Döredijilik bäsleşigi geçirildi

29 Mart 2023
1007

Türkmen oba hojalyk institutynda döredilen «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO-nyň klubynyň açylmagy mynasybetli dabaraly maslahat hem-de talyplaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň binýadynda döredilen «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO-nyň klubyny has-da baýlaşdyrmak, onda bar bolan maglumatlaryň üstüni ýetirmek maksady bilen, talyplaryň arasynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Şemşat ÇARYÝEWA,
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklaýyn utgaşdyryjysy.
Beýleki habarlar