Öýüm — ojagym

4 Ýanwar 2024
855

Söhbedimizi türkmeniň ak öýünden başlasak, kem bolmasa gerek. Ata-ene ogluny öýli-işlikli edensoň, oňa ak öý tutup beripdir. Bu adat häzire-bu güne çenli dowam edýär. Bu däbe türkmen «Ojagym bar — öýüm bar» diýýär.

Elbetde, türkmen «Ak zat — alnyňa ýagşy» diýipdir. Eger ak zat alnyňa ýagşy bolsa, onda ak mermerden gurlan Arkadag şäherem alnymyza ýagşy. Milli Liderimiziň ýiti zehininiň emri bilen dörän bu şäher bu gün Dünýä kartasynda peýda bolup, öz mynasyp ornuny tapdy, ýer ýüzünde ýene bir ajaýyp şäheriň dörändigini äleme buşlady. Mährem ene ýaly gujagyny gerip oturan Märkaw dagynyň eteginde bina bolan Arkadag şäherine täze öýlere göçüp gelenler hem köne ýyl bilen täze ýylyň sepgidinde Täze ýyl baýramlaryny goşadan tutdular.

Aýdogdy BAÝRAMGELDIÝEW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar