Süýji suwuň gözlegine bagyşlanan ömürler

23 Awgust 2021
2438

Halkymyzyň asyrlarboýy suwa bolan arzuwyny hakykatdan amala aşyrmak işleri XX asyryň 40-njy ýyllarynda başlanýar. Garagum kanalynyň gurluşygy we Jeýhun suwunyň paýtagtymyz Aşgabada getirilmegi dünýä möçberinde iň iri gidrotehniki desgalarynyň biri boldy.

1950-nji ýyldan başlap baş türkmen kanalynyň köne Uzboý hanasy boýunça ilkinji göz öňünde tutulan ugrunda inžener-geologik we gidrogeologik işleri geçirilende, ägirt uly süýji suwuň barlygy bellenilýär. Döwlet ýolbaşçylarynyň we alymlaryň gelen netijesi esasynda kanalyň geçirilmeli ugry üýtgedilenden soň, ol işler gereksiz hasap edilýär. Emma alnan netijeler bilen içgin gyzyklanan gidrogeolog Nadežda Şewçenko hem-de toparyň başlygy Garaş Ýomudskiý tarapyndan ol işleriň dowam etdirilmeginiň wajyplygy subut edilýär. Netijede, Uzboý kenaryndaky Garagumuň astyndan süýji suwly köl tapylýar. Hünärmenler ony «Ýasga süýji köl linzasy» diýip atlandyrýarlar. Köl bu ugurdan işleýän dünýä alymlarynyň arasynda G.Ýomudskiniň beren «Garagumuň göwheri» ady bilen bellidir.

Ödenazar BEGNAZAROW,
Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar