Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk

31 Ýanwar 2024
394

Bahar paslynyň ýakynlaşýan günlerinde welaýatymyzyň daýhanlarynyň, tehniki hyzmat ediş, suw hojalygy kärhanalarynyň işgärleriniň aladasy artýar. Çünki ýene-de sanlyja günlerden ýeralmanyň, gök ekinleriň käbir görnüşleriniň, ondan soňra bolsa gowaça ekişine girişiler. Şoňa görä-de, bu möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek häzirki döwürde öňde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Şuny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçirýän Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda berýän tabşyryklarynyň, görkezmeleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler barha ýokary depgine eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň, bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýän welaýatymyzyň kärendeçileri, daýhan hojalyklarynyň agzalary, telekeçileri bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga çalşyp, ýadawsyz zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Olar munuň üçin niýetlenen müňlerçe gektar meýdanlarda topraga tohum taşlamaga taýýarlyk işlerini, bugdaýyň idegini ýokary hilli ýerine ýetirýärler.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar