyýanberijilerine garşy göreşiň has kämil görnüşleriniň biri-de, biologiki usullardan ýerlikli peýdalanylmagydyr. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň Lebap welaýat bölümi bu ugurda degerli tagallalary edýär. Bu işleriň netijeli ýola goýulmagy babatda welaýat bölüminiň hünärmenleri tutanýerli iş alyp barýarlar.

Ilatyň islegli önümleri

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çäginde ýerleşýän döwrebap ýyladyşhana toplumynda tapgyrlaýyn ekilen pomidoryň bol hasyly ýetişdirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhananyň önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Işi ýöretmegiň täzeçe usullary giňden ulanylýar. Bu ýerde ýylda dürli görnüşli pomidorlaryň 800 tonnasy öndürilip, welaýatyň çägindäki bazarlara, dürli söwda nokatlaryna, şeýle-de ýörite buýurmalar esasynda sarp edijilere ugradylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ilatyň ýylyň ähli pasyllarynda gök önümler bilen üpjün edilmegine saldamly goşant goşýan toplumda oba ýaşlarynyň 40-dan gowragy zähmet çekýär. Ýyladyşhanada her hepdede 18 –20 tonna hasyl ýygnalýar. Toplumyň umumy meýdanynyň 4 gektar ýerini pomidoryň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhana eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly üns berýär, ildeşlerimiziň oba hojalyk önümçiliginde netijeli we yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Döwrebap toplumyň işçi-hünärmenleri azyk bolçulygyny döretmäge, özümizde öndürilýän, ekologiýa taýdan ara

Biogumus — peýdaly dökün

Kaliforniýa ýagyş gurçugynyň topragy organiki döküne öwürmekdäki ähmiýeti oba hojalyk ylmynda ykrar edilen hakykatdyr. Ýurdumyzyň oba hojalygyna dünýä ylmynyň gazananlary barha batyrgaý ornaşdyrylýar. Mal derslerini, iýmit galyndylaryny, çüýrüntgileri gyzyl ýagyş gurçugynyň kömegi bilen organiki döküne öwürmek işine soňky döwürde telekeçiler, kärendeçi daýhanlar barha köp gyzyklanma bildirýärler. Köneürgenç etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň Gumgala obasyndan telekeçi Ýagşymyrat Altyýew indi birnäçe ýyldan bäri ýagyş gurçuklaryny köpeltmek bilen meşgullanýar. Telekeçi ýigit birnäçe ýyl mundan ozal gyzyl ýagyş gurçuklaryny köpeltmäge girişdi. Gyzyl ýagyş gurçuklaryny ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmak birbada ýeňil düşmedigem bolsa, telekeçi ýigit özüniň irginsiz erjelligi bilen bu jandarlary bu sebitde uýgunlaşdyryp, köpeltmegiň usulyny tapýar.

«Altyn gül» gerimini giňeldýär

Hormatly Prezidentimiziň dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde telekeçilerimiz has möhüm orunlary eýeleýärler. Hususy önüm öndürijileriň aglabasy diňe bir içerki bazarda öňdebaryjy orunlary eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, dürli görnüşli önümlerini gaýry döwletlere-de eksport edýärler hem-de ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümlerini ýerlemek üçin täze bazarlary işjeň ýagdaýda gözleýärler. Şolaryň biri hem Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Täze ýurt» daýhan birleşiginde ýerleşýän «Altyn gül» hususy kärhanasydyr. Amala aşyrýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin biz bu kärhananyň üpjünçilik işleri boýunça hünärmeni Abdylla Resulow bilen söhbetdeş bolduk. — Abdylla, ilki bilen, hususy kärhanaňyzyň haçan döredilendigi hem-de alyp barýan işleri barada gürrüň beräýseňiz?!

Gadymy ekiniň gymmaty

Güneşli ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň arasynda künji iň gadymylarynyň biri hasaplanylýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu ekiniň ýaşy bäş müň ýyldan hem geçýär. Onuň uzak döwrüň dowamynda dürli ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilmegi künjiniň köp sanly görnüşiniň emele gelmegine şert döredipdir. Onuň biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän birnäçe görnüşi bolup, olar biri-birinden ýaglylyk derejesi babatynda az-kem tapawutlanýar. Künjiniň ösdürilip ýetişdirilişi barasynda il arasynda «Daýhançylygyň öňünde künji, soňunda künji» diýen pähim bar. Munuň özi onuň ekilýän möwritiniň çäklendirilmändigini, ir bahardan tä tomsuň jöwzaly yssysy düşýänçä ekip bolýandygyny aňladýar. Bu ösümligiň şunuň ýaly häsiýeti daýhanlar üçin juda oňaýly şert döretse, künji hasylyndan alynýan önümiň köp görnüşli bolmagy lomaý düşewünt alynmagyny üpjün edipdir. «Ekinleriň hasylly bolmagy ýylyň gelşi bilen bagly bolýar» diýen düşünje daýhanlaryň gadymdan uýýan pähimleriniň biri bolupdyr. Şonuň üçin daýhan ekiljek ekini ýylyň gelşine görä saýlamaly bolýar. Ýyl gurak ýa-da ygally gelse ekiljek ekinem şoňa görä meýilleşdirilýär. Künji şu meselede daýhançylygyň beýleki görnüşlerinden ozdurypdyr. Ekiliş u

Goýunlaryň et-ýag önümliligini ýokarlandyrmagyň usullary

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatda hem uly işler geçirilýär. Bu pudagyň ilatymyzy zerur azyk önümleri bilen üpjün etmekdäki ähmiýeti günsaýyn ýokarlanýar. Ýurdumyzyň maldarçylygynda öndürilýän umumy etiň möçberinde dowardarçylyk pudagy agramly orny eýeleýär, has takygy, öndürilýän ähli etiň 45 — 47 göterimi bu pudaga degişlidir. Türkmenistanda goýunlaryň garaköli, saryja we az möçberde gissar hem-de merinos tohumlary ösdürilýär. Garaköli goýunlary ähli welaýatlarda, saryja goýunlary Ahal welaýatynyň günbatar etraplarynda, gissar goýunlary Lebap welaýatynyň Köýtendag sebitinde we merinos goýunlary bolsa Günorta-Günbatar Köpetdagyň maldarçylyk hojalyklarynda ösdürilýär.

Bereket bulagy

Gözbaşyny Garagum derýasyndan alýan Türkmengala — Zähmet abzalýabyny Mary welaýatynyň ilaty bereket bulagyna deňeýär. Akabanyň Baýramaly, Türkmengala, Murgap etraplarynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwlulandyrmakda we ilatyň agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmakda bitirýän hyzmaty uludyr. 2014-nji ýylda bu eşret çeşmesiniň durkunyň täzelenip, beketlerindäki ozaldan bar bolan suw sorujylarynyň kuwwatly enjamlar bilen çalşyrylmagy, işçi-hünärmenler üçin amatly şertleriň döredilmegi akabanyň suw geçirijilik mümkinçiligini sekuntda 40 kub metre çenli ýokarlandyrdy. Bu welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň 44 müň gektaryny suwlulandyryp, sebitde ýaşaýan müňlerçe ilatyň agyz suwuna islegini kanagatlandyrýar. Abzalýabyň goýnunda üç sany suw göteriji beket bolup, olaryň umumy uzynlygy 46 kilometre barabar. Bereket akabasynyň suw getirijilik mümkinçiligini kadaly saklamakda, hanasyny arassalamakda, beketlerdäki suw sorujylaryň abatlygyny gazanmakda we elektrik üpjünçiligine gözegçilik etmekde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Marysuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Zähmetabzalýap» önümçilik dolanyşygynyň işgärleri egin-egne berip zähmet çekýärler.