Parfiýanyň taryhy şöhraty

29 Mart 2023
961

Bitarap döwletimiziň belent ruhunda gaýtadan dikeldilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy martda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna ses bermäge baranda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna hem jogap berdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz şöhratly taryhymyzyň dikeldilýändigine ünsi çekip, ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde R.Pampelli, M.Masson, W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň, taryhçylaryň, arheologlaryň iş alyp barandygyny buýsanç bilen belläp, şeýle diýdi: «Taryhçy alymlaryň ýadawsyz zähmeti arkaly türkmen halkynyň şöhratly taryhy dikeldilýär. Aşgabadyň eteginde gadymy Parfiýa patyşalygynyň Nusaý galalary ýerleşýär. Parfiýa kuwwatly döwlet bolup, Hytaýdan Hazar deňzine çenli bolan aralykda adalaty dabaralandyrypdyr. Häzirki döwürde alymlar, arheologlar Parfiýa patyşalygynyň Nusaý galalarynda gazuw-agtaryş işlerini, ylmy seljermeleri geçirip, bu döwletiň öz döwründe bitarap ýurt bolandygyny ykrar edýän maglumatlary tapdylar...».

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf.
Beýleki habarlar