''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Bedenterbiýe we sport

Golaýda 2012-2013-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Köýtendag, Dänew, Halaç, Hojambaz etraplaryndan hem-de Mary welaýatyndan türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan toparlaýyn ýaryşda Türkmenabat şäheriniň topary 1-nji orny eýeledi. 2-nji orna Mary welaýatynyň, 3-nji orna Köýtendag etrabynyň türgenleri mynasyp boldular.

Taryhda şu gün

1972-nji ýylyň 6-njy martynda Nýu-Jersi şäherinde doglan Şakil 1996-njy ýylda Milli basketbol ligasynyň taryhyndaky iň güýçli 50 basketbolçynyň sanawyna goşulypdy. 15 ýylyň dowamynda (1993 – 2009) «Ýyldyzlaryň duşuşygyna» gatnaşan bu merkezi hüjümçi sport ýolunyň dowamynda «Orlando Meýjik» (1992 – 1996), «Los Anjeles-Leýkers» (1996 – 2004), «Maýami Hit» (2004 – 2008), «Finiks Sanz» (2008-2009), «Kliwlend Kawalýers» (2009-2010) hem-de «Boston Seltiks» (2010-2011) toparlarynda çykyş edipdi. Çykyş eden toparlary bilen dört gezek (2000, 2001, 2002, 2006) NBA-nyň çempiony bolan Şakil 1996-njy ýylda Atlantada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda hem-de 1994-nji ýylda Kanadada geçirilen dünýä çempionatynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde altyn medala mynasyp bolupdy.

Sport mekdeplerinde

28-nji maýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň meýilnamasy esasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň mejlisler jaýynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Uly ruhubelentlige beslenip geçirilýän ýörişlere gatnaşyjylaryň aglabasynyň ýaşlar bolmagy has-da guwandyryjydyr. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen sport çäreleriniň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlara uly orun berilmegi baýramçylyk şowhunyny has hem artdyryp, ajaýyp döwrümiziň ösüşlerine buýsanç duýgularyny döredýär.

Talyp türgenleriň üstünligi

11 – 17-nji maý aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabatda «Merkezi Aziýanyň Woleýbol Assosiasiýasynyň Milletler Ligasy» geçirildi. Bu ýaryşa Aziýanyň alty döwletinden toparlar gatnaşdy. Deslapky tapgyrda şowly çykyş eden ildeşlerimiz finala çykmagy başardylar. Finalda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen ýer eýeleri duşuşdy. Netijede türkmen woleýbolçylary ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldular. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň woleýbol toparynda çykyş edýän Baýram Weýisow, Bagtyýar Hemrakulyýew, Arslan Ballykow, Akmyrat Döwletow, Tirkiş Nurgeldiýew, Didar Nuryýew ýaly ökde oýunçylaryň milli ýygyndymyzyň esasyny düzendigi buýsandyrýar. Ýeri gelende bellesek, ýokary okuw mekdebimiziň woleýbol hem-de futzal toparlary ýurt möçberindäki Uniwersiadada hem üstünlikli çykyş edip gelýärler.

Welaýat birinjiligi geçirildi

Ýakynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde 2010 — 2012-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda türkmen milli göreşi boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen çekeleşikli tutluşyklara ýaş türgenleriň oňat taýýarlykly gelmekleri ýurdumyzda sportuň görnüşiniň barha pajarlap ösýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Iki günläp dowam eden bäsleşige welaýatymyzyň Akdepe, Boldumsaz, Görogly, Köneürgenç, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndan ýaş pälwanlaryň 61 sanysy gatnaşyp, olar 26 — 52 kilogram aralygynda, jemi 9 agram derejesi boýunça özara bil tutuşdylar. Ýaryşa welaýatymyzyň birinji derejeli eminleri eminlik etdiler. Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijesinde her bir agram derejesi boýunça ýaryşyň ýeňijileri belli edildi. Şeýle hem toparlar boýunça Görogly etrabyndan gelen türgenler birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary ikinji, Akdepeli ýaş pälwanlar üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere welaýatymyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary we medallary, ýerli jemgyýetçilik guramalaryň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýaş pälwanlary taýýarlamakda aýratyn tapawutlanan Görogly etrabyndan gelen toparyň tälimçisi Parahat Atjykow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 2-

Mary — Tejen — Aşgabat ugry boýunça welosipedli ýörişi badalga aldy

2024-nji ýylyň 31-nji maý-3-nji iýun aralygynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometrdaky aralyga (marafon) welosipedli ýöriş şu gün badalga aldy. Ýöriş dört tapgyrda:

UEFA-nyň ýaryşlarynda çempion bolan ilkinji grek kluby

UEFA-nyň tä­ze ýa­ry­şy bo­lan Ýew­ro­pa Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da 3-nji möw­sü­miň çem­pio­ny Gre­si­ýa­nyň «Olim­pia­kos» to­pa­ry bol­dy. Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny­da ge­çi­ri­len fi­nal­da «Olim­pia­kos» to­pa­ry Ita­li­ýa­nyň «Fio­ren­ti­na» to­pa­ryn­dan goş­ma­ça wagt­da 1–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. «AEK Are­na» sta­dio­nyn­da­ky fi­na­la 26 müň 842 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Por­tu­ga­li­ýa­ly Ar­tur Soa­reş Dia­şyň emin­lik eden oý­nun­da ital­ýan to­pa­ry has er­jel oýun gör­kez­ip, has köp pur­sat dö­ret­di. Ýö­ne ne­ti­je­de «Olim­pia­ko­syň» fi­na­la çyk­ma­gyn­da uly rol oý­nan ma­rok­ko­ly hü­jüm­çi­si Aýub El-Kaa­bi­niň 116-njy mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da ta­ry­hy çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. «Olim­pia­kos» to­pa­ry UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji grek klu­by hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le-de, Gre­si­ýa UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da klu­by çem­pi­on­lyk ga­za­nan 18-nji ýurt bol­dy.

Ikin­ji aý­law ta­mam­lan­dy

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li çem­pio­na­tyn­da 2-nji aý­law ta­mam­lan­dy. 18-nji tap­gyr­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar­da 16 gol der­we­zä gi­ri­zi­lip, 3 oýun­da ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. Sa­na­wyň ýeň­liş­siz li­de­ri «Ar­ka­dag» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Şa­ga­dam» to­pa­ryn­dan 3–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da Röw­şen Beg­ja­no­wyň go­ly bi­len 14-nji mi­nut­da öňe saý­la­nan myh­man­la­ra ýer eýe­le­ri Şa­na­zar Tir­ki­şo­wyň (20), Ab­dy Bä­şi­mo­wyň (32) hem-de Be­genç Akmäm­me­do­wyň (88) gol­la­ry esa­syn­da jo­gap ber­di. «Al­tyn asyr» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Merw» to­pa­ry­ny 5–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da ara­gat­na­şyk­çy­la­ryň gol­la­ry­ny Ar­slan Sa­pa­row (23, 52), Za­far Baba­ja­now (30), Se­lim Nur­my­ra­dow (44 p) hem-de Röw­şen­gel­di Hal­mäm­me­dow (68), «Mer­wiň» gol­la­ry­ny bol­sa Şa­za­da Bä­şi­mow (10) bi­len Aly Haý­da­row (77) ge­çir­di.

Banaia aratapawudy azaldýar

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 6-njy ýa­ry­şy Ka­ta­lo­ni­ýa «Gran Pri­si» Is­pa­ni­ýa­nyň Mont­me­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip, «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 24 aý­la­wy 40 mi­nut 11,726 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 3-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 21-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ýa­ryş­da is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji­ler – Hor­ge Mar­tin («Pri­ma Pra­mac»), Mark Mar­kes («Gre­si­ni Racing») hem-de Aleiks Es­par­ga­ro («Ap­ri­lia») 2–3–4-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Esa­sy ýa­ryş­dan öň ge­çi­ri­len sprint bäs­le­şi­gin­de is­pa­ni­ýa­ly pi­lot­lar – Aleiks Es­par­ga­ro, Mark Mar­kes hem-de Ped­ro Akos­ta («KTM Red Bull Gas­Gas Tech3») öň­dä­ki 3 or­na my­na­syp bol­dy. Sürüjileriň sanawynda Hor­ge Mar­tin 155 utuk bi­len 1-nji orunda barýar. 2–3-nji oru­nlar­da­ky Ba­naia­nyň 116, Mar­ke­siň 114 utu­gy bar. Möw­sü­miň 7-nji ýa­ry­şy 2-nji iýun­da Ita­li­ýa­nyň Flo­ren­si­ýa se­bi­tin­de ge­çi­ri­ler.

19 ýyl­dan soň yk­ly­myň çem­pio­ny

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da BAE-niň «Al-Ain» to­pa­ry ýe­ňi­ji bol­dy. Fi­nal­yň jo­gap du­şu­şy­gyn­da öz meý­dan­ça­syn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň «Ýo­ko­ha­ma F. Ma­ri­nos» to­pa­ry­ny 5–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Al-Ain» to­pa­ry 19 ýyl­dan soň bu ar­zy­ly ku­bo­gy 2-nji ge­zek as­ma­na gö­ter­di. Myh­man­çy­lyk­da 2–1 hasabynda ýeň­len «Al-Ain» to­pa­ry­na jo­gap du­şu­şy­gyn­da uly ha­sap­ly ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Ra­hi­mi (8, 67), Ka­ku (33 p) hem-de La­ba (90+1, 90+5) ge­çir­di. Ýa­pon­la­ryň ýe­ke-täk go­lu­ny bol­sa 40-njy mi­nut­da Ýan Ma­te­us der­we­zä gi­riz­di. Du­şu­şy­gyň 45+10-njy mi­nu­tyn­da ýa­pon to­pa­ry­nyň der­we­ze­çi­si Wil­li­am Popp gy­zyl kart al­dy. Şun­luk­da, 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 6–3 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Al-Ain» to­pa­ry 2003-nji ýyl­dan soň 3-nji ge­zek AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Ar­gen­ti­na­ly Her­nan Kres­po­nyň tä­lim ber­ýän to­pa­ry bu ku­bo­gy 2-nji ge­zek ga­za­nan 14-nji klub hök­mün­de bel­li­ge alyn­dy. Ýa­pon klu­by «Ýo­ko­ha­ma F. Ma­ri­nos» to­pa­ry-da 34 ýyl­dan soň çy­kan 2-nji fi­na­lyn­da-da ku­bo­gy ga­za­nyp bil­me­d

Sport — dostluk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ýurdumyzyň sport mümkinçilikleri dostlukly hyzmatdaşlygy, parahatçylygy ösdürmek bilen utgaşyklylykda uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz ýurdumyzda 24-nji maýda geçirilen  GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde sportly Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi sebitde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge  täze itergi berýän taryhy waka boldy. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň jebisleşmeginde sport boýunça hyzmatdaşlyga  möhüm ornuň degişlidigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek baradaky teklibi agza döwletler tarapyndan giňden goldanyldy.

Sport mekdepleriň bäsleşigi

Ýurdumyzyň ähli sport mekdepleriniň arasynda yglan edilen  «Bagtyýarlyk döwrüniň sport mekdebi», «Iň oňat usulyýet otagy», «Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdepleri» atly bäsleşikleriň jemi jemlenildi. Onda «Iň oňat usulyýet otagy» ugry boýunça 1-nji orna Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebi, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 1-nji sport mekdebi, 3-nji orna Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebi mynasyp boldy.

Suwçy obasynyň woleýbolçy gyzlary

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

Ynsan üçin ähmiýetli ulag «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden Kararnamasy esasynda, her ýylyň 3-nji iýunynyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilenine alty ýyl dolýar. Şondan bäri her ýyl bu sene dünýäniň ähli künjeginde ýokary derejede bellenilip gelinýär.

Türgenlerimiziň üstünlikleri

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» stadionynyň döwrebap meýdançasynda Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň guramagynda milli ýygyndy toparymyzyň düzümini has-da berkitmek, güýçli türgenleri ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, halkara ýaryşlaryna taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Geçirilýän bäsleşikleriň ählisine-de işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, halypa tälimçi, podpolkownik Maksatmyrat Ekberdiýewiň taýýarlan türgenleri bu çempionata hem işjeň gatnaşyp, özleriniň ussatlyklaryny ýene bir ýola görkezmegi başardylar. 200 metr aralyga ylgamakda günsaýyn ýokary netijeleri görkezýän milli ýygyndymyzyň düzümine täze goşulan sport ussady, harby talyp Abdyrahman Nurgeldiýewiň sport ussatlaryndan ybarat bolan milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen bäsleşip, baýrakly 3-nji orny eýelemegi harby türgenleriň buýsanjyny has-da artdyrdy. 400 metr aralyga ylgamakda bolsa, bäsdeşlerinden has-da tapawutlanmagy başaran harby talyp Agamämmet Agageldiýew ilkinji gezek ýurdumyzyň çempionlygyny gazandy. Şeýle-de harby talyp Wepa Döwletmyradow hem baýrakly 3-nji orna mynasyp boldy.

Sport syýasaty rowaçlanýar

Uly ynamyň çözgüdi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz bu günki gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary we dürli sport desgalary sport syýasatyny durmuşa geçirmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýy guwançly belentliklere çykýar. Muňa türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda we halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär.

Bedenterbiýe hereketi işjeň ösýär

Welosportuň ýurdumyzdaky taryhy 1894-nji ýylda Aşgabatda welosipedçileriň jemgyýetiniň döredilmegi hem-de şondan bir ýyl soň ilkinji gezek welosiped ýaryşynyň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. 2018-nji ýylda merjen paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosiped sürmek boýunça iň köp sanly watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi hem-de dünýä rekordy goýuldy. Şeýle hem 2019-njy ýylda 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişi geçirilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmenistanda yzygiderli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi üçin köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi işjeň ösýär. Halkyň abadançylygy, adamlaryň beden we ruhy saglygy, fiziki taýdan güýçli, akyl taýdan ösen, giň düşünjeli ýaşlaryň terbiýesi baradaky aladalar ýurdumyzda iň möhüm döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy.

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

Halypanyň şowly menzilleri Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şu işlerde welosiped sporty meşhurlygy bilen tapawutlanyp, ol ilatyň, türgenleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Indi dürli aralyklara welosipedli ýörişler köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi taryhy waka bolup, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolupdy. Indi her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär.

Sagdyn durmuşy, sporty dabaralandyrýan baýram

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Her ýylyň 3-nji iýunynda Ýer ýüzüniň çar künjeginde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde aýratyn sarpa, söýgi bilen garşylanyp, ählihalk derejesinde giňden toýlanýar. Munuň şeýle bolmagy, elbetde, bu halkara baýramyň döredilmeginde biziň ýurdumyzyň öňe süren başlangyjynyň durýanlygyndadyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň dünýä ýüzünde at-abraýynyň belentdigini ýene bir ýola görkezmek bilen birlikde, Ýer ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň ýaýbaňlanmagy babatda hem ýurdumyzda nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martynda geçirilen 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa, bu hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrdy. Bu taryhy çözgütl

Ikinji aýlaw tamamlandy

Futbol Milli futbol çempionatymyzyň ikinji aýlawynyň soňky iki tapgyry hem gyzykly oýunlary peşgeş berdi. Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» topary 17-nji tapgyrdaky duşuşygyny Aşgabatda «Köpetdag» bilen geçirip, onda ýer eýelerinden Myrat Ýagşyýewiň 6-njy minutda derwezä girizen pökgüsi oýnuň ykbalyny kesgitledi.