Gündogaryň görnükli ymmatlyklary

4 Aprel 2023
999

Gadymy Lebap topragynda saklanyp galan, Begiň galasy — Zemm gala ady bilen belli bolan taryhy-medeni ýadygärligi Kerki etrabynyň Kerkiçi şäheriniň çäginde ýerleşýär.

Onuň esasy medeni gatlagy Erk (içki) galasy ýadygärligiň tas 2 gektara golaý meýdanyny tutup, ol adaty medeni gatlaklara garanda, 20 metr çemesi belentlikde esaslandyrylypdyr. Öz zamanynda bu ýadygärlik derýadan geçmek üçin örän amatly ýerleriň hem-de şäherleriň biri hökmünde tanalypdyr. Sebäbi şäher Horasan — Mawerennahr aralygynda hereket eden kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşipdir.

Rejep JOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýadygärlikleri öwrenmek we wagyz etmek bölüminiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar