Ynsaply ýaşaýşyň mizemez ýörelgeleri

31 Ýanwar 2024
536

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl rowaç gadamlar bilen, dünýämize, durmuşymyza girişdi. Beýik akyldaryň ýurdumyzda we dünýäde adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, adamlary ynsaply ýaşaýyş ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen mirasyny köptaraplaýyn açyp görkezmek, giňişleýin ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler bu ýyl has hem döredijilikli we buýsançly dowam etdiriler. Şahyryň filosofik mirasy adamzadyň şu günki derwaýys meselelerini çözmegiň ygtybarly pähim-paýhas esasy bolup çykyş edýär.

Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde ynsaply ýaşaýşyň raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiň iň ýokary derejede kemala gelmegidigi barada aýdýar. Magtymguly şahyr akyl ýetirişiň täze derejesine galyp, adamzat jemgyýetinde ynsaply gatnaşyklaryň paýhas esaslaryny açyp görkezýär. Adamyň we adamzadyň şol paýhasa esaslanyp, şu dünýäde mynasyp ýaşap biljekdigi baradaky garaýyşlary öňe sürýär. Bu filosofiýada adamyň nebsini öjükdirýän artykmaç isleglerini örkläp, öz ýaşaýan jemgyýeti we tebigat bilen sazlaşykly gatnaşygy baradaky meseleler derňelýär. Ondan görnüşi ýaly, Magtymguly terkidünýäligi hem, harsydünýäligi hem goldamandyr. Pyragy adamyň ynsaply, bolelin, mynasyp ýaşamagyny arzuwlapdyr. Beýik akyldar ynsaplylygyň nebsi we bisabyrlylygy aradan aýyrýandygyny nygtaýar.

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.
Beýleki habarlar