Adalatly hökümdaryň waspy

24 Mart 2023
865

Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Men türkmen soltanlarynyň adalata sygnyp, dünýäde şöhratlanan döwletleri gurandyklaryny uly buýsanç bilen belleýärin» diýip ýazýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen soltanlarynyň dünýäde şöhratly döwletleri adalatly dolandyrmaklary halkyň asuda hem abadan durmuşyny üpjün edip, hökümdarlaryň at-abraýyny has-da beýgeldipdir. Adalatlylygy, watansöýüjiligi bilen taryhymyzy şöhratlandyran beýik şahsyýetleriň biri-de, Oguz hanyň neslinden bolan baýyndyrlaryň guran Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň hökümdary Uzyn Hasandyr.

Uzyn Hasan 1453-nji ýyldan 1478-nji ýyla çenli çärýek asyryň dowamynda Akgoýunly türkmenleriň döwletine hökümdarlyk edipdir. Onuň dolandyran döwründe Akgoýunly türkmenleriň şadöwleti imperiýa derejesine ýetip, döwletiň çäkleri Horasandan Garamana, Kura derýasyndan Pars aýlagyna çenli ýetipdir. Merkez Diýarbekir şäherinden Töwrize geçirilipdir.

Hurma ÇOMMADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar