''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Mähremlik

Çagalykda men çemesiz bolamsoň, ejem bilen kakamdan hökman käýinç alardym. Sebäbi tagaşyksyz hereketlerim bilen oýnawaçdyr gap-gaçlary döwerdim, ýa-da egin-eşiklerimi hapalap gezerdim. Umuman, öýde-daşda men hökman bir başagaýlyga uçraýmalydym. Bir gün ejem hormatly zähmet dynç alşyna çykan halypasynyň doglan gününi gutlamak üçin olara myhmançylyga gitmäge hyýallandy. Meni hem ýany bilen alyp gitmeli boldy. Çemesiz häsiýetimden ýaňa, öň kän bir myhmançylyga-da gidip ýörmämsoň, diýseň begendim. Ejem ýolda maňa özümi edepli alyp barmagymy sargady.

Öýüm — ojagym

Söhbedimizi türkmeniň ak öýünden başlasak, kem bolmasa gerek. Ata-ene ogluny öýli-işlikli edensoň, oňa ak öý tutup beripdir. Bu adat häzire-bu güne çenli dowam edýär. Bu däbe türkmen «Ojagym bar — öýüm bar» diýýär. Elbetde, türkmen «Ak zat — alnyňa ýagşy» diýipdir. Eger ak zat alnyňa ýagşy bolsa, onda ak mermerden gurlan Arkadag şäherem alnymyza ýagşy. Milli Liderimiziň ýiti zehininiň emri bilen dörän bu şäher bu gün Dünýä kartasynda peýda bolup, öz mynasyp ornuny tapdy, ýer ýüzünde ýene bir ajaýyp şäheriň dörändigini äleme buşlady. Mährem ene ýaly gujagyny gerip oturan Märkaw dagynyň eteginde bina bolan Arkadag şäherine täze öýlere göçüp gelenler hem köne ýyl bilen täze ýylyň sepgidinde Täze ýyl baýramlaryny goşadan tutdular.

Gyz edebi — il edebi

Agzybirligiň çeşmesi Mukaddeslik nämeden başlanýar diýlende, ilki bilen, bagtyýar maşgala göz öňüňe gelýär. Maşgalanyň bagtyýarlygy bolsa, biz — enelere, zenanlara bagly bolup durýar. Munuň üçin biz ojagymyzda agzybirligiň çeşmesini döretmeli. Gyz çaganyň geljegi, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin esasy enäniň aladasyna daýanylýar. Çünki, edepli, terbiýeli, mähirli, mylakatly, geçirimli, ýumşak häsiýetli gyz çagany kemala getirmekde enäniň orny uludyr. Makalamyň şu ýerinde dowamatymyzy dowam eýlejek ýaş gyzlara ýüzlenmek isleýärin.

Buşluk bilen başlanan ýyl

Bagtyýar halkly, şanly-şöhratly Diýarymyza gadam basan Täze — 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz şatlyk bilen başlandy. Şahyryň aýdyşy ýaly: Ogul boldy, çapyp gitdi çagalar,Buşluk sesi gapy-gapy aýlandy.

Owazdan nurlanan dünýä

Eziz enem! Seniň öňüňde näçe bergimiň bardygyny ölçemek mümkin däl. Ony ölçemäge dünýäde gural hem ýok. Ýöne men bir zady: bu dünýä gelip, gözümi açan günümden bäri bagtly bolmagym üçin seniň döreden nurly Gün ýaly mähirden, söýgüden, yhlasdan, ýagşy umytlardan, ýakymly sözlerden, aladadan doly dünýäňe düşendigimi duýýaryn. Seniň hüwdüleriňde eden arzuwyňdan ganatly bolandygymy duýýaryn. Seniň yhlasyňdan bagtymyň gül açandygyny bilýärin. Eziz enem! Seniň meniň bagtly bolmagym, döwrümize, ile-güne mynasyp adam bolup ýetişmegim ugrunda eden taýsyz aladalaryňy ýyl geçdigiçe barha ýiti duýýaryn.

Edep, ekram, eda

Bu setirler sere, dana Pyragynyň goşgular kitabyny ele alyp, gör, eýýäm näçenji gezek okap çykamsoň geldi. Her gezegem bu dürdäne setirler seniň bilen başgaça «sözleşýär». Bu gün olar meniň elime galam alyp, ýüregimi egismegime sebäp boldy. Zatlaryň, wakalaryň, hadysalaryň düýp maňzyny gözlemek häsiýeti bizi gurşap alýan dünýä inçelik bilen bakdyrýan eken. Bu endige eýerip, ene dilimiziň fonetikasynda-da käbir aýratynlyklaryň bardygyny özüm üçin açdym. Täsin ýeri — türkmen dilinde her birimiz üçin ýakymly zatlaryň ady «E» harpyndan başlanýan ekeni. Ene, eje, eziz... Dünýä döräli bäri ynsan nesliniň aňyny eýelän EBEDILIK syry. Pähimler äleminiň ägirtleriniň baky gymmaty gaçmaz işlerinde bu sowallar parça matasynda zer sapaklary ýaly eriş-argaç geçipdir. Olaryň her biri bu sowallara özüçe jogap gözläpdir. Köpüsem jogap däl-de, täze, has çuň sowallara duçar bolupdyr. Asyrlar aşyp, eýýamlar aýlansa-da, şol sowallaryň ýitiligi peselenok. Meniň şu günki sadaja pikir ýöretmäm hem şol inçe duýgular dünýäsine ilkinji, çekinjeň, sadadan sypaýy köňül seýli boldy. «E» sesinden başlanýan sözleriň içinden her bir adama edil howa ýaly zerury saýlanyp öňe çykdy.

Täze ýylyň täsinlikleri

«Täze ýyl» diýlende, her birimiziň ýadymyza bu baýram bilen bagly çagalyk döwrümizden galan ýakymly ýatlamalar düşýär. * * *

Luw ýylynda doglan zenanlar barada

Luw ýylynda doglan zenanlar gujurly, hyjuwly, paýhasly we tutanýerlidirler. Şeýle berk häsiýetleriniň bardygyna garamazdan, beýleki bir tarapdan, olar islendik ýalňyşy bagyşlamak, geçirimlilik, dözmezçilik etmek ýaly ýumşak häsiýetlere hem eýedirler. Luw ýylynda doglan adamlar erkin dünýäsi, arkaýynlygy, döredijilikli ukyplary we özdiýenliligi bilen tapawutlanýarlar. Emma luw ýylynda doglan zenanlary bu ýylda doglan erkek kişilerden tapawutly häsiýetlendirmeli bolsa, onda aýdara zat örän köp.

Berekediň ýyly

Mukaddes ýazgylarda «neýsan ýagşy» diýlip atlandyrylýan on iki ýyldan bir gezek ýagýan ýagyş hakynda aýdylýar. Ol aprel aýynda ujypsyzja damjalaryny seçip gidýär. Ýöne az wagtlyk ýagsa-da, halk arasynda ol balygyň rysgy üçin ýagýan ýagyş hasaplanýar.  Neýsan balygy şol ýagyş ýagmanka öňünden syzyp, kellesini suwdan çykaryp durýarmyş. Niçikmi, onuň agzyna ýagşyň birküç damjasy düşse-de, ol derýanyň düýbüne çümüp gidýärmiş. «Soňra kän ýyllaryň dowamynda neýsan balygynyň agzyna düşen damjalar düre öwrülýärler» diýip, köne ýazgylarda aýdylýar.

Dünýä halklary Täze ýyly nähili garşylaýar?

Bu köpler üçin gyzykly bolsa gerek. Bereketli türkmen topragynda Täze ýyl uly şatlyk-şowhun bilen garşy alynýar. Aýratyn-da, bu baýram çagalar üçin örän gyzykly bolýar. Çünki bagtly çagalygyň ýurdunda körpe nesliň ähli arzuwlary wysal tapýar. Onuň üçin Aýazbaba hat ýazyp, Täze ýyl arçasynyň aşagynda goýaýmaly. Hatymyzy taýýarlaýançak, dünýä halklarynda Täze ýylyň garşy alnyşy bilen tanyş bolaýalyň. Ýagşy umyt-arzuwlara beslenip garşy almak bu baýramyň esasy aýratynlygy bolsa gerek. Bu dünýä halklarynda-da şeýle. Günüň dogýan ýurdy bolan Ýaponiýada bu baýram 25-nji dekabrda başlanyp, bir aýa çenli dowam edýär. Ýapon halky Täze ýylyň öňüsyrasynda ybadathana zyýarata baryp, öý-içerisine, ýakynlaryna bagt, saglyk, abadançylyk dileg edýär. Olar öýlerini bambuk, erik, arça agaçlarynyň şahalary bilen bezeýärler. Çünki bu agaçlaryň baýlyk, abadanlyk, rowaçlyk, söýgi getirýändigine ynanýarlar. Täze ýyl gijesinde tüwi unundan köke taýýarlap, biri-birlerine hödür edýärler. Ýapon halky «Ak we gülgüne reňkli kökeler şowlulyk getirýär» diýen ynanja uýýar.

Ýylyň aşpez zenany

«Täze ýyl diýlende, ilki bilen, kim göz öňüňize gelýär?» diýlip berlen sowala her kimden her dürli jogap eşitse bolar. Bir çaga: «Aýazbaba» diýse, beýleki biri: «Enemler ýa mamamlar, sebäbi biz Täze ýylda maşgala bolup enemlere ýa mamamlara gidýäris» diýer. Uly adamlardan sorasak, belki-de köpüsi: «Sowgada garaşýan çagalar» diýip, jogap bermekleri mümkin. Meniň welin, Täze ýyl diýlende, aşhanada başagaý bolup ýören öý bikesi, has dogrusy, ejem göz öňüme gelýär. Aslynda-da, Täze ýyl diýlende, ilki bilen, zenan maşgala göz öňümize geläýjek ýaly. Sebäbi bu ajaýyp baýramçylyga çaga ýaly begenýänem, öýüň ähli ýerini — Täze ýyl arçasyndan başlap, saçagyna çenli bezeýänem, şol bir wagtda özünem bezemegi unutmaýan zenanlardyr. Şonuň üçin biz hem Täze ýylyň öňüsyrasynda okyjylary dünýäniň 50-ä golaý restoran eýeleriniň arasynda «2023-nji ýylyň iň ökde aşpez zenany» diýen hormatly ada we sylaga mynasyp bolan Ýelena Reýgadas bilen tanyş etmek isleýäris.

Täze ýyl sowgatlaryny nädip owadan gaplamaly?

Gerekli zatlar: - gaplama üçin niýetlenen bezeg (dekor) kagyzy;

Öý bikesi öwrense...

Towukly tagam Gerekli önümler: 600 g towuk döşi, 1 limon, 200 g peýnir, 2 diş sarymsak, 1 düýp sogan, 3 nahar çemçe maýonez, islegiňize görä duz we burç.

Mandarin granaty ýa-da serkerdeleriň daşy

Spessartin ýa-da mandarin granaty seýrekligi üçin aýratyn gymmatly eksklýuziw şaý-sep bezegleriniň dizaýnynda ulanylýar. Spessartin daşyny dakynmak ýoňy XIX asyryň ortalarynda wandom zergärleri tarapyndan başlandy (bu Pariždäki şol bir meýdanyň töwereginde jemlenen meşhur fransuz zergärçilik öýlerine berlen at). Hemişe täzeçilligiň, üýtgeşikligiň gözlegindäki dizaýner zergärleri bu daşyň ajaýyp reňki, şol wagtda hem, meşhur ýakut daşyna meňzeşligi özüne çekýär. Daşyň özi öňden bäri bar bolsa-da, ol şu ady bilen 1820-nji ýyllarda belli bolýar. Daş XVIII asyryň ahyrynda Germaniýadaky Şpessart platosynda (Bawariýa) tapyldy. Ýeri gelende aýtsak, mineral spessartin ýa-da spessartit ady bilen tanalýar. Ýöne zergärler «mandarin granaty» diýip, bu mineralyň üçünji adyny tutýarlar.

Maşgala baýramçylygynda durmuş toýy

Toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem tamamlanyp barýar. Täze — 2024-nji ýylyň öň ýanynda Arkadag şäheriniň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde ýaňlanan bagt toýunyň joşgunly aýdym-sazlary täze durmuşa gadam basýan ýaşlaryň köňül arzuwlarynyň wysaly bolup ýaňlandy. Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bagynyň hojalyk müdiri Kemalnazar Pirliýew öz göwün beren gözeli — Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýjahan Taňrygulyýewa bilen bagt nikasyndan geçip, durmuş toýuny tutdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Pirliýewleriň maşgalasyna goşa şatlyk getirendigini bellemek ýakymly. Şäheriň «akylly» öýlerinden paýly bagtyýar maşgalanyň täze jaý toýuny toýlany ýaňy ýalydy. Bu gün bolsa täze öýe täze gelniň gadamy düşüp, agzybir maşgalanyň şatlygy goşalandy. Maşgala ojagynyň eýesi, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminiň müdiri Amanjahan Pirliýewanyň şatlyk-begenjiniň çägi ýok:

Arkadaga alkyşly maşgala

Maşgalada çaga terbiýeläp ýetişdirmek hemmäniň arzuwy. Onda-da il-ulsa ýaramly çaga kemala getirip bilseň, at-abraýyňa-da, il-gün üçinem gowy. Häzirki wagtda köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak işi has rowaçlanýar. Şeýle ojaklaryň biri-de Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Begenç Gulajowyň maşgalasy. Begenç aga bilen Arzygül gelneje 2003-nji ýylda durmuş gurupdyrlar. Olar dört ogly, dört gyzy ösdürip kemala getiripdirler. Perzende ojagyň, maşgalanyň ýüzi hökmünde seredilýär. Tüweleme! Begenç aganyň çagalary edepliden gelen sypaýy, gepi sözi ýerbe-ýer. Bize öz çagalary barada Arzygül gelneje şeýle gürrüň berdi:

Maşgalanyň agzybirligi jemgyýetiň baýlygydyr

Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny ähli zatdan ileri tutupdyrlar. Maşgalanyň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine uly täsir edýär. Agzybirligiň bar ýerinde birek-birege hormat-sarpa, düşünişmek we ynam bardyr. Il arasynda agzybir maşgalalary döwletli hasaplaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her maşgalanyň abatlygy, sagdynlygy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýär. Maşgalany durmuş taýdan goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Maşgala binýadyna we çaga terbiýesine uly üns berilýär. Pederlerimizden miras bolup gelýän milli ýörelgelerimize, edep kadalarymyza, medeni gymmatlyklarymyza, maşgala mukaddesliklerimize uly hormat goýulýar. Şol asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillerimiziň hem mynasyp dowam etdirmekleri üçin bimöçber tagallalar edilýär. Ilat arasynda maşgala abadançylygyny gorap saklamak, her bir maşgalanyň sagdyn we agzybir bolmagyny gazanmak, edepli, ulyny sylap, kiçä hormat goýýan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar.

Zeliliniň çowlugynyň gürrüňi

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýaşaýan Maýagözel Annaberdiýewa Gurbandurdy Zeliliniň üçünji arkasy — çowlugy bolup, ol şahyryň ýalňyz ogly Mämmetdöwlet ahunyň dört oglunyň biri bolan Jumadöwletiň gyzy. Mämmetdöwlet ilki Mama atly gyza öýlenýär, ol aradan çykandan soň, Hallybibi atly gyz bilen durmuş gurýar. Hallybibi eje tegelek ýüz ýaşap (1864 — 1964 ýý.) dünýeden gaýdypdyr. Maýagözel gelneje öz enesiniň örän ýatkeş bolandygyny, nebereleri barada bilýän gürrüňleriniň köpüsini şondan eşidendigini, tä Aşgabada okuwa gaýdýança enesi bilen bir öýde ýaşap, onuň edep-terbiýesini alandygyny aýdýar. Mämmetdöwletiň Jumadöwletden başga-da, Gurbandurdy (Zeliliniň ady, onuň ady il içinde Ata diýlip tutulypdyr), Annadurdy, Baýramdurdy atly ogullary bolupdyr. Uly ogly Ata örän görmegeý hem berdaşly ýigit eken, ýöne onuň ömri gysga bolupdyr. Ol 30 ýaşynyň içinde agyr keselläp ýogalypdyr. Mämmetdöwletem öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Ol obalaryndaky medresede sowadyny çykandan soň, Hywa medresesinde okap, ahunlyk derejesini alýar. Dolanyp gelenden soň, köp ýyllaryň dowamynda oba medresesinde çagalara sapak beripdir. Ol obada iň sylanýan adamlaryň biri bolupdyr. Adamlar islendik meselede, ilki bilen, oba kethudasy bolan Mämmetdöwlet

Arça jäjegi

Mähriban çagalar, Täze ýylyň öňüsyrasynda her bir öýde dürli jäjekler, çyrajyklar bilen bezelen arçalara duş gelmek bolýar. Täze ýyl arçalaryny ata-eneleridir ýakynlary bilen bilelikde bezemek çagajyklar üçin eýýäm adata öwrülen şatlykly wakalaryň biridir. Bu hem maşgala baýramy bolan Täze ýyl baýramynyň özboluşly, täsirli, ýatdagalyjy pursatlarynyň biri bolup, çagalaryň aňynda hemişelik orun alýar. Şeýle ajaýyp, şatlykly pursatlaryň kän bolmagyny arzuw edip, size owadan, köp öwüşginli arça jäjegini ýasamagy öwretmek isleýäris. Täze ýyl arçasyny öz ellerimiz bilen ýasan jäjejiklerimiz bilen bezesek has-da ýakymly bolar. Hany onda, esbaplarymyzy jemlemäge başlalyň! Gerekli esbaplar:

«Arçajyklar» saçagyňyzy bezesin!

Täze ýyl baýramçylygy — maşgala baýramçylygy. Bu baýramçylygyň özboluşly taýýarlygyny diýseňizläň! Saçaklarymyzy dürli nygmatlar, naharlar, işdäaçarlar bilen owadan edip bezemegiň özi hem ýakymly pursat. Şonuň üçin biz hem size täze ýyl saçagyňyzy bezejek bir tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmegi makul bildik. Gerekli önümler: