''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Edermen türkmen alabaýy

Taryh halkymyzyň haýsydyr bir işiň başyny başlasa, oňa diňe bir ähli güýjüni we ukybyny däl, eýsem, kalbyny hem siňdirýändigini görkezýär. Çünki biziň ata-babalarymyzyň döreden medeni, ruhy we maddy gymmatlyklary teşne kalbymyza teselli berýär. Olary gorap saklamak, kämilleşdirmek we ösdürip ýetişdirmek şu günki günüň talaby bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny aýap saklamaga, ýaş nesillerimizde olara söýgi döretmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygymyzy ösdürmek maksady bilen, «Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, indi her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramy belleniler. Bu bolsa rowaçlyklardan rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgatdyr. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklarymyz esasynda durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän, türkmen halkynyň döreden mertligiň we wepalylygyň nusgasy hasaplanýan türkmen alabaýlary ösdü

Aşgabat şäheri bilen ýaşytdaş fotosuratlar

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň syýahatçylarynyň, inženerleriniň üns merkezinde durýar. Şäherimiz düýbi tutulan ilkinji ýyllaryndan başlap daşary ýurt wekillerinde uly gyzyklanma döredipdir. Dünýäniň çar künjünden ýurdumyza gelen syýahatçylar, meşhur alymlar şäherimiz barada gyzykly maglumatlary toplapdyrlar. Asly Beýik Britaniýaly tanymal syýahatçy Jon Guthrie Watson şäherimiziň düýbi tutulan ilkinji ýyllarynda Aşgabada gelip, bu ýeriň ähli ýerine diýen ýaly aýlanyp görýär. Iňlis syýahatçysy şol döwrüň belli galalaryny, kerwensaraýlaryny, bazarlaryny we täsin binalaryny surata düşürýär.

Orta asyryň medeni ojagy

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bolan Nişapurdan gelen ýol barada köp aýdylýar. «Görogly» şadessanynda hem bu şäheriň adyna duş gelmek bolýar. Dessanda ýaş Göroglynyň Gyrata baş öwredýän mahallarynda hem onuň kybla — Günorta-Günbatar tarapa gidendigi beýan edilýär: «Nişapur Köpetdagdan Günortada — kybla tarapda ýerleşýär, şunuň özi wakalaryň bolup geçýän giňişligi hökmünde göz öňünde Köpetdagy janlandyrýar». Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bolsa, orta asyrlarda türkmen topragynyň serhetlerinden daşarda, Nişapur, Buhara, Yspyhan, Gürgen, Bagdat, Halap, Damask ýaly ylym-bilimiň, medeniýetiň ösen merkezleriniň bolandygy aýratyn bellenilip geçilýär. ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessanynda ady agzalýan Nişapur bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar bar. Bu rowaýatlar, esasan, Sasanylar döwleti bilen baglanyşyklydyr. Şol döwrüň iri merkezleriniň biri bolan Nişapuryň adynyň gelip çykyşy baradaky maglumatlar Sasany hökümdarlary Şapur I we Şapur II bilen baglanyşyklydyr. Ol rowaýatlarda Nişapuryň gadymda Nehşapur, Neýşapur, Newşahpur, Niwşahpuher, Binaşahpur ýaly

Aşgabat demir ýolunyň taryhyndan

Aşgabada demir ýoluň çekilişi, onuň öz döwründäki taryhy ähmiýeti hakynda gürrüň etmek gyzykly bolsa gerek. Şeýle maglumatlar bilen S.Agajanowyň «Gadymy Aşgabat», A.Hajyýewiň «Aşgabadyň arhitekturasy», A.Gubaýewiň «Parfiýa türkmen döwleti», S.Atanyýazowyň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi», A.Ýazberdiýewiň «Aşgabat» sözüniň taryhy barada» atly we beýleki işlerde giňden tanyşmak bolýar. Ady agzalan ylmy çeşmelerde nygtalyşy ýaly, günbatardan çekilip başlanan demir ýol Aşgabada 1885-nji ýylyň 30-njy noýabr güni gelipdir. 1886-njy ýylda bolsa demir ýol Mara, soňra Çärjewe baryp ýetýär. On dokuz ýyllap çekilen yzygiderli zähmetiň netijesinde 1905-nji ýylda demir ýol Daşkendiň üstünden geçip, Merkezi Russiýa çykmaga mümkinçilik berýär. Demir ýol bekediniň ýaýbaňlanmagy netijesinde Russiýadan, Hywadan we Buharadan gelýän harytlaryň sany artyp, adamlaryň hal-ýagdaýyna oňaýly täsir edip ugrapdyr.

Şöhratly geljegiň nury

Halkymyzyň şöhratly taryhy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Köpetdagyň belent gerişleri bilen Garagumuň altynsow çägeleriniň arasynda ýaýylyp gidýän Aşgabat şäheri bu gün beýik ösüşlere beslenýär. Aşgabadyň taryhy bir ýarym asyra golaýlady. Ilki bu ýerde kiçiräk şäher-gala döreýär. Köpetdagyň dag etek zolagynda Namazgadepe, Altyndepe, Ulugdepe ýaly ekerançylygyň belli ojaklary bolan obalar döräpdir. Köpetdagdan gözbaş alyp gaýdýan, dury gözli çeşmäniň başynda ýerleşen Aşgabat sekiz ýüz öýden ybarat oturymly ýer bolupdyr. Günorta Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biridir. Muňa Aşgabadyň ýigrimi kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän gadymy Jeýtun obasynyň dörändigi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde Jeýtun medeniýeti uly gymmatlyklaryň hataryna goşulandyr. Jeýtun medeniýetine degişli Çopandepe, Pessejikdepe, Gökdepe we başgada birnäçe obalar döräpdir.

Amulyň taryhy

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeni mirasymyzy, sungatymyzy, taryhymyzy düýpli öwrenmek we gorap saklamak, dünýä ýaýmak babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäklerinde geçen zaman siwilizasiýalarynyň, halkymyzyň gadymy medeniýetiniň alamatlaryny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikler barmak basyp sanardan kändir. Olaryň hatarynda gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwerd, Dehistan, Amul ýaly özünde taryhymyzyň uzak döwürleriniň medeniýetini jemlän, öwrendigiňçe täze-täze taryhy maglumatlary bilen haýrana goýýan gadymy medeniýetiň ojaklary hem az däl.

Türkmen topragy — myhmansöýerligiň mekany

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Bu ýoluň ugry diňe bir söwda ýoly bolman, eýsem, halklaryň we döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýaýbaňlanýan ýeri hökmünde hem meşhurlyk gazanypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny açmak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin biz hökmany suratda golýazmalara we ylmy çeşmelere ser salmaly bolýarys. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar». Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda ençeme mekdep-medreseler, şol bir wagtyň özünde ylmy merkezler döredilipdir. Olarda ýazuw sungatyndan, hatdatlykdan, sahaplamadan, kitap bezeginden, nakgaşçylyk sungatyndan baş çykarýan ussatlar hem-de kätipler işläp, golýazma kitaplaryny döredipdirler.

Seljuklar döwründe merwde neşirýat işi

Orta asyrlarda Türkmenistanda, Merkezi Aziýanyň beýleki ýerlerinde, Eýranda, Hindistanda patyşalaryň köşgüniň ýanynda gadymy kitaplar saklanylýan we ýokary çeperçilik bilen bezelýän golýazmalary döredýän ýörite döwlet edarasy işläpdir. Şol edaralar öz döwründe «kitaphana» diýlip atlandyrylypdyr. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň esaslandyrylmagy bilen şeýle kitaphanalar döwletiň paýtagty Merwde hem köpçülikleýin gurlupdyr. Elbetde, Merwiň kitaphanalary häzirki zaman kitaphanalaryndan düýpli tapawutlanypdyr. Kitaphanalarda öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlary işläpdir. Olar şol bir wagtyň özünde özboluşly neşirýat, şeýle hem, neşirýat üçin zerur bolan serişdeleri öndürýän ussahana bolup hem hyzmat edipdir. Kitaphanalara patyşa tarapyndan bellenilýän «kitapdar» baştutanlyk edip, kitaplary ýazmak, olary owadan suratlar, nagyşlar bilen bezemek we jiltlemek işleri kitapdaryň gönüden-göni ýolbaşçylygynda amala aşyrylypdyr. Kitapdar golýazma kitaplaryny döretmäge gatnaşjak hatdatlary belläpdir, suratkeşiň çekjek suratynyň temasyny, suratyň kitabyň içinde ýerleşjek ýerini kesgitläpdir, nakgaşlara nagyşlaryň görnüşlerini, jiltçilere sahypalaryň we kitabyň daşynyň bezeginiň nähili bolmalydygyny görkezipdir. Şeýle hem, kitapdar kitap üçin zerur bolan ýokary hilli k

Şähryslamyň suw desgalary

Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý — Gürgenç şahasynyň ugrunda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap merkeziniň 20 kilometr demirgazygynda orta asyr Şähryslam şäheri ýerleşýär. Şähryslamda arheologik barlaglar 1898-nji ýylda F.A.Mihaýlow, 1902-nji ýylda W.W.Daýneko, 1930-njy ýylda A.A.Maruşenko, 1947-nji ýylda B.A.Litwinskiý hem-de W.M.Masson, 1959 — 1960-njy ýyllarda G.E.Markow we S.P.Polýakow, 1961 — 1970-nji ýyllaryň dowamynda türkmen arheologiýasyna saldamly goşant goşan alym Ý.Atagarryýewiň ýolbaşçylygynda geçirilipdir. Orta asyrlarda gündogar ýurtlarynda gurlan şäherler, esasan, üç bölekden, ýagny içki galadan, esasy şäherden (şähristan) hem-de şäher eteginden (rabat) ybarat bolupdyr. Adatça, köşgüň we esasy şäheriň daşyna diňler bilen berkidilen galyň we beýik diwarlar aýlanypdyr. Köşkde şäheriň hökümdary, onuň maşgala agzalary we oňa ýakyn adamlar, şähristanda bolsa şäher ilaty, ýagny gullukçylar, emeldarlar, söwdagärler ýaşapdyr. Şäher eteginde, esasan, şäher hünärmentleri mesgen tutup, olaryň ussahanalary, önümçilik desgalary we ýaşaýyş jaýlary giň çäklere uzap, şäheriň daşyny gurşap alypdyr.

Haweran düzündäki mukaddeslik

Ýurdumyzda düýpi öwrenilýän we aýratyn alada bilen gurşalýan binagärlik ýadygärlikleriniň biri bolan, XI — XIII — XIV asyrlar bilen senelenýän Mäne Baba kümmeti jahankeşdeleriň, taryhçylaryň, sungaty öwrenijileriň we zyýaratçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Bu ýadygärlik Haweran düzünde — Sarahs bilen Abiwerdiň aralygynda, has takygy, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň 7 kilometr günbatar — demirgazygynda ýerleşýär. Mäne Baba kümmeti gurluş gözelligi we mazmun gymmatlylygy taýdan beýleki binagärlik ýadygärliklerden düýpli tapawutlanýar. Bu özboluşlylyk ýadygärligiň diňe bir gurluş çözgütlerinde däl-de, eýsem, bezeg işleriniň hil taýdan kämil we dürli-dürlüliginde-de ýüze çykýar. Ajaýyp ýadygärligiň girelgesindäki — peştagyndaky syrça bezegleri, ösümlik we geometrik şekiller, hatdatlyk sungatynyň nusgalary, içki diwarlardaky reňkli bezeg işleri, töweregi ýazgyly mazar daşy we ýadygärligiň toplumlaýyn bolmagy gaýtalanmaýan bitewi monumental sazlaşygy emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde dünýä meşhur şahsyýetiň — Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Abusagyt Abulhaýryň kümmetiniň bolmagy ýadygärligiň ýokary ähmiýetini kesgitleýär.

Nusaý gadymy gala

Geçmişde ata-babalarymyz dünýä halklarynyň ençemesiniň medeniýetine, sungatyna, taryhy ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen we şöhratly taryhymyzda uly yz galdyran Maşat-Misserian, Merw, Sarahs, Ürgenç, Abiwert ýaly şäherleriň hatarynda Nusaý galasy hem öz meşhur taryhy bilen tapawutlanýar. «Nusaý» sözüniň manysy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle maglumatlar bar. Araplar Orta Aziýa gelenlerinde, Nusaý şäherine hüjüm etmäge taýýarlanýarlar. Ýöne olar bu şäheri diňe zenan maşgalalaryň goraýandygyny eşidip, bu pikirinden el çekipdirler. Nusaýly zenanlaryň batyrlygyna haýran galypdyrlar, bu şähere hem «Nisa» diýipdirler. Arapça bu söz zenan diýmegi aňladýar. Hut şu pikir beýleki taryhy çeşmelerde hem gabat gelýär. Gadymy Parfiýanyň paýtagty köne Nusaý ýadygärligidir. Nusaý galasy gür ilatly we önümçiligi ýokary derejede ösen şäherleriň biri bolupdyr. Nusaý medeniýeti diňe bir şäherde ýaşaýan halkyň aňyna öz oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, oba ilatynyň hem aňyna doly ornaşypdyr.

Nesillere nusgalyk miras

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baý medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge çuňňur çemeleşilip, türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiz barada maglumatlary toplamaklyga we halkymyza giňden wagyz etmeklige ähli mümkinçilikler döredildi. Şunda türkmen we hindi halkynyň taryhynda, şeýle hem Orta asyr Aziýa döwletleriniň ençemesiniň taryhynda öçmejek yz goýan Muhammet Baýram han Türkmeniň durmuş ýolunyň çuňňur öwrenilmegi babatda amal edilýän işler aýratyn buýsandyryjydyr. Görnükli döwlet işgäri, serkerde şahyr, halkymyza mahsus ajaýyp häsiýetleri bilen adygan Baýram han Türkmeniň taryhda bitiren hyzmatlary ýaşlarymyzy watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Onuň durmuşynda we döredijiliginde şahyranalyk, çuňňur pelsepewi danalyk, adalat ugrunda göreşýän, adam mertebesine hormat goýýan ynsanperwerlik ýörelgeleri doly beýan tapypdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmen edebiýatynyň Hindistandaky görnükli wekilleriniň biri hem Muhammet Baýram han Türkmendir. Baýram han türkmen we hindi halklarynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen dünýägaraýşyny gözel, nepis, ajaýyp şygyrlaryna siňdiren, iki doganlyk halkyň arzyly oý-hyýallaryny, a

Seýdiniň galasynyň ýanynda

Mundan kyrk iki ýyl ozaldy. Gazetiň şol wagtky baş redaktory Kakaly Berdiýew ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: — Senem diňe redaksiýada oturma-da, eýläk-beýläk çyk. Adamlar bilen duşuş. Göwnüň açylyşar. Daşoguz, Lebap welaýatlaryndan täsirli makalalar az. Omar Sähetgylyjy ýanyňa al-da, şu welaýatlaň birine baryp gel. Bir hepde ýeter. Üýtgeşik zatlar gözüňde bolsun! Indiki hepde ýola düşüberiň...…

Taryhy baý Daşrabat

Şöhratly geçmişimizde halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösmegine ýetiren täsiri, nesillere galdyran taryhy gymmatlyklary bu günki günde ylmy taýdan yzygiderli öwrenilýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz bize döwlet muzeýlerinde wirtual muzeýleri döredip, sanly ulgam arkaly halkymyza ýetirmäge, şeýle-de, dünýä çykarmaga ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän, türkmeniň baý taryhyny şöhlelendirýän medeni taryhy ýadygärlikleriň sanawynyň içinde Mary şäheriniň günbatar çetinde ýerleşýän Daňdanakan medeni taryhy ýadygärligi özüniň täsin gymmatlyklary bilen uly ähmiýete eýedir.

Ak binaly, aýdyň ýolly Aşgabadyň taryhy we şu güni

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ýüregi Aşgabat şäheriniň medeni-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ýöredýän daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi, abraýly halkara guramalary tarapyndan doly goldamaga eýe bolmagy bilen paýtagtymyz dürli ugurly halkara derejesinde gepleşikleriň, maslahatlaryň geçirilýän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň merkezine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygy Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýy bilen gabat geldi. Aşgabat şäheri döreýiş taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylda Ashabat atly oturymly obanyň (bu obanyň 2 müň ýyldan hem köp taryhynyň bardygyny taryh ylmy tassyklaýar) we adybir galanyň çäginde düýbi tutulýar. Şol wagtky ýerli hökümet 1874-nji ýylda döredilen Zakaspi harby bölümine 1881-nji ýylda Ahalteke sebitini hem birleşdirip, Zakaspi ülkesini döredýär. Onuň merkezi hem Ashabad şäheri bolýar. 1890-njy ýylda Ahalteke uýezdine Ashabad uýezdi ady berilýär. Ashabad 1882-nji ýyldaky resminamalarda «Ashabad şäheri» diýlip atlandyrylýar.

Söz ussadyny sarpalap

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň dünýäniň ruhy-medeni gymmatlyklaryna, ösüşlerine ummasyz goşant goşan, ylymda, edebiýatda we beýleki ugurlarda meşhurlyk gazanan dana akyldarlarymyzyň, paýhasly söz ussatlarymyzyň ömri we döredijiligi, eserleri giňden öwrenilýär. Şeýle alymlaryň biri hem beýik türkmen akyldary, döwlet işgäri, serkerde şahyr Muhammet Baýram handyr. Beýik döwlet işgäri, akyldar we alym Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiliginde şahyranalyk we çuňňur pelsepewi pikirler inçelik bilen yzarlanýar. Ussat şahyr, akyldar, alym Muhammet Baýram han Türkmen halkymyzyň milli buýsanjydyr. Ol barada Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldir....» diýip belläpdir.

Soltan Sanjaryň Gyzlary

Mahmelek hatyn Mahmelek hatynyň ady Mahmelek hatyn, Mahy Mülk hatyn, Mah Mälik hatyn, Sitti hatyn ýaly görnüşlerde hem gabat gelýär. Orta asyr çeşmelerinde soltanyň beýleki gyzlaryna garanyňda, Mahmelek hatyn hakynda köpräk ýatlanylýar. Mahmelegi Soltan Sanjar öz agasy Soltan Muhammet Taparyň ogly Soltan Mahmyda durmuşa çykarypdyr.

Orta asyr Merw bazarlary

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz Ýewraziýa yklymynyň esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, yklymyň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde bu ýoluň öz ugrunda ýerleşen döwletleriň gülläp ösmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolandygy beýan edilýär. Ýurdumyzyň bu ýoluň boýundaky möhüm söwda-aragatnaşyk merkezi bolandygyny bu gün dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.

Baýram han türkmen — edermenligiň we wepadarlygyň nusgasy

Häzirki bagtyýarlyk döwründe beýleki beýik şahsyýetlerimiz bilen bir hatarda Baýram han Türkmeniň ömri we döredijiligini öwrenmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa mysal edip, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň iýun aýynda bu beýik şahsyýetiň ömür-döredijiligini öwrenmäge bagyşlanan «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahatyny aýdyp bolar. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda «Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we ösmeginde bitiren hyzmatlary çäksizdir» diýip bellemek bilen, hanlar hany Baýram han Türkmeniň hem-de onuň ogly Abdyrahym hanyň Mogollar şadöwletiniň ösmeginde we berkemeginde bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berdi. Taryhy maglumatlar hanlar hany, parasatly döwlet işgäri, başarjaň serkerde, beýik şahyr, dana atalyk hökmünde tanalýan Muhammet Baýram han Türkmeniň XVI asyryň başlarynda Hindistan topraklaryna gelen Muhammet Zahyreddin Babyr tarapyndan esaslandyrylan Mogollar şadöwletiniň berkemeginde bitiren hyzmatlarynyň uludygyny subut edýärler. Mälim bolşy ýaly, Baýram han Türkmen bu şadöwleti esaslandyryjy Muhammet Babyryň başarjaň serkerdesi, onuň ogly Humaýunyň bolsa wepaly egindeşi, agtygy Ekberiň

Watansöýüjilik terbiýesinde «Görogly» şadessanynyň ähmiýeti