Türkmenistan – bagy-bossan

20 Mart 2023
790

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda»  toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp, olar halkymyzyň bagtyýar, abadan, asuda, bolelin durmuşyň hözirini görýändiginiň özboluşly subutnamasy bolup dabaralanýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz rowaçlanyp, milli gymmatlyklarymyz sarpalanýar. Her ýyl bahar paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylykly geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek hem-de ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bag ekmegiň ýazky möwsümine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Munuň özi ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamak meselesiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyna aýdyň şaýatlyk etdi.

Goý, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar