''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Bahaweddin Welet

«Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir» diýip belleýän alym Arkadagymyzyň milli miras baradaky döwlet syýasaty dünýäniň taryhyna, edebiýatyna, medeniýetine goşant goşan ençeme alymlaryň, şahyrlaryň, taryhy şahsyýetleriň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlary ýüze çykarmagyň ruhy bilen galkyndyrýar. Pähim-paýhasy, pendi-nesihaty, öwüt-ündewi bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda orun alan alymlaryň biri hem Bahaweddin Weletdir. XII — XIII asyrlarda ýaşap geçen Bahaweddin Welet beýik söz ussady Jelaleddin Rumynyň kakasy we ilkinji mugallymydyr. Alymyň ady edebiýatlarda Muhammet Balhy, Bahaweddin Welet, Baha-i Welet, Uly Möwlana («Möwlana-ýe bozorg»), Bahaweddin Welet ibn Hüseýin el-Bekri ýaly görnüşlerde gabat gelýär. Ol halk arasynda Soltanul-ulama (Ulamalaryň soltany) lakamy bilen adygypdyr.

Süýji suwuň gözlegine bagyşlanan ömürler

Halkymyzyň asyrlarboýy suwa bolan arzuwyny hakykatdan amala aşyrmak işleri XX asyryň 40-njy ýyllarynda başlanýar. Garagum kanalynyň gurluşygy we Jeýhun suwunyň paýtagtymyz Aşgabada getirilmegi dünýä möçberinde iň iri gidrotehniki desgalarynyň biri boldy. 1950-nji ýyldan başlap baş türkmen kanalynyň köne Uzboý hanasy boýunça ilkinji göz öňünde tutulan ugrunda inžener-geologik we gidrogeologik işleri geçirilende, ägirt uly süýji suwuň barlygy bellenilýär. Döwlet ýolbaşçylarynyň we alymlaryň gelen netijesi esasynda kanalyň geçirilmeli ugry üýtgedilenden soň, ol işler gereksiz hasap edilýär. Emma alnan netijeler bilen içgin gyzyklanan gidrogeolog Nadežda Şewçenko hem-de toparyň başlygy Garaş Ýomudskiý tarapyndan ol işleriň dowam etdirilmeginiň wajyplygy subut edilýär. Netijede, Uzboý kenaryndaky Garagumuň astyndan süýji suwly köl tapylýar. Hünärmenler ony «Ýasga süýji köl linzasy» diýip atlandyrýarlar. Köl bu ugurdan işleýän dünýä alymlarynyň arasynda G.Ýomudskiniň beren «Garagumuň göwheri» ady bilen bellidir.

Ak öý — döwletliligiň sütüni

Gümmezekläp oturan ak öýleriň guruwy ynsan bilen tebigat arasyndaky hökmany jebisligiň teswirine meňzeýär. Açyk serpikden görünýän asman, Gün dogandan tä batýança, onuň düşýän ýerine görä, wagtyň takmynan kesgitlenilişi, ortaradaky ojak, onda başy çalşyrylan ojaryň kesindi bolýança alawlaýşynyň tebigy kemi ýok. Öýde, ojak başynda her kimiň öz orny bar. Daş işikden seredeniňde, ojagyň sag gapdaly gap dul bolup, öý bikesi şol ýerde oturýar. Öý — öý diýseň öý. Onda ýagdaýyna, mümkinçiligine görä, biş-düş, nahar-şor, çaý-suw işi el ýüzünden bitip durar ýaly, ortarada ojak bar: bugdaýdan doly argyş çuwallar tärime söýelgidir. Çarwa illerinde ýa ýazlagda, göç-gon wagty, hany saňa bugdaý üweder ýaly haraz barmy? Elýeteriňdäki degirmen daşlary taň zatdyr. Ýaňky bugdaý üweler, un ýugrular, hamyr basyrylar. Gördi-bakdy daşary çyg-çimirmi, tamdyra ot goýberip ýörmez. Çygly howada tamdyrtowy köpräk bolmasa, tamdyr agarmajak bolar durar. Ol agarmasa-da, çörek gowy gyzarmaz, çig-çarsylyk bolsa könekileriň isrip diýýänine barýar.

Ertekili täsin agşamlaryň söhbedinden

Bileniň — baýlygyň

Eswatini (swazilend) şalygy Paýtagty — Mbabane.

Merkezi Aziýa: taryhdan şu güne

Ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy ýokary derejede geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sebit boýunça goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ikitaraplaýyn we köpugurly görnüşde deňhukukly we ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şähryslam — geçmişiň ýaňy

Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, gorap we aýap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserini okanyňda, geçmişe gaýybana syýahat eden ýaly bolýarsyň. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilip, medeni mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi bolsa ýaş nesliň şöhratly taryhymyza bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Milli Liderimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde Nusaý sebitinden ýene günbatarlygyna gidilende, orta asyr Täk Ýazyr galasynyň galyndylarynyň bardygy, Şähryslam ady bilen tanalýan şäheriň ýerleşýändigi barada ýazýar. Bu gadymy gala baradaky täsin maglumatlar bizde, Ylymlar akademiýasynyň alymlarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikler toplumyna baryp görmek höwesini döretdi. Ol ýerde bolanymyzda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan täsin tapyndylardyr maglumatlar bilen hem tanyşdyk.

Has ir gurlandygy ýüze çykaryldy

ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na gi­ri­zi­len dün­ýä­niň iň meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Pe­ru­da­ky Ma­çu-Pik­çu ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň çak­la­ny­şyn­dan has ir gur­lan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Alym­lar bu açy­şyň bir dö­wür Ame­ri­ka ma­te­ri­gi­niň iň uly me­de­ni­ýe­ti bo­lan in­ka­lar ba­ra­da köp zat öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. In­ka­lar ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ryň kö­pü­si­ni is­pan­lar ýaz­ga ge­çi­rip­dir­ler. ABŞ-nyň Ýel uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ga­dy­my in­ka şä­he­ri­niň 1420-1430-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da gur­lan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ant­ro­po­log, pro­fes­sor Ri­çard Bur­ge­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky yl­my to­par Ma­çu-Pik­çu­ny gur­du­ran Im­pe­ra­tor Pa­ça­ku­ti­niň hä­ki­mi­ýe­te hä­zi­re çen­li mä­lim bo­lan se­ne­sin­den ir ge­çen­di­gi­ni anyk­la­dy. Mu­nuň üçin baş­ga­ça se­ne­len­dir­me usu­lyn­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr.

Jeýhun kenaryndan gözbaş alan medeni ojaklar

Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda, gojaman Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşen Türkmenabat şäheri hem medeniýetiň pajarlap ösen ýeri, belli alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, öz döwründe halkyna, Watanyna halal hyzmaty bilen tanalan adamlaryň mekany hökmünde mälimdir. Gojaman taryhyň dürli döwürlerinde halkymyzyň medeni durmuşyny, taryhy-durmuş tejribesini öwrenmekde ygtybarly çeşme bolup durýan, asyrlaryň syryny öz süňňüne siňdiren muzeýler şöhratly geçmişimiz baradaky wakalaryň şaýadyna öwrülen gymmatlyklary özünde jemleýär. Türkmenistanda ilkinji «Ýerli tebigat we çägeligi berkitmek» muzeýi Wladimir Awgustowiç Paleskiniň başlangyjy bilen 1898-nji ýylda Farap demirýol bekedinde döredilýär. Onuň döredilmegi şol döwürde Türkmenistanyň çägi boýunça geçýän Merkezi Aziýa demir ýolunyň gurluşygynyň meseleleri bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Demir ýoly çäge syrgynyndan goramak baradaky öz döwrüniň wajyp meselesini çözmek maksady bilen Zakaspi oblastynyň administrasiýasy 1895-nji ýylda Sankt-Peterburgyň tokaýçylyk institutyny tamamlan W.A.Paleskini bu ýere işe çagyrypdyr. Şeýlelikde ýaş hünärmeniň tagallasy esasynda çägeligi berkitmek boýunça dünýäde ilkinji geçirilen işler bilen baglanyşykly maglumatlary toplamak we olary tejribede synama

Wa­tan­per­wer­li­giň nus­ga­sy

ýa-da hal­ky­my­zyň be­ýik og­ly Nej­med­din Kub­ra ha­kyn­da ke­lam Türkmen taryhda özüni dörediji hökmünde ykrar etdirip bilen gadymy halkdyr. Tebigy şahandazlygy bilen dünýä belli dessanlary, şadessanlary döreden halkymyz mertligiň, medeniýetliligiň, gahrymançylygyň mekdebi bolan beýik şahsyýetleri hem kemala getiripdir. Eziz Diýarymyzda doglup, önüp-ösüp, gaýratlydygy, dogumlydygy akyl-paýhasy, geçmişde bitiren ägirt uly hyzmatlary bilen adamzadyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň mertebesi bolsa hemişe belentde saklanýar. Geçmiş taryhymyzda öçmejek yz galdyran şeýle şahsyýetleriň biri Nejmeddin Kubra hakyndaky buýsançly taryhy hakykaty okyjylara ýetirmegiň özem sogaply işdir.

Çu­wal bag­şynyň öýün­de

Durmuşda bolup geçen käbir wakalar hemişelik ýadyňda galýar. Ol, esasan-da, döredijilik adamlary, sungat ussatlary bilen bagly bolsa, has-da şeýle bolýan borly. Ýazyjy Ahmet Halmyrat hem-de mirasgär Atda Gurbangeldi bilen Kaka topragyna baryp, Onbegi obasynda Çuwal bagşynyň öýüne myhman bolanymyz bäri, esli ýyl geçipdir. Ýöne ol göwnüme şu gün bolup geçen ýaly bolup dur. Çuwal bagşynyň gadamy düşen, ruhy siňen sadaja öýde onuň ogly Annaguly aga ýaşaýan eken. Annaguly gyjakçy şol wagt segseniň onuny tegelän-de bolsa, huşy metda diýilýänlerden eken. Onuň Çuwal bagşy hakynda berýän gürrüňleri täsirlidi. Bu okyjylar üçinem täsirli bolar diýip pikir edýärin. — Biziň atamyza Garly aga, enemize Ogulnur — Ogul eje diýer ekenler. Atamyz kümüşçi ussa bolan. Onuň Mämmetguly, Magtymguly, Hudaýguly, Gülbar, Oguldöndi, Annagözel diýen çagalary bolupdyr.

Taryhymyzy öwrenen alym

Ylmyň dürli ugurlary boýunça dünýäde tanymal alymlaryň bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem arheologiýa ylmynda özüni tanadan, uly-uly işleri bitiren meşhur arheolog alymlar az däl. Olaryň biri hem taryh ylymlarynyň doktory, professor, halypa, mugallym Hemra Ýusubowdyr. Geljekki arheolog alym 1936-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda dünýä inýär. 1945 — 1952-nji ýyllarda obasynda ýedi ýyllyk mekdebi tamamlaýar. Okuwyny Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji mekdep-internatynda dowam etdirýär. Ol 1955 — 1960-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, taryh-hukuk bölümini tamamlaýar.

Türkmeniň demirgazyk ýaýrawy (Garagalpak türkmenleri)

Özbegistan döwletiniň Garagalpagystan awtonom respublikasynda ýaşaýan türkmenler halkymyzyň iň demirgazykda ýerleşen bölegidir. Garagalpagystanly türkmenleriň oturýan ýerleri taryhy geçmişde gadymy Horezm, Köneürgenç türkmenleriniň döwletlerine we soňra Hywa hanlygyna degişli bolupdyr. Eýsem, türkmenler ol topraklara haçan we näme sebäpden düşdülerkä? Özbegistanyň Garagalpagystan respublikasynda ýaşaýan türkmen kowumdaşlarymyz häzirki ýaşap oturan ýerlerine aýry-aýry wagtlarda göçüp barypdyrlar. Türkmenleriň bu ülkä ilki gadam basanyndan bäri indi iki asyr töweregi wagt geçipdir. Olar ilkibaşda Balkan, Gürgen we Maňgyşlak sebitlerinde ýaşapdyrlar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ХVII — ХIХ asyrlar türkmen taýpalarynyň göçe-göçlük döwri bolupdyr. Uzboý arkaly öz suwuny Hazar deňzine guýan Amyderýa ХVII asyrda öz akymyny üýtgedip, Aral deňzine guýup başlaýar. Suw bolmansoň bu sebitde ekerançylyk we ýaşaýyş-durmuş pese gaçýar. Ilat ekerançylyk üçin täze ýerleriň gözlegine çykmaly bolupdyr. Suw ýetmezçiligi, galyberse-de käbir syýasy ýagdaýlar türkmen tire-taýpalarynyň belli bir böleginiň Amyderýanyň sag kenaryna göçmegine sebäp bolupdyr.

Aşgabadyň täsin sagatlary

Aşgabadyň mähriban ady, onuň taryhy, şu güni hem-de geljegi bilen bagly her bir jümle watandaşlarymyzyň ýüreginiň töründe mydamalyk orun alýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda paýtagtymyzyň taryhy barada täsin maglumatlar teswirlenip, Watanymyzyň baş şäherine bolan söýgimizi, buýsanjymyzy barha joşdurýar. Milli Liderimiziň dana paýhasyndan dörän kitabynda belleýşi ýaly, «Gündogaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu şäher gelim-gidimli, ünsüňi özüne çekýän merkez bolup, asyrlaryň gatynda özi baradaky hakykaty ýaşadyp gelýär. Biz onuň taryhyna, şöhratly geçmişine sarpa goýýarys». Taryha ser salsak, Aşgabadyň sagatlary barada giden bir dessan ýazyp wasp etmäge mynasypdygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. 1901-nji ýylda bolsa Aşgabat demir ýol menziliniň binasynyň gurluşygy tamamlanyp ulanmaga berilýär. Onuň asmana uzaýan minarasynyň dört tarapynda sagat oturdylypdyr. Bu binagärlik çözgüdiniň pelsepesi halkymyzyň şöhratly taryhy geçmişine hem-de ruhy ýörelgesine esaslanýar, ýagny Aşgabatdan — gadym oguz ilinden dünýäniň çar künjegine ak ýollaryň uzap gidendigini aňladýar. Munuň özi Watanymyzyň şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, hereketlendiriji güýji bolandygyny ýene bir ý

Döwrebap usullar, ylmy gözlegler

Hormatly Prezidentimiziň alymlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, arheologiýa gymmatlyklaryny, etnografiýa, antropologiýa meselelerini öwrenmekde degişli işleri durmuşa geçirýärler. Alym Arkadagymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işini häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek üçin olaryň iň täze enjamlardyr barlaghanalar we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine giň mümkinçilik döredip berdi. Türkmen alymlary dünýäniň ylmy merkezleri, meşhur uniwersitetleri bilen gatnaşyk saklap, olar bilen şertnama esasynda işleşýärler. Germaniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň ylmy edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hem-de bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmek babatda gepleşikler alnyp barylýar. Häzirki wagtda türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, döreden döwletlerini, dünýä medeniýetine hem-de adamzadyň ösüşine goşan goşandyny toplumlaýyn öwrenýärler. Alymlarymyz ylmy-barlag işlerinde köptaraplaýyn ugurda işläp, taryhymyzy, gadymdan galan şäher-obalaryň galyndylaryny, ol ýerden tapylan gymmatlyklary, täsin ýadygärlikleri yzarlap, däp-dessurlarymyza, dilimize, edebiýatymyza deg

Gadymy Köneürgenç taryhyň şöhratly sahypalarynda

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistan geografiýa taýdan Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren bu ymgyr uly ýoluň çatrygynda ýerleşipdir» diýip belleýär. Şeýle-de bu kitapda tanymal alymlaryň, akyldarlaryň we jahankeşdeleriň beýan edýän gymmatly maglumatlaryna uly ähmiýet berlipdir. Şeýle alymlardan biri hem 1208 — 1283-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen, taryh, fykyh, matematika, fizika, astronomiýa, geografiýa, geologiýa ýaly ugurlarda özüni dünýä tanadan beýik alym Zakariýa ibn Muhammet ibn Mahmyt Kazwinidir. Zakariýa Kazwini «Asarul-biläd we Ahbarul-ybad», «Ülkeleriň yzlary we milletleriň habarlary» atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherler barada gyzykly maglumatlary beýan edipdir. Şeýle şäherleriň biri hem Köneürgenç şäheri bolup, irki ylmy çeşmelerde onuň ady «Jürjaniýe» görnüşinde ulanylypdyr. Awtora salgylanyp, Köneürgenjiň örän güýçli, edermen we gaýduwsyz ilatynyň bolandygyny aýtmak mümkin. Onuň gürrüň berşine görä, bu şäher örän uly we köp ilatly bolupdyr. Döwrüniň kyn şertlerine garamazdan, şäheriň ilaty dürli howplardan goranmagy başarypdyr. Kazwini bu şäheriň söwdagärinden gassabyna, çörekçisinden tikinçisine çenli hemm

Aýdym-sazyň piri

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çägini aralap geçýän uly ýoldan çepe öwrüm edip, esli ýöräniňden soň, giňiş düzlükde howalanyp oturan, dört gyraňy memmerli metjide nazaryň kaklyşýar. Aşyk Aýdyň piriň äleme dolan meşhur ady mübäreklenip, geçen asyryň ahyrynda bina edilen bu metjide barýan ýoluň ugrunda türkmen dutarynyň äpet heýkeli bar. Metjidiň kyblaroýunda piriň aramgähi ýerleşýär. Asyrlaryň hekaýatyny taryha gönderip, syrly dymyp oturan şol aramgähiň golaýynda meşhur gadymy gala — Diýarbekir, onuň ýakynynda bolsa ýene bir gümmez seleňläp görünýär. Ol halk arasynda beýik piriň zehinli şägirtlerinden biri Seýit Jemaleddin Soltan Töwrize degişli edilýär. Gadymy Was topragynda uly taryhy geçmişli şäherleriň birgideni bar, olar, daş-töweregi başdanaýak gür baglyk bilen örtülen goýry kölegäni ýada salýandygy üçin, Tünüderýa adyny alan gadymy derýany jähekläp otyrlar. Aşyk Aýdyň piriň ykbaly şu gadymy şäherler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän gymmatlyklar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren gymmatly bahasyna görä, Türkmenistan Watanymyz ýedi müň kilometrden hem uzaklara uzap gidýän, iki müň ýyla golaý wagtlap dünýä halklaryna hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Beýik Ýüpek ýoly bilen uzak menzilleri söküp, Gündogaryň Beýik imperiýasy — Hytaý bilen, Günbataryň Beýik imperiýasy — Rimiň arasynda täjirleriň söwda aragatnaşygyny ýola goýup, gatnap ýören ýyllarynda hem gelin-gyzlaryň el hünärinden dörän, halklary haýrana goýýan türkmen halylarynyň, gamyşgulak bedewleriň medeniýetiň ikinji gatlagy bolan Parfiýa medeniýeti döwründe dünýä halklarynyň arasynda uly şöhrata eýe bolandygyny, görnükli alymlar W.W.Bartold, W.M.Masson aýratyn nygtap geçýärler.

Milli mirasyň hazynasy

Ata-babalarymyz bize gymmatly miras galdyrypdyrlar. Şol mirasa eýe çykmak, ony öwrenmek we wagyz etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da giň gerime eýe boldy. Taryhda muzeýleriň tutýan ornuna ser salsak, ol örän gadymy döwürlere uzap gidýär. Adamzat taryhynda ilkidurmuş daş asyrlary döwründen başlap, adamlarda ynanç we durmuşa medeni tarapdan garamak öň hatarda durupdyr. Iňňän gadymy döwürlerde hem adamlar öz ýaşaýan ýerlerini bezemek, dürli gurallardan peýdalanyp, ilkinji bezeg şaýlaryny ýasamak bilen meşgullanypdyrlar.

Zeýtuny gaýtadan işlän iň gadymy kärhana

Ysraýyl arheologlary ýaşy 6600 ýyl töweregi bolan dünýäniň iň gadymy «zeýtuny gaýtadan işlän kärhananyň» yzlaryny tapdylar. Maglumatlara görä, onuň galyndylary Ortaýer deňziniň düýbünde, Haýfa kenarýakasynda ýerleşýär. Bu maglumatlar şol wagt zeýtunyň köp ulanylandygyndan habar berýär. Tapyndylarda iki sany daşyň galyndylary we zeýtun galyndylary bilen doldurylan çukurlar bolup, tapylan zeýtun tohumlarynyň ýagdaýy önümiň senagat taýdan gaýtadan işlenendigini ýüze çykardy. Ýüze çykarylan daşlar dürli görnüşde bolup, onuň içinde çukur galyndylary ýerleşýär. Alnan täze maglumatlar Ortaýer deňziniň ýaşaýjylarynyň gadymy müňýyllyklarda zeýtuny köpçülikleýin peýdalanandyklaryny görkezdi. Kärhananyň araçägi kenarýaka gury ýerde başlanyp, suwuň içine, takmynan, 150 metre uzalyp gidýär. Bu bolsa işçileriň zeýtuny gaýtadan işlemek üçin deňiz suwundan peýdalanandyklaryna güwä geçýär.