''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Taryhda ýazylmyş Änew şäheri

TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýylda Änew şäherini Türki dünýäniň medeni paýtagty diýip yglan etmegi bu gadymy topragyň geçmiş taryhyna uly sarpadan nyşandyr. Örän irki döwürlerden bäri bu bol çeşme suwly, mes toprakly dag etekleri adamlaryň köpçülikleýin mesgen tutýan ýerleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde irki döwürlerden bäri ekerançylyk, maldarçylyk ösüp gelipdir. Günorta Türkmenistanda eneolit döwri ylymda «Änew medeniýeti» adyny aldy. Ol şu medeniýete degişli ilkinji öwrenilen, Änew şäheriniň golaýyndaky ýadygärlikleriň ady bilen baglydyr. Türkmenistanda eneolit döwrüniň ýadygärlikleri ululy-kiçili, dürli depeleriň aşaky gatlaklarynda saklanypdyr. Köpetdagyň gerişlerinden demirgazyga, düzlüge inýän bol suwly çeşme-çaýlaryň boýunda amatly ýerlerde düýbi tutulan obalarda ençeme asyrlaryň dowamynda könelen toýundan we çig kerpiç jaýlaryň kesekleri tekizlenip, onuň üstünden täze jaýlar yzygiderli gurlupdyr. Ol depeler — ýadygärlikler ülkämiziň çäklerinde ýüze çykan gadymy medeniýetleri öwrenmek üçin möhüm taryhy çeşme bolup hyzmat edýär.

Şygryýet äleminiň çyragy

Mälik Şa we Omar Haýýam

Türkmenistanyň orta asyrlar taryhynda uly yz galdyran, öz döwründe imperiýa derejesine ýeten Beýik Seljuk döwleti ylym dünýäsinde uly meşhurlyga ýetipdir. Ylym-bilim döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolupdyr. Seljuk soltanlarynyň döwlet dolandyryşynda ylma howandarlygyň, adamlaryň bilim almaklaryna mümkinçilik döretmegiň, uly şäherlerde kitaphanalaryň, medreseleriň gurulmagynyň ýurduň ösmegine, öňe gitmegine itergi berýändigi baradaky ynam-ýörelgeden ugur alnypdyr. Beýik Seljuk soltanlary ylym adamlaryna hemmetaraplaýyn hemaýatkärlik edipdirler. Aýratyn hem, soltan Alp Arslanyň ogly Mälik şanyň döwründe (1072 — 1092) ylym-bilimiň, medeniýetiň, sungatyň ösüşi has ýokary derejelere ýetipdir. Ol şäherlerde metjit-medreseler, kitaphanalar, hassahanalar gurdurypdyr. Şol döwürde Seljuk imperiýasynyň çäklerinde «Nyzamiýe» medreseleriň gurulmagy aýratyn tapawutlanýar. Mälik şanyň ylma hemaýatyndan peýdalananlaryň biri hem 1048 — 1131-nji ýyllarda ýaşap geçen meşhur alym Omar Haýýamdyr.

Ynsaply ýaşaýşyň mizemez ýörelgeleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl rowaç gadamlar bilen, dünýämize, durmuşymyza girişdi. Beýik akyldaryň ýurdumyzda we dünýäde adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, adamlary ynsaply ýaşaýyş ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen mirasyny köptaraplaýyn açyp görkezmek, giňişleýin ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler bu ýyl has hem döredijilikli we buýsançly dowam etdiriler. Şahyryň filosofik mirasy adamzadyň şu günki derwaýys meselelerini çözmegiň ygtybarly pähim-paýhas esasy bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde ynsaply ýaşaýşyň raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiň iň ýokary derejede kemala gelmegidigi barada aýdýar. Magtymguly şahyr akyl ýetirişiň täze derejesine galyp, adamzat jemgyýetinde ynsaply gatnaşyklaryň paýhas esaslaryny açyp görkezýär. Adamyň we adamzadyň şol paýhasa esaslanyp, şu dünýäde mynasyp ýaşap biljekdigi baradaky garaýyşlary öňe sürýär. Bu filosofiýada adamyň nebsini öjükdirýän artykmaç isleglerini örkläp, öz ýaşaýan jemgyýeti we tebigat bilen sazlaşykly gatnaşygy baradaky meseleler derňelýär. Ondan görnüşi ýaly, Magtymguly terkidünýäligi hem, harsydünýäligi hem goldamandyr. Pyragy

Wasiliý Ýanyň türkmen bedewi

Taryhymyz ahalteke bedewlerini wasp eden sahypalara diýseň baý. Olaryň biri «Çingiz han», «Baty han», «Soltan Jelaleddin» ýaly dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren ajaýyp eserleri döreden Wasiliý Ýançeweskiniň ýakyn dostuna öwrülen Italmaz atly ahalteke bedewi baradaky maglumatlardyr. Wasiliý Ýançeweskiý 1875-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Kiýew şäherinde dilşynas alymyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1897-nji ýylda Peterburg uniwersitetiniň taryh, dil we edebiýatşynaslyk bölümini tamamlansoň, ilki Russiýada, soňra Beýik Britaniýada hem-de Britan muzeýinde ylmy-etnografiýa gözleglerini amala aşyrýar. Onuň «Pyýadanyň ýol ýazgylary» atly makalalar toplumy şol döwrüň gazet-žurnallarynda çap edilýär. 1900-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň general-gubernatory D.Subotiçiň çakylygy boýunça W.Ýançeweskiý Aşgabada gelýär. Şeýlelikde, ýaş alym-ýazyjy gubernatorlygyň bölüm başlygy wezipesinde zähmet ýoluna başlaýar.

Türkmenistan «Mosfilmiň» 100 ýyllyk taryhynda

Russiýanyň iri «Mosfilm» kinostudiýasy 2024-nji ýylyň ýanwarynda 100 ýyllygyny belleýär. Kinofabrigiň şanly taryhynda türkmen sahypalary bolup, olar rowaýata öwrülen kinofilmleriň surata düşürilmegi bilen baglydyr. Nusgawy kinolara öwrülen «Çölüň ak güneşi» («Белое солнце пустыни») hem-de «Kin-dza-dza» ýaly meşhur filmleriň ençeme parçalary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde surata düşürildi. Režissýor Wladimir Motylyň we operator Eduard Rozowskiniň surata düşüren «Çölüň ak güneşi» atly filminiň ençeme pursatlary üçin Garagum sährasy saýlanyp alyndy. Filmiň ssenarisini ýazan Walentin Ýežowyň özi hiç haçan çölde bolup görmändir, şonuň üçin ol Ýokary ssenariý okuwlary boýunça ýoldaşy Rustam Ibragimbekowy awtordaş hökmünde ýanyna alýar.

Şöhratly Peliň yzlaryny yzlap

Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlap döreden ajaýyp kitaplarynda ahalteke atlarynyň şöhratly taryhy, tohum aýratynlyklary, reňk öwüşginleri, seýisçiligiň asylly ýörelgeleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Şundan görnüşi ýaly, milli atşynaslyk — hem ylym, hem sungat... Bu baradaky mesawy söhbetleriň birinde ahalteke atçylygynyň dowam edýän nesil ugurlary barada gürrüň gozgaldy. Şonda bu pudakda 40 ýyla golaý wagt bäri zähmet çekip gelýän Kerimguly Bäşimow arassa ganly ahalteke atlary barada alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmekde olaryň nesil ugurlary bilen birlikde, baýtallaryň hem juda uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi. Ine, şeýdibem öz döwründe ýyndamlykda meşhurlyk gazanan we özünden soň ençeme naýbaşy nesilleri galdyran şöhratly Pel bilen bagly şu söhbetdeşligi ýazga geçirdik. — Kerimguly aga, tejribeli hünärmen hökmünde atçylykda ýöredilýän ugur, maşgala adalgalary, şeýle hem ahalteke atlarynyň tohumçylyk hiline, gymmatyna aýratynlykda we köptaraplaýyn baha bermegiň düzgünleri barada aýdaýsaňyz!

Änewden tapylan zenan heýkelleri

Merkezi Aziýada eneolit döwrüne degişli iň irki öwrenilen ýadygärliklere gadymy Änewiň depeleri, soňraky döwürdeş ýadygärlikler bolan Namazgadepe, Garadepe we beýlekiler degişlidir. Muny Merkezi Aziýada neolit, ýagny täze daş asyry döwrüne degişli bolan ösen Jeýtun medeniýetiniň dowamy hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Köpetdagyň eteginde neolit zamanynda başlanan ekerançylyk medeniýeti eneolit döwründe hem ösmegini dowam etdiripdir. Ekerançylyk ýerleri çiller arkaly bölünip, olarda dagdan akyp gelýän suwlar saklanypdyr. Iş gurallary kämilleşdirilipdir. Esasan, bugdaý we arpa ekipdirler. R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasy 1904-nji ýylda Änewde b.e. öňki V münýyllyga degişli bugdaýyň däne galyndylaryny tapypdyr.

Törebeg hanym hakynda

Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz goýan, ady rowaýata öwrülen zenan şahsyýetler az däl.Törebeg hanym hem şeýle şahsyýetleriň biri. Onuň ady bilen bagly juda özboluşly, nusgasy başga ýerde gabat gelmeýän ymarat biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Ol Köneürgenç ýadygärlikler toplumynda naýbaşy ymaratlaryň biri. Ýogsamam, Törebeg hanym hakynda juda täsin rowaýatlar hem aýdylýar. Elbetde, bu zenan anyk taryhy döwürde ýaşap geçen şahsyýetdir. Şonuň üçin rowaýatlardaky käbir maglumatlaryň taryhy hakykat bilen gabat gelmeýän ýerlerem az däl. Bu rowaýatlarda bolaýmaly ýagdaý.

Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň işe girizilenine 110 ýyl doldy

Gadymy Murgap derýasy asyrlaryň dowamynda Murgap jülgesiniň ilatyny suw bilen üpjün edip gelipdir. Akabanyň üstünde 1890, 1895-nji ýyllarda binýady berkden tutulyp gurlan üç sany bent — Soltan bent, Ýolöten bent we beýleki suw desgalary sebitiň suwarymly ekerançylygynyň ösdürilmeginde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Ýurdumyzda mundan 110 ýyl ozal ilkinji elektrik kärhanasynyň gurlup işe girizilmegi hem hut Murgap derýasynyň üstünde gurlan Hindiguş bendi bilen baglanyşykly taryhy hakykatdyr. Ol döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary depgin bilen ösýän, öňdebaryjy elektroenergetika pudagynyň ilkinji elektrik desgasy bolan Hindiguş suw elektrik stansiýasydyr.

Änew — «parahatçylyk jülgesi»

Daş-töwereginde möwç urýan häzirki zaman durmuşyna sessiz agraslyk bilen göz aýlap ýatan iki depe — Demirgazyk we Günorta gorganlar ýaşy Müsür piramidalaryndan hem uly bolan obalaryň heňňam tarapyndan «ýonulan» galyndylaryna çalym edýär. Wawilon düzlügi heniz Pars aýlagynyň suwlarynyň astyndaka, Demirgazyk gorganda eýýäm oba durmuşy gaýnap joşýardy, aýal-gyzlar egrip-dokaýardy, däne ekip-döwüp, un alyp, çörek bişirýärdiler. Küýzegärler gap-gaç ýasap, olary nagyşlar bilen sünnäläp bezeýärdiler... XIX asyrda we XX asyryň başlarynda halkara ylmy jemgyýetçilikde siwilizasiýanyň iň gadymy ojagy diýen birinjilik derejesini Merkezi Aziýa bermek ideýasy diýseň meşhurdy. Mysal üçin, nemes geografy, «durmuş giňişligi» diýen geosyýasy adalganyň hem-de 21 tomdan ybarat «Tebigat we adamzat taryhy jähetinden ýer hakyndaky ylym» atly işiň awtory Karl Ritter Merkezi Aziýanyň «adamzat medeniýetiniň watany» bolandygyna doly ynanypdyr. Hatda Günbataryň we Gündogaryň beýik siwilizasiýalarynyň öz gözbaşlaryny Merkezi Aziýadan alyp gaýdýandygyny nygtaýan bitewi ylmy mekdep hem esaslandyrylypdyr. Bu hem, umuman, Karnegi gaznasy üçin Türkmenistana ekspedisiýany ýollamaga esas bolupdyr.

Beýik Ýüpek ýoly – türkmen halkynyň geçmişiniň hem-de geljeginiň altyn halkasy

Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, M

Merwe uzaýan demirýol

Öz döwründe fransuz suratçysy Polýa Nadaryň «Zakaspiý demirýoly» boýunça düşüren suratlary Žýul Werniň «Klodus Bobernak» atly romanyny ýazmaga itergi beren bolsa, bu otly bilen syýahaty Edgar Bulanženiň «VOYAGE A MERV» («Merwe syýahat») atly ajaýyp kitabyny ýazmagyna sebäp bolýar. Demirýoly ýurdumyzyň ilkinji logistiki infrastrukturasy bolmak bilen, Türkmenbaşy şäherinden başlangyjyny alýar. Demirýol iki ugur boýunça kesgitlenip, birinji ýa-da esasy ugry Samarkant bekedine (1415 wýorst), ikinji ugry bolsa Owganystanyň Turgundy serhet bekedine (1144 wýorst) barýar. Wýorst — uzaklyk ölçeg birligi bolup, bir wýorst 1066,8 metre deňdir.

Omar Haýýam — Gündogaryň kämil paýhasy

Omar Haýýam 1048-nji ýylda Nişapurda dogulýar. Ol şol ýerdäki medresede musulman hukugy we lukmançylyk boýunça ilkinji okuwlary geçýär. Lukman hünärine eýe bolsa-da, bu iş ony az gyzyklandyrýar. Ýaş Omar antik döwrüniň matematikleriniň arap diline terjime edilen işleri bilen gümra eken. Ol 16 ýaşynda Balha, soňra Samarkanda gidýär. Samarkantda Omar meşhur halypalaryň elinde okuwyny dowam etdirmek isleýär. Medreseleriň biriniň sopusy bolandan soň, Omar birnäçe çekişme çykyşlarynda özüniň bilimliligi bilen daş-töweregindäkileri haýran galdyrýar we ony dessine mugallymlaryň hataryna alýarlar. Ol dört ýyl Samarkantda ýaşap, baý kitaphanalary bilen meşhur bolan Buhara gidýär. Omar ol ýerde dessine kitaphanalaryň birinde kitaplary saklaýjy bolup işe ýerleşýär.

Taryhda şu gün

On dört ýyl mundan ozal Mundan 14 ýyl ozal, ýagny 2010-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda dünýädäki iň beýik bina Burj Halifa dabaraly ýagdaýda açylýar. Bu bina dürli ýyllarda «dünýäniň iň beýik gurluşygy», «häzirki wagta çenli gurlan iň uly bina» ýaly atlara mynasyp bolýar. Burj Halifanyň iň beýik nokady 828 metr bolup, ol 163 gatdan ybaratdyr. Binanyň jemi agramy 500 müň tonna, içiniň tutýan meýdany bolsa 344 müň inedördül metre barabardyr. Onda 57 sany lift bar. Gurulýan watgy ony «Burj-Dubaý» diýip atlandyrýan ekenler. Açylanda BAE-niň şeýhi Halife ibn Zaid Al Nahaýýanyň hormatyna oňa «Burj Halifa» diýip at beripdirler.

Sadranç

Taryha ser salsak, küşt oýnunyň ady «sadranç» diýip atlandyrylýar. Sadranç öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu barada türkmen alymlary kitaplar ýazypdyrlar. Şol kitaplaryň arasynda Ahmet Bekmyradowyň ýazan «Sadrançnama» kitaby hem-de Şaman Baýrammyradowyň arap dilinden terjime eden «Sadranç» kitabyny bellemek bolar. A.Bekmyradow «Sadrançnama» atly kitabynda küşt sungatynyň ilkinji gezek nirede ýüze çykandygy barada ýazýar. Ş.Baýrammyradow bolsa as-Sulynyň, al-Adlynyň we başga-da birnäçe alymlaryň küşt baradaky oý-pikirlerini arap dilinden türkmen diline terjime edipdir. Kitaplarda ýazylyşyna görä, küşt oýnunyň dörän ýeri Hindistan hasaplanyp, Ferdöwsiniň «Şanama» kitabynda, Abu Reýhan Birunynyň «Hindistan» atly eserinde ýatlanylyp geçilýär. Küşt oýnuny alymlaryň aglaba köpüsi söweş hereketleri bilen baglanyşdyrypdyrlar. Taryhda türkmenleriň arasynda hem belli küştçüler bolupdyr. Şol küştçüleriň arasynda türkmen küştçüsi as-Sulynyň işleri we ol baradaky maglumatlar Gündogaryň taryhyny we edebiýatyny öwrenmekde esasy gollanma bolup hyzmat edýär. Şol wagtlar küşt oýnamakda onuň deňi-taýy bolmandyr. Onuň ady küştçüleriň arasynda öz döwründe «as-Sadranjy» lakamy bilen tanalypdyr.

Şöhratly taryhymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi ösdürmäge, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän maddy-medeni mirasyny gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga hem-de giňden wagyz etmäge uly üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň taryhyna, maddy-medeni mirasyna bolan çäksiz sarpasyny artdyrýar, kalplarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanç duýgusyny döredýär. Bu günki gün muzeýler jemgyýetçilik gatnaşyklarynda möhüm orun eýeläp, bu ýerde halkyň taryhyna degişli gymmatlyklar toplanylýar, öwrenilýär, ylmy esasda gözleg işleri alnyp barylýar, taryhy tapyndylar seljerilýär, rejelenilýär hem-de dikeldilýär. Milli medeni mirasymyzy toplamak, rejelemek, gorap saklamak, halkymyza ýetirmek hem-de muzeýleşdirmek işine raýatlarymyzyň hem işjeň gatnaşmagy bizi guwandyrýar. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň gowşurylmagy mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Mälik Pälwan

Türkmeniň ynançlary, edim-gylymlary ýyllaryň geçmegine garamazdan, häzirki günde hem ýörgünli dowam etdirilýär. Türkmen başyna agyr iş düşende-de, döwletli işiň başyna baranda-da, ýüregine teselli gözlände-de rowaýatlaryň üsti bilen, halka ýetirilen keramatly, gudratly saýylýan ýerlere, öwlüýälere baryp, aýat-töwir edip, geçmişini sarpalaýar. Şeýle mukaddes ýerleriň biri hem Duşak obasynyň ilersinde, dag etegindäki baýyrlygyň içinde ýerleşýän Garpyzly öwlüýäsidir. Bu ýer indi ençeme ýyl bäri il içinde Mälik Aždar diýip adygan pälwanyň ýatan ýeri hasaplanýar. Eýsem, Mälik Aždar pälwan kim bolupdyr? Ýaşlygyndan kakasy Hars patyşanyň elinde Hezreti Alydan ar almak islegi bilen terbiýelenen Mälik eýýäm 18 ýaşynda daýaw göwre batyr pälwan bolup ýetişýär. Gujur-gaýraty, gazaby hernäçe ýeterlik bolsa-da, heniz Mäligi ýaş hasap edýän Hars patyşa Alynyň garşysyna oglunyň ýany bilen öz serkerdebaşysyny goşup ugradýar. Mälik pälwan erkek doganlarynyň aryny almaga giden hem bolsa, yzyna tutuş goşuny bilen yslam dinini kabul edip, üstesine-de, Aly bilen dogan okaşyp gaýdýar. Bu ýagdaý Hars patyşanyň gahardan ýaňa sanalgysynyň dolmagyna sebäp bolýar. Mäligiň Hezreti Alynyň ýanyna baryp, gudrat görmek isleginiň soňy tutuş Nepis şäheriniň raýatla

Dar­ga­na şä­he­ri­niň ta­ry­hy

Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy: «Dar­ga­na şäh­ri­ne gök­den ses ge­ler» — di­ýip bel­läp­dir. Mu­ny ýat­la­mak bi­len, geç­miş­den hem gel­jek­den ha­bar­ly akyl­da­ryň, Dar­ga­na­ta­ny ba­ryp-ha şol dö­wür­de ony di­ňe bir şä­her di­ýip at­lan­dyr­man, eý­sem, bu ýe­re uly äh­mi­ýet be­ren­di­gi­ne ün­s çek­mek is­le­dik. Ha­wa, Mag­tym­gu­ly ata­myz kül­li adam­za­dyň yk­ba­ly, bu uly dün­ýä­niň dür­li ýag­daý­la­ry ha­kyn­da söz açan­da, tu­tuş go­ja Ze­min üz­re iň mö­hüm ýer­le­riň ha­ta­ryn­da Dar­ga­na­ta­nyň ady­ny hem ge­tir­ýär. Şa­hy­ryň şu se­ti­ri­ne gaý­ta­dan na­zar aý­lap, ýa­ňy-ýa­ňy­lar, biz og­lan wagt­la­ry­myz hem gar­ry­la­ryň gep ara­syn­da bu ýe­riň ady­ny «Dar­ga­na» (ýa-da «Dar­gan») di­ýip tu­tan­dyk­la­ry ýa­dy­ma düş­ýär. Mun­dan ba­ry-ýo­gy ýa­rym asyr çe­me­si ozal­ky ýa­şu­lu­lar hä­zir­ki Dar­ga­na­ta­nyň ady­ny Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň mun­dan, gör, nä­çe wagt ozal at­lan­dy­ry­şy ýa­ly at­lan­dyr­ýar­dy­lar.

Ýigidiň myrady bedew

Türkmenistan tarapyndan teklip edilen, ahalteke atçylyk sungatynyň we aty bezemek däpleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň milli seýisçilik sungatynyň, atşynaslyk däpleriniň dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant bolandygynyň nobatdaky güwäsidir. Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, Ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi. Ol özi barada ähli taryhy eýýamlarda mähirli ýatlama galdyrmak bilen, dünýäniň medeni giňişliginde owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi» diýip belleýär.