Tebigatyň durky, zeminiň görki

29 Mart 2023
773

Ýurdumyzda arça, serwi, senuber, alma, erik, armyt, ülje, tut, çynar, kerkaw, dagdan, söwüt ýaly dürli miweli, pürli we bezeg agaçlaryny ekmäge, köpeltmäge uly üns berilýär. Çünki tebigatyň baýlyklarynyň arasynda baglar ýaşaýyş üçin iň möhüm zerurlyklary üpjün edýärler. Baglar — tebigatyň durky, zeminiň görki, gözelligiň, ýaşaýşyň, eşretli durmuşyň gözbaşy.

Her ýylda ekilýän baglar, güller güneşli Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly görk berýärler. Şeýle gözellikleri döretmäge, ýurdumyzy gür baglyga öwürmäge ýardam berýän pürli agaçlaryň biri-de türkmen arçasydyr. Ol 700 ýyla çenli ýaşap bilýär. Dag eňňitleriniň yzgarlylygyny saklamaga ukyply bolan bu baglaryň gür ösýän ýerlerinde ýagan ýagynyň, ýere düşen garyň köpüsi top-raga siňýär. Şeýlelikde, türkmen arçasy dagdan sil gelmeginiň öňüni almaga ýardam edýär, topragy ýumrulmadan goraýar. Tutuş ýylyň dowamynda, ähli pasyllarda gök öwsüp oturan arçalaryň pürleri we miweleri dermanlyk häsiýete eýedirler. Örän berkligi bilen tapawutlanýan arçalaryň howany arassalamakda getirýän peýdasy hem uludyr.

Durdymyrat GARAGULOW,
Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar