Möhüm syýasat üstünlikli amala aşyrylýar

22 Mart 2023
692

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyny gazanmak maksady bilen her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekişlik dabarasy indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu köpýyllyk işiň aýdyň netijeleri görünýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň meýdanlarda ynsan eli bilen döredilen tokaýlyklar ýaýylyp gidýär. Giň tokaý zolaklary her bir şäheriň, ilatly ýeriň töwereginde peýda bolýar, ak mermerli paýtagtymyzda, Köpetdagyň eteginde bagy-bossanlyklar döredilýär.

Tokaý zolaklaryny döretmek işi hormatly Prezidentimiziň kabul edýän Kararlary bilen kadalaşdyrylýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işiniň barşy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýar, bu mesele Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hem-de wideoşekilli iş maslahatlarynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Hünärmenleriň tassyklaýşy ýaly, hatda iň döwrebap himiki barlaghana hem, tebigatdaky ýaly, şeýle kämil we düzümi boýunça dürli birleşmeleri sintezlemäge ukyply däldir. Tebigat özüniň «ýaşyl laboratoriýalarynda» emeli ýol bilen döretmek mümkin bolmadyk maddalary öndürýär. Geçirilýän işleriň möçberleri haýran galdyrýar. Giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek işine saldamly goşantdyr, çünki ýaşyl zolaklar ýurduň ilaty üçin amatly howa ýagdaýyny döredýär.

Resul IŞANOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar