Talyp türgenleriň üstünligi

31 Maý 2024
148

11 – 17-nji maý aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabatda «Merkezi Aziýanyň Woleýbol Assosiasiýasynyň Milletler Ligasy» geçirildi. Bu ýaryşa Aziýanyň alty döwletinden toparlar gatnaşdy. Deslapky tapgyrda şowly çykyş eden ildeşlerimiz finala çykmagy başardylar. Finalda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen ýer eýeleri duşuşdy. Netijede türkmen woleýbolçylary ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldular.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň woleýbol toparynda çykyş edýän Baýram Weýisow, Bagtyýar Hemrakulyýew, Arslan Ballykow, Akmyrat Döwletow, Tirkiş Nurgeldiýew, Didar Nuryýew ýaly ökde oýunçylaryň milli ýygyndymyzyň esasyny düzendigi buýsandyrýar. Ýeri gelende bellesek, ýokary okuw mekdebimiziň woleýbol hem-de futzal toparlary ýurt möçberindäki Uniwersiadada hem üstünlikli çykyş edip gelýärler.

Watan ATAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Talyplar sport klubunyň başlygy.
Beýleki habarlar